Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Karikatura çekip oturan adam.

Garaşsyzlykdan öň ýa-da garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda Türkmenistanda satiriki žanry meşhur bolup, ýurtda birnäçe ilsöýer satirikler we wäşiler bardy. Emma soňky ýyllarda olaryň ýurtda “gara sanaw” diýlip aýdylýan sanawa salnyp, olaryň öz sungatlaryny erkin amala aşyrmaklaryna garşy ýollaryna käbir böwetleriň goýulandygy aýdylýar.

Emma ýurtdan gelip gowuşýan maglumatlarda ilat arasynda käbir höwesjeň adamlaryň öz hasaplaryna, öý şertlerinde diýen ýaly satiriki wideolary ýazga düşürip, olary ýaýradýandyklary aýdylýar.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy Osman Hallyýewiň taýýarlan maglumatyny diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

please wait

No media source currently available

0:00 0:02:12 0:00
Ýükle

Öri meýdandaky sygyrlar.

25-nji ýunda Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda täze maldarçylyk toplumy açyldy. 9 gektar ýerde gurlan bu toplumyň kuwwaty ýylda 2 müň tonna süýt we süýt önümlerine, 30 müň tonna et önümçiligine barabar, diýip türkmen metbugatynda bellenilýär.

Maglumatda bu toplumyň ygtyýaryna ot iýmlik ekinleri ýetişdirmek üçin 400 gektar meýdan bolup, onda ýorunjanyň, mekgejöweniň we arpanyň ekilendigi, hojalygyň geçileri üçin ot iýmleriň ösdürilip ýetişdirilýändigi aýdylýar.

Emma ýurduň käbir beýleki sebitlerinde bolsa, maldarçylyk bilen meşgullanýan käbir ýaşaýjylar döwlet tarapyndan satylýan mal iýmlerini almakda kynçylyk çekýändiklerini aýdýarlar.

Mary welaýatynyň Mary etrabyndan 35 ýaşly öý hojalykçy zenan Sabyr Gurbanowa bu meselede ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

please wait

No media source currently available

0:00 0:02:17 0:00
Ýükle

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG