Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Aşgabatdaky "Ruhnama" mekdebi.
Türkmenistanda Tehnologiýalar merkezi, Biologiýa we derman ösümlikleri instituty, Gün energiýasy instituty, Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty döredildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bular baradaky degişli kararlara anna güni geçiren hökümet maslahatynda gol çekdi.

Türkmen telewideniýesiniň maglumatyna görä, prezident Berdimuhamedow türkmen döwletiniň mundan beýläk-de ýurduň ylym we bilim ulgamlaryny ösdürmek, degişli düzümi döwrebaplaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berjekdigini nygtapdyr.

Ykdysadyýet bilen ylmyň baglanyşygy

Şeýle-de ol täzelikleri we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, dürli ugurlarda ylmy barlaglary höweslendirmäge, ykdysadyýetiň pudaklary bilen ylmyň arabaglanyşygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen ylmy-tehniki syýasaty durmuşa geçirjekdigini aýdypdyr.
Mundan başga-da, uly kärhanalarda gysga wagtlyk, mysal üçin, alty aýlyk okuwlary guramaly.
G.Berdimuhamedow


Mundanam başga prezident, Ministrler kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, häzirki döwürde ýurtda başlangyç we orta hünär bilimli işgärleriň örän ýetmezçilik edýändigini boýun aldy.

Ol bu meseläni çözmek üçin, täze ýyldan başlap, ýurtdaky başlangyç we orta hünär mekdeplerine kabul edilýän okuwçylaryň sanyny artdyrmagy tabşyrdy.

Gysga wagtlyk okuwlar

«Mundan başga-da, uly kärhanalarda gysga wagtlyk, mysal üçin, alty aýlyk okuwlary guramaly» diýip, prezident bu çäreleriň ýaşlaryň bilimli, terbiýeli bolup ýetişmeklerine hem-de ýurduň ykdysadyýetine zerur bolan hünärleri ele almaklaryna ýardam berjegini belledi.

Türkmen prezidenti Ministrler kabinetiniň mejlisinde ýurtda alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň derejesi barada hem durup geçdi.

«Häzirki döwürde Ylymlar akademiýasy ylmy gözlegleri alyp barmagy hem-de şol sanda ylmy barlag işlerini geçirmegi guramak bilen örän hem ýaramaz meşgullanýarlar» diýip, prezident Berdimuhamedow bu ugurdaky kanunçylygyň kämilleşdirilmelidigine ünsi çekdi.
Medeniýet öýüniň hemişe diýen ýaly boş duran zaly. Türkmenbat, mart, 2014
Garaşsyzlyk etrabyna barýan ýolagçylaryň bada-bat daşky görnüşi bilen ünsüni çekýän bina ýakynda gurlup ulanmaga berlen täze medeniýet öýi diýseň, meger ýalňyş bolmaz. Sebäbi ol bina etrabyň merkezi şäherçesiniň derwezesine ýakyn ýerde ýerleşýär hem-de etraba barýan uly ýoluň gyrasynda.

Bu ymaratyň içinde 20-den gowrak otag we 182 adamlyk zal bar, ol zalyň hem deňli-derejeli sahnasy bar. Jaýyň içi täzeliginden ýaňa lowurdap dur, diwarlary bolsa dürli türkmen bagşylarynyň, ýazyjy-şahyrlarynyň, türkmen saz gurallarynyň suratlary bilen bezelen. Gürrüňi edilýän zal we tutuşlygyna medeniýet öýüniň içi degişli enjamlar bilen doly abzallaşdyrylan.

'Köplenç boş'

Emma bu täze medeniýet öýi, şu ýylyň mart aýynda ulanylmaga berlendigine garamazdan, köplenç boş durýar. Edil şeýle boş duran ýa-da gaty seýrek ulanylýan beýleki medeniýet öýleriniň arasynda Türkmenabat şäheriniň medeniýet öýüni, Türkmenabadyň ýüpekçiler mikroraýonynyň medeniýet merkezini, Galkynyş etrabynyň medeniýet öýüni hem agzap bolar.

Agzalan medeniýet öýleri dynç gününden başga ähli günler irden sagat 9-00-dan agşam sagat 18-00-a çenli açyk durýar. Mälim bolşuna görä, medeniýet öýleri tutuş ýurt boýunça, uly şäherler bilen bir hatarda, ähli etraplarda, hatda käbir obalarda-da bar we olaryň aglabasy SSSR-den galan köne jaýlarda ýerleşýär. Şol medeniýet öýleriniň hem köplenç boş durýandygy hakda maglumatlar bar.
Medeniýet öýi, Türkmenabat, mart, 2014.
Medeniýet öýi, Türkmenabat, mart, 2014.


Soňky ýyllarda medeniýet öýleriniň täze binalarynyň gurluşygy Türkmenistanyň şäher tipli posýoloklarynyň ählisinde planlaşdyrylýar. Şeýlelikde, käbir etrap merkezlerinde täze medeniýet öýleri gurlup ulanmaga berlen bolsa, käbirlerinde geljekde gurulmak göz öňünde tutulýar.

Bu medeniýet öýleriniň öňküler bilen deňeşdirilende näme bilen tapawutlanjagy hakda hiç hili resmi maglumat ýok, emma özüni Ahmet diýip tanadan we Garaşsyzlyk etrabynda ýerleşýän köne medeniýet öýüniň gapdalynda ýaşaýan ildeşimiz bu barada Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi:

“Medeniýet öýlerinden diňe uly baýramçylyklar ýakynlanda, sazyň sesi çykýar, başga wagt ol ýerde edilýän işem ýok”.

Garaşsyzlyk baýramy ýakynlanda...

Onuň aýtmagyna görä, medeniýet öýünde diňe Garaşsyzlyk baýramy ýakynlanda ýa-da prezidentiň Lebaba etmeli saparynyň öň ýanynda çeper höwesjeňler, tansçy gyzlar etmeli çykyşlaryna taýynlyk görüp, tanslaryny repetisiýa edýärler.

Ahmediň aýdanlary bilen türkmenabatly talyp gyz Nargiza hem ylalaşýar, talyp gyzyň aýtmagyna görä, Türkmenabat şäherindäki medeniýet merkezleri diňe syýasy baýramçylyklara taýýarlyk görlende, dürli aýdymdyr tanslary gaýtalap, türgenleşmeli bolanda ulanylýar, galan wagtlar köplenç boş durýar.
“Medeniýet öýlerinden diňe uly baýramçylyklar ýakynlanda, sazyň sesi çykýar, başga wagt ol ýerde edilýän işem ýok”.
Ahmet

Garaşsyzlyk etrabynyň öňden bar bolan köne medeniýet öýüniň işgärlerinden biri, efirde adynyň agzalmazlyk şerti bilen Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde etrapdaky täze gurlan medeniýet öýüniň işinde-de üýtgeşikligiň ýokdugyny aýdýar:

“Täze medeniýet öýünde köne medeniýet öýüniň işgärleri işleýär. Şol bir başlyk, şol öňki sazandalar. Diňe bina çalşyldy, başga üýtgän zat ýok”.

Ýerli ýaşaýjylaryň pikiri

Medeniýet öýleri barada, umuman, ýerli ýaşaýjylar dürli pikirde. Ildeşlerimiziň käbirleri medeniýet öýleriniň gurlanyna guwanýandyklaryny aýtsalar, käbirleri olaryň ilkinji zerurlyk däldigini, medeniýet diýlende, diňe syýasylaşdyrylan aýdymdyr çykyşlaryň ýada düşýändigini aýdýarlar.

“Medeniýet öýlerini gurmak ilkinji, hatda ikinji zerurlyk hem däl. Keselhanalarymyzyň jaýlary köne, garaşsyzlykdan soň etrabymyzda gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň iň soňkusy-da garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda gurlupdy. Şol gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň käbirleriniň diwarlary diklenilip, gurluşygy ýatyp galypdy. Soň adamlaryň özleri olaryň kem-käsini bejerip, içinde ýaşamaly boldular, sebäbi ilatyň jaý ýetmezçilik problemasy ýiti. Medeniýet öýlerinden öňürti keselhanalar, ilat üçin ýaşaýyş jaýlary gurulsa, gowy bolardy” diýip, Garaşsyzlykdan bolan zenan Gülbahar Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

Nähili bolanda-da Lebap welaýat häkimligi tarapyndan ýakynda yglan edilen tenderde welaýat boýunça ýene 5 sany medeniýet öýüniň guruljakdygy aýdylýar.

Ýene-de ýükle

XS
SM
MD
LG