Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Owganystan, neşä garşy göreş

Soňky ýyllarda Türkmenistanda neşe maddalarynyň bikanun dolanyşygyna, söwdasyna we ulanylmagyna garşy giň gerimli göreşiň ýaýbaňlandyrylandygy aýdylýar.

Şol bir wagtda Türkmenistan üstünden neşe geçirilýän ýurtlaryň hatarynda agzalýar.

Eýsem Türkmenistanda neşekeşlige garşy göreş nähili netijeleri berdi we bu meselede ýene nähili işleriň edilmegi gerek?

Aztylyk radiosy bu sorag bilen aşgabatly ýerli synçy Nurberdi Nurmmämedowa ýüzlendi.

please wait

No media source currently available

0:00 0:03:36 0:00
Ýükle

Mommak Kulyýew nemes gazetinde

Garaşsyzlyk ýyllarynda, has dogrusy 17 ýyl mundan ozal Türkmenistandan Germaniýa göçen türkmen hudožnigi Mommak Kulyýew şu ýylyň özünde dört sergisini gurnandygyny we ol sergileriň köp adamly bolandygyny gürrüň berýär.

Mundan öň ol sergileriniň Oksfordda, Londonda, Mýunhende, Berlinde, Wenada hem gurnalandygyny aýtdy.

Mommak Kulyýew Aşgabatda çeperçilik uçilişesinde bilim aldy, 1974-nji ýylda Sowet Soýuzynyň Hudožnikler birleşiginiň agzalygyna kabul edildi, Gazagystanyň Çeperçilik Akademiýasynyň akademigi.

Azatlyk Radiosy 66 ýaşyndaky türkmen hudožnigi bilen telefon arkaly söhbetdeş bolup, onuň sergileri we indiki döredijilik planlary barada gürrüň bermegini sorady.

please wait

No media source currently available

0:00 0:04:18 0:00
Ýükle

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG