Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Ekin meýdany.
Türkmenistandan gelip gowuşýan maglumatlarda ýurduň ekin meýdanlarynda suw ýetmezçiliginiň duýulýandygy aýdylýar. Şeýle ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolýan sebitleriň biri hem Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Azarow daýhan birleşigidir.

Bu daýhan birleşigiň özüni Sähragül diýip tanyşdyran ýaşaýjysynyň berýän maglumatyna görä, suw ýetmezçiligi sebäpli daýhan birleşikdäki birnäçe agaç we ekin meýdany gurapdyr. Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Azarow daýhan birleşiginden özüni Sähragül diýip tanyşdyran öý hojalykçy zenan bilen geçiren söhbetdeşligini diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:22 0:00
Ýükle
Transformater.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň elektrik stansiýasynyň açylyp, işe girizilenine bir aý boldy.

Ýurtdan gelip gowuşýan maglumatlara görä, elektrik stansiýanyň açylmagy bilen bu pudakdaky bökdençlikleriň soňuna ýetiler diýip pikir eden ýaşaýjylaryň bu umydy puja çykypdyr. Sebäbi howanyň gyzmagy bilen welaýatda elektrik togy gaýtadan kesilip başlapdyr.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy Osman Hallyýewiň taýýarlan maglumatyny diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:34 0:00
Ýükle

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG