Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Awtobusa garaşýan ýolagçylar.
Şu hepdäniň başynda türkmen metbugaty Türkmenistanda döwlet syýasatynyň iler tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hem ulag ýollaryny ösdürmek bolup durýar diýip habar berdi. Şeýle-de, maglumatda zerur bolan düzümi ösdürmek boýunça uly işler geçirilýär diýilýär.

Emma Türkmenistanyň käbir sebitlerinde transport ulgamy bilen baglanyşykly käbir problemalaryň bardygy hakynda Azatlyk Radiosyna wagtal-wagtal maglumatlar gelip gowuşýar.

Şeýle problemalaryň biri hem Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde göze ilýändigi aýdylýar. Ýagny, bu şäherde awtobus, miniawtobus gatnawlarynyň ýetmezçilik edýändigi, olaryň belli bir tertipde gatnawlary amala aşyrmaklarynda bökdençlikleriň bardygy bellenilýär.

Türkmenabat şäheriniň transport gatnawlaryndaky käbir bökdençlikler barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Osman Hallyýewiň taýýarlan maglumatyny diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:14 0:00
Ýükle
Aşgabatdaky täjirçilik merkezleriň biri.
Türkmenistanda şu ýylyň 1-nji martyndan başlap, raýatlaryň öz ýany bilen 20 müň amerikan dollardan artykmaç möçberde nagt puly ýurduň daşyna çykarmagy gadagan edilipdi. Bu düzgüniň näme sebäpden girizilendigini anyklamak başartmady.

Emma mundan ozal ýurduň daşyna gidýän adamlar 20 müň dollardan köp nagt puly Türkmenistandan çykaryp bilýärdiler. Bu düzgün güýje gireli bäri, aradan birnäçe aý geçdi.

Eýsem, bu düzgün söwdegärlere we işewürlere nähili täsirini ýetirdi?

Azatlyk Radiosy bu mesele bilen gyzyklanyp, aşgabatly graždan aktiwisti Nurberdi Nurmämmet bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:33 0:00
Ýükle

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG