Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Türkmenistanda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet başyna gelmegi bilen ýurtda maýyplar babatynda dürli, şol sanda pensiýa haklaryny galdyrmak ýaly çäreleriň hem geçirilendigi nygtalýar.

Emma soňky maglumatlara görä, Aşgabadyň ortepediçeskiý merkezinde maýyplaryň saglyk bejergisini almak üçin nobata durmak boýunça kynçylyklary hem başdan geçirýändigi aýdylýar.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Soltan Açylowa Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy birinji derejeli maýyp Ataýew Hoşan bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

please wait

No media source currently available

0:00 0:03:23 0:00
Ýükle

Türkmenistanda maýyplar üçin niýetlenilen ýörite iş orunlarynyň ýetmezçilik edýändigi bellenilýär.

Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň mümkinçilikleri çäklendirilen adamlar üçin niýetlenen kärhanalarynda iş orunlaryň ýetmezçilik edýändigi aýdylýar. Maglumata görä, soňky ýyllarda Türkmenistanda gant keseline uçran raýatlara hem maýyplyk derejesiniň berilip başlanmagy bilen ýurtda maýyplaryň sanynyň artandygy, emma olar üçin niýetlenilen ýörite iş orunlarynyň bolsa ýetmezçilik edýändigi bellenilýär.

Bu ýagdaýyň maýyplara ýetirýän täsirleri barada Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy Osman Hallyýewiň taýýarlan maglumatyny diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

please wait

No media source currently available

0:00 0:03:12 0:00
Ýükle

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG