Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Illýustrasiýa suraty. Täze we köne türkmen manady hem-de dollar

Türkmenistan 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda ýurt garaşsyzlygyny yglan edenden 2 ýyl soň, 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda milli pul birligini – türkmen manadyny dolanyşyga girizdi. Şu gün manadyň 26-njy ýaş güni mynasybetli Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bank işgärlerine we tutuş türkmen halkyna gutlag hatyny iberdi.

“Milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň alnyp barylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döretdi” diýip, prezidentiň gutlagynda aýdylýar.

Türkmen manady ilki dolanyşyga girizilende 2 manadyň hümmeti 1 amerikan dollaryna barabardy, ýöne wagtyň geçmegi bilen ol hümmetsizlendi.

Prezident türkmen halkyna iberen soňky gutlagynda milli manadyň hümmetini mundan beýläk-de durnukly saklamak barada agzap geçýär. Ýöne häzirki wagtda Türkmenistanyň Merkezi Banky 3.5 manadyň hümmetini 1 amerikan dollaryna barabar diýip kesgitlese-de, soňky 3 ýyldan gowrak wagt bäri ýurda walýutanyň “gara bazary” täzeden dolandy. Onda 1 türkmen manady amerikan dollaryndan tas 18 esse has hümmetsiz.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysynyň 1-nji noýabrda ýetiren maglumatyna görä, “1 dollar 18 manat 80 teňňeden satylýar”

2008-nji ýylda Türkmenistanda dollaryň gara bazardaky bahasy bilen onuň resmi bahasy deňleşdirilipdi.

2009-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda türkmen manady denominirlendi, täze türkmen manady dolanyşyga girizildi. Ondan ozalky 5000 türkmen manadynyň täze türkmen manadyndaky hümmedi 1 manat diýip kesgitlenildi. Ýöne ýurt raýatlary bahalary öňki manatdan hasaplamaga dowam etdi:

“Adamlar täze çykan manady (10 ýyl – red.) öňki manatda hasaplanyny gowy görýär. Mysal üçin, bazarlarda satyjylar bahalary täze manatdan aýtsalar, alyjylaryň köpüsi ‘öňki puldan näçe bolýar’ diýip soraýarlar” diýip, 1-nji noýabrda habarçymyz Azatlyk bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Türkmen manady hümmedini ýitirdi, ýerli ýaşaýjylar bazarlarda harytlaryň gymmatlamagyndan şikaýat edýärler.

Türkmen prezidentiniň halka iberen gutlagynda ýurduň bank ulgamyny sanly ulgama geçirmek barada tagalla edilýändigi aýdylýar. Türkmenistanda soňky 6 ýyldan gowrak wagt bäri raýatlaryň aýlyk haklary, pensiýalar, talyp haklary, döwlet kömek pullary we beýleki käbir tölegler ilatyň bank hasaplaryna geçirilip başlandy. Ýöne soňky iki ýyla golaý wagt bäri ýurtdan gelip gowuşýan habarlara görä, ýerli ýaşaýjylar bankomatlarda nagt puluň köplenç tapdyrmaýandygyny, bankomatlarda pul tapdyran halatynda onuň öňünde uzyn nobatlaryň emele gelýändigini aýdýarlar, bank hasaplaryndaky maliýe serişdelerini nagtlaşdyrmakda dürli kösençliklere sezewar bolýandyklaryny aýdýarlar.

Prezident gutlagynda soňky wagtlarda nagt däl hasaplaşygyň gerimiň giňeldilýändigini aýtdy. Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi ýurduň dürli regionlarynda döwlet edaralarynyň kassalarynda işe girizilen, şol sanda birnäçe hassahananyň we dermanhananyň kassasynda oturdylan töleg terminallarynyň kadaly işlemeýändigini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Aşgabadyň halkara aeroportunda uçar biledini satyn almak üçin nobata duran adamlar. Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda daşary döwletlere okamaga we işlemäge gitmek isleýän raýatlaryň Aşgabadyň halkara aeroportunda köpçülikleýin uçara goýberilmezligi bilen bagly wakalar dowam edýär diýip, Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň biri habar berýär.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçynyň tassyklamagyna görä, türkmen häkimiýetleri adatça Türkiýä, hususan hem Stambula barýan türkmenistanlylary uçara goýbermeýär.

“Türkmenistanyň howaýollary kompaniýasy arkaly hepdäniň birinji gününden bäşinji gününe çenli günde iki gezek Stambula reýs bar. Şu günler bu reýsleriň her birinden ortaça 20-30 adamy uçara goýbermeýärler” diýip, Aşgabadyň halkara aeroportunyň birnäçe işgäri bilen söhbetdeş bolan habarçy 1-nji noýabrda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, sentýabr aýynda bolsa, käbir günlerde Aşgabatdan Stambula uçjak ýolagçylaryň deň ýarysy diýen ýaly uçara goýberilmändir.

“Meselem, 11-nji sentýabrda irdenki reýsde Stambula uçjak ýolagçylardan 150 çemesi adam uçara goýberilmedi” diýip, habarçy gürrüň berdi.

Türkmen häkimiýetleri ýolagçylaryň uçara goýberilmezliginiň sebäplerini açyk düşündirmeýärler. Ýöne habarçymyz bilen söhbetdeş bolan Aşgabadyň halkara aeroportunyň käbir işgärleri munuň soňky aýlarda daşary döwletlere işlemäge ýa-da okamaga gitmek isleýän türkmenistanlylaryň sanynyň göz-görtele artandygy bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.

“Ýurtdan gidip barýan adamlar köp bolany üçin, aeroportuň resmileri dürli bahanalar bilen, ýa-da hiç hili düşündiriş bermän, munuň öňüni almaga synanyşýar. Käbir adamlar protest bildirýär, käbir aýallar aglaýar, ýöne olaryň ählisine ‘bolanok. Öz ýaşaýan ýeriňe degişli Migrasiýa gullugynyň edarasyna gidiň we şol ýerde düşünişiň’ diýip jogap berýärler. Daşary ýurtlara gitjek bolýan raýatlaryň aglabasy regionlaryň ýaşaýjylary” diýip, habarçy aeroportuň bir işgäriniň sözlerini sitirledi.

Habarçy iň gynandyryjy ýagdaýlaryň biriniň raýatlaryň uçar biletleriniň bahasynyň doly yzyna gaýtarylyp berilmezligi bilen baglydygyny belläp, şeýle diýdi:

“Olar biletleriniň bahasynyň diňe 75%-i yzyna alyp bilýärler. Bilediň bahasy bolsa, 5000 manatdan 7000 manada çenli üýtgeýär. Bu gara bazaryň nyrhy bilen 270-390 amerikan dollary aralygynda bolsa, resmi kursda 1430-2000 amerikan dollaryna barabar bolýar” diýip, habarçy aýtdy.

Şol bir wagtda, ol migrasiýa ýa-da gümrük gullugynyň käbir işgärleriniň türkmenistanlylardan ortaça 2-3 müň amerikan dollaryny alyp, olary uçara mündirýändigi bilen bagly wakalary hem eşitse bolýandygyny belledi.

Ýatlatsak, oktýabr aýynyň başynda Azatlyk Radiosy bilen anonim şertde söhbetdeş bolan türkmenistanly raýat Demirgazyk Kipre barýan doganyny ýurtdan çykarmak üçin “araçylara $2750 para berendiklerini” gürrüň beripdi.

Soňky ýyllarda Azatlyk Radiosynyň habarçylary we ýerli synçylaryň hem-de daşary döwletlerdäki türkmen migrantlarynyň ençemesi ýurtdaky ykdysady kynçylyklar, işsizlik we azyk önümleriniň hem-de hyzmatlaryň gymmatlamagy bilen baglylykda, gazanç gözleginde daşary ýurtlara gidýän raýatlary has köp görse bolýandygyny aýdyp gelýärler.

Munuň bilen bir wagtda, Türkmenistandan Türkiýä ýa-da beýleki döwletlere barýan türkmen raýatlarynyň öz ýollaryndan saklanyp, hereket azatlyklarynyň çäklendirilýändigi barada hem yzygiderli habarlar peýda bolýar.

Türkmen häkimiýetleri we resmi media ýokarda aýdylanlar barada kelam agyz söz aýtmaýar. Azatlyk Radiosyna bu barada Aşgabadyň halkara aeroportundan we Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugyndan hem kommentariý almak häzirlikçe başartmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG