Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Şenbe 2 Noýabr 2019

Berdimuhamedow raketa atyjy enjam oturdylan AW-109 dikuçaryny barlaýar. "Bellingcat" neşiriniň suraty

Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky hökümet delegasiýasy 6-7-nji noýabrda Italiýada resmi saparda bolar, bu sapara görülýän taýýarlyklar barada Ministrler kabinetiniň bäşinji gün geçirilen mejlisinde hasabat berildi.

Söwda-ykdysady ulgamda türkmen-italýan hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin uly mümkinçilikler bar, nebit-gaz we dokma senagatynda, beýleki pudaklarda Italiýanyň işewür toparlary bilen netijeli hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar” diýip, döwlet eýeçiligindäki media hiç bir san getirmezden aýdýar.

Şeýle-de ýurduň senagat desgalarynyň döwrebap italýan enjamlary bilen üpjün edilendigi, Türkmenistanyň iki ÝOJ-ynda italýan diliniň öwredilýändigi habar berilýär.

Saparyň çäklerinde hökümetara we pudagara derejelerinde resminamalara, hususy ulgam boýunça resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Emma türkmen mediasy Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky ýarag söwdasy barada hiç zat aýtmaýar.

Azatlygyň ozal habar berşi ýaly, Italiýa soňky ýyllarda Türkmenistany iň döwrebap ýaraglarlar bilen üpjün edýän we hyzmatdaşlygy gizlin saklamagy başarýan ýurtlaryň birine öwrülene meňzeýär.

Derňew maglumatlaryny taýýarlaýan "Bellingcat" açyk-derňew saýty şu ýylyň başynda Italiýanyň Türkmenistana satan ýaraglarynyň üstüni açdy.

Neşir Ýewropa Bileleşiginiň ýyllyk hasabatlaryna salgylanyp, 2007 – 2017-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Bileleşikden 340 million ýewrolyk ýarag satyn alandygyny habar berdi.

Bu ýaraglaryň 76 prosentiniň, ýagny 257 million ýewrolyk ýaragyň Italiýadan satyn alnandygyny aýdyp, neşir Italiýanyň Türkmenistanyň iň esasy ýarag üpjünçisine öwrülendigini ýazýar.

“Köp ýurt eksport edýän ýaraglarynyň nämelerden ybaratdygy barada Ýewropa Bileleşigine hasabat berýär, ýöne Italiýa hasabat bermeýär” diýip, Bellingcat aýtdy.

Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy, 2013-nji ýylda Türkmenistanda Italiýa Respublikasynyň ilçihanasy açyldy, 2016-njy ýylda bolsa, Italiýada Türkmenistanyň ilçihanasy açyldy diýip, TDH habar berýär.

Türkmen prezidenti Italiýa ilkinji saparyny 2009-njy ýylyň noýabrynda, ikinji saparyny 2015-nji ýylyň maýynda amala aşyrdy.

2014-nji ýylyň noýabrynda Italiýanyň premýer-ministri Türkmenistanda iş saparynda boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Kasymberdi Garaýew

Adam hukuklaryny goraýan “Human Rights Watch” guramasy türkmenistanly geý erkegiň ykbalyndan çuňňur alada bildirýär.

“Türkmenistanda bir erkegiň öz jynsy ugruny jemgyýetçilige aýan edenden soň ýitirim bolmagyndan alada edilýär” diýip, HRW 1-nji noýabrda çap eden beýanatynda aýtdy.

“Türkmen hökümeti Kasymberdi Garaýewiň tussaglykdadygyny ýa däldigini gyssagly aýdyňlaşdyrmaly we, eger ol tussagda bolsa, derrew boşatmaly hem-de onuň näme üçin saklanandygyny düşündirmeli” diýip, beýanatda nygtalýar.

“Biz Kasymberdi Garaýewiň, öz jynsy ugruny aýan edeninden soň, hiç kime görkezilmän saklanylmagyndan çuňňur alada galýarys” diýip, HRW-nyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň başlygynyň orunbasary Reýçel Denber aýtdy.

“Türkmenistandaky adam hukuklarynyň hopukdyryjy ýagdaýy, şol sanda zorlukly ýitirim edilmeler sebäpli, bizde onuň howpsuzlygy we aman-esenligi babatda alada galmaga ähli esas bar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

AÝ/AR 21-nji oktýabrda Garaýewiň öz jynsy ugry barada beren gürrüňini çap etdi. Başda neşir, howpsuzlyk aladalary sebäpli, onuň şahsyýetini açmady.

Garaýewiň 24-nji oktýabrda Azatlyk radiosyna aýtmagyna görä, özi hakyndaky makala çap edilenden soň, ol polisiýa tarapyndan gözlenip başlandy we birazdan soraga çagyryldy.

AÝ/AR onuň bilen aragatnaşygy polisiýa stansiýasyna barmazyndan 30 minut öň ýitirdi we şondan bäri Garaýewiň nirededigi bilinmeýär.

“Türkmen hökümeti şol bir jynsdaky adamlaryň öz aralarynda ylalaşmagy esasynda edýän gatnaşyklaryny jenaýat hasaplamagyny bes etmeli we LGBT adamlaryny zorlukdan we kemsitmeden goramak çärelerini görüp başlamaly” diýip, Denber aýtdy.

“Olar derhal Garaýewiň nirededigini we aman-esendigini anyklamak çärelerini görmeli” diýip, HRW-nyň resmisi sözüniň üstüni ýetirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG