Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Alty Garlyýewiň "Aýgytly ädim" kartinasyndan surat, Aýnanyň roluny ýerine ýetiren Žanna Smelýanskaýa.

Türkmen kino sungatynyň iň meşhur eserleriniň biri “Aýgytly ädim” kartinasyny görmedik, onda esasy rollary ýerine ýetiren Baba Annanowy, Žanna Smelýanskaýany Türkmenistanda bilmeýän ýok bolsa gerek. Berdi Kerbabaýewiň edebi eseriniň esasynda döredilen “Aýgytly ädim” kartinasynda Aýnanyň roluny ýerine ýetiren Žanna Smelýanskýa Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş boldy we türkmen kino sungaty barada öz pikirleri bilen paýlaşdy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi, Orsýetiň at gazanan sungat işgäri, Orsýetiň Teatr sungat akademiýasynyň professory, balet artisti, pedagog Žanna Smelýanskaýa bilen geçirilen söhbetdeşligi dykgatyňyza hödürleýäris.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda kino sungatynyň ösüşi bilen bagly iň möhüm döwür, siziň pikiriňizçe, haçan bolupdy?

Žanna Smelýanskaýa: Meniň pikirimçe, Alty Garlyýewiň döredijiliginiň başlanan döwrüni we türkmen kinosynda beýik ors aktrisasy Nina Alisowanyň oýnan döwrüni bellemek mümkin. Şeýle-de uruş döwründe “Mosfilm” kinostudiýasynyň Sowet Soýuzynyň üç respublikasyna ewakuasiýa edilmegi bilen bagly döredijilik döwürlerini bellese bolar. Kinostudiýanyň bir bölegi Daşkende, ýene bir bölegi Almaty şäherine we ýene biri-de Aşgabada göçürilipdi. Aşgabada kino sungatynyň ägirtlerinden Mark Donskoý barypdy. Ine, moskwaly kinematografistleriň barmagy bilen uruş ýyllarynda Türkmenistanda kino sungatynyň güýçli ösüş döwri başlanypdy.

Azatlyk Radiosy: Žanna Leonidowna, siziň türkmen kinosynda karýeraňyz haçan başlandy?

"Aýgytly ädim" katinadan surat
"Aýgytly ädim" katinadan surat

Žanna Smelýanskaýa: “Aýgytly ädim” meniň kinodaky ilkinji işim boldy. Men 1946-njy ýylda Moskwada artistleriň maşgalasynda doguldym. Meniň ejem we kakam meşhur horeograf Igor Moiseýewiň ansamblynyň solist tansçylarydy. 1959-njy ýylda meniň kakamy Türkmenistana türkmen ansamblyna ýolbaşçylyk etmek üçin çagyrdylar. Men Aşgabada 1963-nji ýylda tans toparynda işlemek üçin bardym. Men çagalykda horeografiýa bilen meşgullanýardym. Aşgabatda horeografiýa mekdebinde okadym we tans ansamlynda işledim.

1964-nji ýylda meni Alty Garlyýew “Aýgytly ädim” filmi üçin geçirilen synaglara çagyrdy. Mende drama aktýorlygyna degişli tejribe bolmansoň, synagda diňe tans etmek bilen oňdum. Synagda Aýnanyň gije Artyk bilen duşuşyga çykyşyny görkezmelidi, men bolsa gara oýden çykyp garaňkyda duşuşyga çykyşymy balet şekilli tans bilen görkezdim. Çeperçilik geňeşi maňa düýpgöter garşy çykyş etdi we diňe Alty Garlyýewiň tutanýerliligi, “ol filme gatnaşmasa, men kartinany aljak däl diýmegi, meniň kartinada oýnamagyma Çeperçilik geňeşiniň zoraýakdan rugsat bermegine getirdi. Alty Garlyýew örän güýçli režissýordy ol her bir aktýor bilen düýpli işleşýärdi. Biziň ählimiz, onuň bilen işleşmegiň netijesinde, döredijilik taýdan ösýärdik.

"Aýgytly ädim" katinadan pursat
"Aýgytly ädim" katinadan pursat

Azatlyk Radiosy: Türkmen kino sungaty ajaýyp eserleri döreden onlarça režissýorlary we aktýorlary bilen tanalýar. Emma soňky 20 ýylyň dowamynda il içinde meşhurlyk gazanan täze atlar göze ilmeýär. Türkmen kino sungatyna näme boldy diýip pikir edýärsiňiz?

Žanna Smelýanskaýa: Türkmenistanda kino sungatyna näme bolanyna düşünmeýärin. Men Turkmenistana soňky sapar merhum prezident Nyýazowyň çakylygy boýunça ýurduň garaşsyzlygynyň 5 ýyllygy mynasybetli barypdym. Şonda meniň atama, ýagny baletmeýster Leonid Smelýanska, ýogalanyndan soň, Türkmenistanyň Halk artisti diýen ady berdiler. Maňa bolsa meniň horeografiýa tans sungatynda bitiren işim üçin Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri diýen ady berdiler. Emma bu sylag kino sungatyna degişli bolmady. Şeýlelikde meniň “Aýgytly ädim” üçin Magtymguly baýragyndan soň Türkmenistanda alan iň beýik baýragym halk söýgisi boldy. 1964-nji ýyldan bäri dowam edýän bu süýgini men şu güne çenli duýýaryn we bu meni örän bagtly edýär.

Azatlyk Radiosy: “Aýgytly ädim” ýaly eserleriň meşhurlygyny siz nämeden görýärsiňiz? Sungatyň halk tarapyndan kabul edilmegi üçin näme etmeli?

Žanna Smelýanskaýa: Meniň pikirimçe, düýnki sungaty şu günki sungatdan tapawutlandyrýan esasy zat - onda girdejiniň, puluň gatnaşygynyň agdyklyk etmeýänligidir. Öň sungata hyzmat eden adamlar hiç kimiň göwnüni tapjak bolmandylar. Olar hiç kimiň öňünde öz mertebesini kiçeltmeýärdiler. Olar obrazy döretmek ideýasyna hyzmat edýärdiler we beýik ahlagy wagyz edýärdiler. Olar näçe pul gazanjagy barada däl-de, [ideýany], pikiri [adamlara] ýetirmek barada oýlanýardylar, olar çeper obrazy öz ýüreklerinde besleýärdiler. Hiç bir ideýa, eger ýürekden çykmasa, ýürekde beslenmese, tomaşaça, diňleýjä we okyja ýetmeýär. Ol döwürde [sungaty] tüýs ýüregi bilen duýýan we muny tomaşaça ýetirmek isleýän hem-de tomaşaçyny gowulyga tarap özgertmäge çalyşýan ussatlar sungaty döredýärdiler.

Turkmenistan -- TV's are in garbage in Ashgabat, 16Feb2013

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda paýtagtdagtdaky, şol sanda “Watan”, “Türkmenistan” kinoteatrlarynyň durknuň täzelenmegi bilen, bu ýerlerde her gün diýen ýaly üç seansda, ýagny üç gaýta kinofilmler görkezilip başlandy. Emma bu kinofilmleriň aglabasy rus dilindäki daşary ýurt filmleri. Kinoteatrlarda Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň kinofilmleri görkezilýän-de bolsa, olaryň täze çykanlarynyň sany örän az.

Paýtagtyň “Aşgabat” kinoteatrynda iýun aýynda görkezilýän çeper lentalaryň sanawynda täze surata düşürildi diýip hasaplap bolaýjak iki sany türkmen kinofilmi bar. Olaryň biri geçen ýyl düşürilen serhetçi esgerleriň gulluk durmuşy baradaky “Serhet” filmi, beýlekisi-de 2012-nji ýylda düşürilen atçylyk baradaky “Seýis” atly film.

Aşgabataky "Watan" kinoteatry
Aşgabataky "Watan" kinoteatry

Kinoteatryň işgärleriniň aýtmaklaryna görä, şol filmler hem o diýen tomaşaçylary gyzyklandyryp baranok. Bu filmler bir aýlap afişada atlary görkezilýän bolsa-da olaryň seanslary, tomaşaçy bolmansoň, köplenç ýatyrylýar.

“Türkmenistanyň çykaran filimlerini görýän ýok. Şu iki film başda prokata goýberilende, tomaşaçylary kinoteatra mejbury getirip, tomaşa etdirdiler. Şondan soň bu filmlere tomaşa etmäne gelen adam ýok” diýip, “Aşgabat” kinoteatrynyň işgäri aýdýar.

Şol bir wagtda hem Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň filmleriniň ýurtda giňden ýaýran wideoprokatlarynyň müşderileriniň arasynda hem o diýen köp gyzyklanma döretmeýändigini Parahat mikroraýonyndaky wideoprokadyň eýesi Aşyr gürrüň berýär.

Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň telefilm ýa-da wideofilm görnüşinde düşürilýän önümleriniň käbirleri telewideniýe arkaly hem görkezilýär. Ýaňy-ýakynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllyk ýubileýi mynasybetli doly metražly “Magtymguly” atly täze kinofilm görkezildi. Belläp geçsek, döwlet tarapyndan surata düşürilýän türkmen filmleriniň aglabasy häzirki döwri mahabatlandyrjy äheňde döredilýär.

Hususy studiýalar

Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň filmlerinden tapawutlylykda ýurtdaky hususy studiýalaryň filmleriniň tomaşaçylaryň arasynda uly gyzyklanma döredýändigi aýdylýar. Şeýle hususy studiýalaryň biri ýaňy-ýakynda özüniň “Ýalňyzlyk” atly filmini çykardy. Bu film iki ýaş juwanyň söýgüsinden söhbet açýar. Mundan başga-da, il içinde “marylylaryň kinolary” diýlip atlandyrylýan Marydaky hususy studiýalaryň öndüren kinofilmleri hem bar.

Hususy studiýalaryň filmleriniň uly gyzyklanma döredýändigi aýdylýar.
Hususy studiýalaryň filmleriniň uly gyzyklanma döredýändigi aýdylýar.

Emma bu filmleriň hiçisi hem kinoteatrlarda ýa-da telewideniýe arkaly görkezilmeýär. Bu filmleri, esasan, wideoprokatlardan tapyp bolýar. Bu filmleriň aglabasynyň sýužeti söýgi barada. Olaryň käbirleri hindi filmlerindäki ýaly aýdym-saz we tans bilen bezelýär.

Hususy studiýalaryň filmleri tomaşaçylar tarapyndan uly gyzyklanma bilen garşylanýan-da bolsa, paýtagtly medeniýet işgäri Ýakubyň pikiriçe, şol kinofilmleriň hili höwesjeňlik derejesinde. Filimleriň tehniki taýdan surata düşürilişiniň, senarileriniň hiliniň pesdigini hem-de olarda oýnaýan artsitleriň höwesjeňlik derejesindedigini medeniýet işgäri aýdýar.

Mundan başga-da Türkmen telewideniýesiniň telekanallary hem iň bolmanda ýylda bir gezek bir telewizion filmi surata düşürýär. Hususan-da, täze ýyl baýramçylygy mynasybetli wäşileriň gatnaşmagynda düşürilýän bu hili telefilmler tomaşaçylaryň arasynda uly gyzyklanma döredýär. Şeýle-de, az hem bolsa, telekanallaryň käbirlerinde teleseriallar hem görkezilip başlandy. Şolaryň iň soňkysynyň ady “Ýediniň enesi”.

Şol bir wagtda-da Parahat mikroraýonyndaky wideoprokatyň eýesi Aşyryň aýtmagyna görä, sowet döwri düşürilen “Aýgytly ädim”, “Japbaklar”, “Ykbal”, “Aşyr aganyň mekirligi” we “Ýuwaş gelin” ýaly filimlere häzirki wagtda-da ilat uly gyzyklanma bilen tomaşa edýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, ýurtda kinoindustriýanyň ýagdaýy, düşürilýän ýa-da düşürilen täze filmler barada gürrüň berýän ne telegepleşikler bar, ne-de ýörite gazet-žurnallar neşir edilýär.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG