Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Aşgabatda telewideniýä tomaşa edýän ýaşlar.

Geçen anna güni Aşgabatda geçirilen hökümet maslahatynda prezident G.Berdimuhamedow türkmen metbugatynyň, telewideniýäniň işine nägilelik bildirdi.

Türkmen prezidenti “köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýurduň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleriniň ýeterlik derejede giňden we başarnykly beýan edilmeýändigine” ünsi çekip, çap edilýän makalalaryň pes döredijilik derejesi babatynda tankydy bellikleri aýtdy” diýlip, resmi mediada habar berildi.

Şeýle-de, maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy M.Altaýewe berk käýinç yglan edildi.

Eýse, türkmenistanlylar türkmen telewideniýesine näderejede tomaşa edýärler?

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa bu sorag bilen gyzyklanyp, Ahal welaýatyndan 60 ýaşly kärendeçi Selim daýy bilen söhbetdeş boldy.

please wait

No media source currently available

0:00 0:04:24 0:00

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG