Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Türkmenistandaky mekdepleriň birinde geçirilýän ene-atalar ýygnagy.
Türkmenistandan gelip gowuşýan maglumatlara görä, Lebap welaýatyndaky orta mekdepleriň käbirlerinde mugallymlar mekdebe gerekli enjamlary almak ýa-da ony remont etdirmek üçin okuwçylaryň ene-atalaryndan pul ýygnaýarlar. Maglumatlara görä, okuwçylaryň ene-atalaryndan alynýan puluň möçberi her mekdepde dürli-dürli bolup, ol 5-6 manat aralygyndadyr.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy Osman Hallyýewiň taýýarlan maglumatyny diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:10 0:00
Ýükle
Türkiýäniň we Türkmenistanyň baýdaklary
Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow Türkiýä iki günlük resmi saparyna başlady. Türkmen mediasyna görä, 2-5-nji iýun aralygynda geçirilýän bu saparyň dowamynda iki ýurduň hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça ençeme ylalaşyklara gol çekilmegine garaşylýar. Emma Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasynda şu günki gün bar bolan problemalaryň biri bolan zähmet migrasiýasy we bikanun migrasiýa temasynyň ýokary derejeli gepleşiklerde maslahat edilip-edilmejegi barada habar berilmedi.

Türkiýe Türkmenistanyň raýatlarynyň gazanjyň gözleginde iň köp gidýän ýurtlarynyň biridir, emma türkmen zähmet migrantlarynyň sany barada resmi maglumat berilmeýär.

Şu günki gün Türkiýede ýaşaýan we zähmet çekýän türkmenler nähili kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar? Azatlyk Radiosy bu sowaly Türkiýede işläp ýören türkmenlere berdi.
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:00 0:00
Ýükle

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG