Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Türkmenistanyň aýdym-saz toparlarynyň biri.
Şu gün Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda Medeniýet hepdeligi başlandy. Türkmen metbugatynda çykýan maglumatlarda iýun aýynyň 23-29 aralygynda geçiriljek bu hepdeligiň Türkmenistanyň medeniýet pudagyndaky soňky ösüşlere üns çekmäge gönükdirilendigi bellenilýär.

Emma ýurtdan gelip gowuşýan maglumatlarda bu hepdelikde esasan, ýurduň alyp barýan syýasaty wasp edilýändigi aýdylýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Osman Hallyýewiň taýýarlan maglumatyny diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:20 0:00
Ýükle
Kitaplar
Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynda neşirýat, çaphana işinde uly mümkinçilikleriň döredilendigi aýdylýar. Şol bir wagtda türkmen ýazyjylarynyň bir toparynyň resmi taýdan yglan edilmedik gara sanawa salnyp, kitap neşir etmekden, okyjylaryna täze eserlerini hödürlemekden mahrum bolandygy hem aýdylýar.

Ýöne soňky ýyllar bu diýilýän gadaganlygyň birneme gowşandygy, käbir ýazyjylaryň eserleriniň döwlet neşirýatlarynda çap edilip, okyjylara ýetirilendigi barada hem habarlar gelip gowuşýar.

Eýsem şu günki günde türkmen ýazyjylarynyň täze eserleriniň kitap edilip çykarylmagynda nähili ilerlemeler ýa-da bökdençlikler bar?

Azatlyk radiosy bu barada Şwesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy, Türkmenistanda çykýan kitaplar bilen içgin gyzyklanýan neşirýatçy Akmuhammet Welsapar bilen söhbetdeş boldy.
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:40 0:00
Ýükle

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG