Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Illýustrasiýa suraty

“Türkmenistanyň alternatiw habarlary” (TAH) proýekti ýurtdaky pagta möwsüminiň alnyp barlyşy barada maglumat çap etmäge dowam edýär.

Neşir 31-nji oktýabrda çap eden makalasynda Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda býujet işgärleriniň mejbury ýygyma çekilmegi barada, oňa gatnaşanlaryň käbirlerine salgylanyp habar berýär.

Döwlet eýeçiligindäki “Daşoguztelekom” edarasynyň bir işgäri özleriniň häkimiýetler tarapyndan ýygyma çekilmegi barada TAH-a gürrüň berdi.

Neşir onuň adyny howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli Bagtyýar diýip tutýar.

22-nji sentýabr güni daňdan sagat 4-de ýygymçylar Daşogzuň şäher awtobus duralgasynda ýygnalyp, Şasenem massiwinde ýerleşýän pagta meýdanlaryna ýygyma äkidilipdir.

TAH-yň synçylary şol gün şäher hojalykdan 52, “Daşoguztelekomdan” 20, Ýag zawodyndan 15, Abatlaýyş zawodyndan 15, “Daşoguznebitgazgurluşyk”, “Obagurluşyk” we “Transgazdan” jemi 60 adamyň, şäheriň gaz, tok we suw edaralaryndan jemi 90 adamyň, Balyk kombinatyndan 15, “Daşoguzçörekönümlerinden” 25 adamyň ýygyma çekilendigini aýtdy.

Bagtyýar käri boýunça kabel ussasy bolup işleýär. Ýygyma onuň özi gatnaşýar, ýöne “edaradakylar öz ýerine töleg töläp hakyna tutma adam ugratmaly bolýar” diýip, Bagtyýar TAH-yň synçysyna gürrüň berýär.

Onuň sözlerine görä, ýygym üçin hakyna tutulýan adamlara 280-300 manat töleg tölemeli bolýar. “Hiç kim kesekä 280-300 manat töläsi gelmeýär” diýip, Bagtyýar gürrüňdeşlikde aýdýar.

Neşiriň maglumatyna görä, 22-nji sentýabrda 300 adam töweregindäki mejbury pagtaçylar topary 40 awtobusa paýlanyp, olar Ruhubelent etrabynyň çägindäki ýygym meýdanlaryna ugradylypdyr.

“Türkmenistanyň alternatiw habarlary” mejbury ýygyma gatnaşdyrylan başga-da birnäçe adam bilen söhbetdeşligi okyjylary bilen paýlaşýar.

Daşoguz şäheriniň çagalar bagynyň ady Arzygül diýip tutulýan bir işgäri ýygymçylara tölenýän tölegiň kärendeçi ýer eýelerine baglydygyny, olaryň oktýabr aýynyň başyndan başlap, ýygymçylara 1 kilogram pagta üçin 20-30 teňňe töläp başlandygyny gürrüň berdi.

Türkmenistanda şu ýyl ýygymçylara tölenýän pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhy öňküsinden 1.5 esse ýokarlandyryldy. Ozal orta süýümli pagtanyň 1 kilogramyna döwlet tarapyndan 40 teňňe tölenýän bolsa, onuň bahasy oktýabr aýynda 60 teňňä çykaryldy.

TAH-yň maglumatlarynda görä, Daşoguz welaýatynda esasan işsiz oba ýaşaýjylary ýygyma meýletin gidýär.

Welaýatda resmi ýygyma 16-njy sentýabrda badalga berildi.

“Döwlet eýeçiligindäki telewizion kanallarda, metbugatda we onlaýn serişdelerde ýurt boýunça [pagta ýygymyň barşy barada] berilýän maglumatlaryň ählisi ýalan. Pagta meýdanlarynda gyzgyn nahar, sungat işgärleriniň çykyşlary, ykjam kitaphana, meýdanlarda guralan söwda nokatlary, wagtynda töleg tölenmegi ýaly ýagdaýlar ýok” diýip, ady Ylham diýip tutulýan şäher hojalyk edarasynyň işgäri TAH-yň çeşmesine gürrüň berýär.

Döwletiň köpçülikleýin habar serişdeleri Ylham bilen ylalaşmaýar. Türkmen mediasynda köpçülige ýetirilýän wideo reportažlarda ýygymçylaryň arakesmede kitap okaýan pursatlary, ýa-da olaryň medeniýet işgärleriniň çykyşlaryna tomaşa edýän pursatlary görkezilýär.

“Türkmenistanyň alternatiw habarlary” mugallymlarynyň berk närazyçylygyna garamazdan, ýygyma meýletin gidip, gyşky egin-eşiklerine ýeterlik pul toplan mekdep okuwçysy 15 ýaşly Bahadyryň sözlerini getirýär. Ol Daşoguz şäheriniň 9-njy mekdebiniň okuwçysydyr.

Mejbury ýygym barada garaşsyz serişdelerde degişli habarlaryň çap edilýän wagty, döwlet mediasynda pagta plan borçnamasyny dolan etraplar barada habar berilýär.

Olaryň hatarynda Gökdepe etraby ilkinji bolup, pagta plan borçnamasyny berjaý edipdir.

Döwlet harmanyna tabşyrmaly tabşyrygy berjaý eden etraplaryň hatarynda Bäherden, Hojambaz, we Darganata etraplary hem agzalýar.

Halkara hukuk toparlary Türkmenistanyň pagta meýdanlaryndaky mejbury zähmeti tankyt edýär.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG