Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Zeýkeşiň suwundaky şekilini synlaýan çaga.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 1-nji fewralda geçiren hökümet maslahatynda 2019-njy ýylda welaýatlar we etraplar boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberlerini tassyklamak hakyndaky buýruga gol çekdi, geljek ýyldan pagta öndürmegiň 1 mln 250 müň tonna çenli artdyryljakdygyny aýtdy.

Emma ýerli synçylar sowet döwründen gelýän pagtaçylyk praktikasynyň saklanyp galmagyndan, şor suwlaryň toplanmagy bilen döreýän ekologiýa problemalaryna baş galdyrylmazlygyndan çynlakaý alada bildirýärler. Olaryň pikiriçe, pagtaçlygyň ozalky netijeleri, şol sanda geçen ýyldaky çal dumanlar oýlanmaga ýeterlik esas berýär.

Prezident Berdimuhamedow 1-nji fewralda üýtgedilip gurlan Oba hojalyk we daşky gurşawyň goragy ministrligine hem täze ýolbaşçy belledi, emma mejlisde ekologlaryň Türkmenistanda pagtaçylyk, zeý suwlary we ekologiýa hakynda bildirýän aladalaryny agzamady.

Şu aralykda Azatlygyň Balkan welaýatyndaky habarçysy ýerli medianyň şor suwlary bir ýere toplamakdan gelýän “uly peýda” baradaky döwlet propagandasyny doly güýjünde dowam etdirýändigini habar berdi.

Onuň sözlerine görä, welaýatyň “Balkan” gazetiniň 29-njy ýanwardaky sanynda “Eşret köli” diýen at bilen çap edilen makalada awtor özi hem bilmän, bu köle toplanmagy planlaşdyrylýan suwuň hiç wagt toplanyp bilmejekdigini tassyklaýar.

“Hazir Garaşor çöketligine ýygnanan suwuň mukdary 580 mln kub metre ýetdi” diýip, gazetde aýdylýar.

“Garaşor çöketligine 10 ýylda 580 mln kub metr suw toplanan bolsa, ol ýerde göz öňünde tutulan 132 mlrd kub metr suwuň ýygnanmagy üçin ortaça 260 ýyl gerek” diýip Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ýerli ekolog aýtdy.

Ýerli synçylar ozal pagtaçylygyň, soňra şor suwlary zeýkeşlere toplap, uzak aralyga akdyryp, bir ýere toplajak bolmagyň, emeli köl gurmagyň, milliardlarça dollar çykdayjydan başga, daşky gurşawa, adamlaryň saglygyna-da uly howp salýandygyny öňe sürýärler.

Emma muňa garamazdan, Türkmenistan bu ýyl hem, geçen ýyldaky ýaly, 1 mln 50 müň tonna pagta öndürmegi planlaşdyrýar. Bu pagta hasylyny almak üçin 545 müň gektar ýeriň bölünip berlendigi aýdylýar.

Geçen ýyl Türkmenistanda gurakçylyk we suw desgalaryna ýeterlik ideg edilmezligi sebäpli pagta we beýleki ekinleriň hasyly gowy bolmady. Bu ýagdaý ýurtda un, çörek, ösümlik ýagy, ýumurtga ýaly önümleriň nobatlarynyň döremegine alyp geldi.

Emma muňa garamazdan, hökümet maslahatynda pagtaçylyk praktikasy we onuň getiren agyr netijeleri hakynda açyk gürrüň edilmedi. Şonuň bilen bir wagtda, geçen ýyllardan tapawutlylykda, indi kärendeçilere öz ýerleriniň 30 prosentine bugdaýdan we gowaçadan beýleki ekinlerie kmek rugsady berler.

Şeýle-de prezident gaýta-gaýta ýeralmany köp ekmegi maslahat berýär. Mundan başga,Türkmenistan indi ýag üçin günebakar ekerançylygyny hem ýola goýmagy planlaşdyrýar.

“Biz bu ýyl 1 million 600 müň tonna bugdaý, 1 million 50 müň tonna pagta öndürmeli, geljek ýyl 1 million 400 tonna bugdaý öndüreris, pagtanyň öndürilişini bolsa, täze gurulýan fabrikler we eksport üçin 1 million 250 müň tonna ýetireris” diýip, prezident geljekde gowaça ekerançylygynyň has-da giňeldiljegini aýtdy.

Ýerleriň şorladylmagyndan, barha çylşyrymlaşýan ekologiýa problemalaryndan başga, nädogry pagtaçylyk praktikasy türkmenistanlylaryň bir topar nesliniň ýeterlik bilim alyp bilmezligine hem sebäp bolýar diýip, ýerli synçylar aýdýarlar.

Bu pikiri pagtaçylykda çaga zähmetiniň we mejbury zähmetiň ulanylmagyna garşy kampaniýa alyp barýan aktiwistler hem goldaýar. Olartürkmen hökümetiniň pagta hasylyny toplamak üçin mejbury zähmeti ulanýandygyny aýdyp, okuwçylara okuw, mugallymlara we saglygy saklaýyş işgärlerine magaryf we saglygy goraýyş bilen meşgullanmak mümkinçiliginiň berilmegine çagyrýarlar.

Ikinji tarapdan, Türkmenistan gowaça ekerançylygy bilen baglylykda sebitde suwy iň bisarpa ulanýan ýurtlaryň biri hökmünde hem tankyt edilýär.

“Haýp, türkmenistan garaşsyz bolandan soň hem mejbury pagta ýetişdirmek, netijede çagalary sowatsyz goýmak, ýerleri zaýalamak praktikasyny dowam etdirdi” diýip, aşagabtly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew aýdýar.

Tebigaty goraýjylar tarapyndan ýazgarylýan “Altyn asyr türkmen kölüniň” gurluşygynyň dowam etmegi sowet pagtaçylyk praktikasynyň dowam etdirilmegi bilen bagly bolup görünýär. Birinji nobatdakysy 2009-njy ýylyň 15-nji iýulynda ulanmaga berlen kölüň “uzynlygy 103 km, ini 18,6 km, ortaça çuňlugy 69 metr” diýip, “Balkan” gazetinde aýdylýar.

Şeýle-de neşir “Altyn asyr Türkmen kölüniň” Garagumda 1 mln 300 müň gektar öri meýdanyny suwlandyrýandygyny, dowarlaryň, düýeleriň sanynyň ençeme esse köpeldilmegine şert döredendigini habar berýär.

Resmi metbugatdan tapawutlylykda, Türkmenistanda özara gürrüňçilikde hakyky pikirini aýdýan ýerli alymlar zeý suwlarynyň akabasynyň ugrunda bitýän ot-çöpleri iýýän mallardan hem uly alada galýarlar. Şeýle alymlaryň biri Azatlyk bilen söhbetdeşlikde “zeýkeşleriň boýunda, zäherli suwa biten otlary mal iýip ölse, begenmeli, emma mallar oňa uýgunlaşsa, şol mallaryň etini iýen adamlar islendik kesele uçrap biler” diýdi.

Mundan başga, ýerli synçylar mejbury pagtaçylyk, suwy bisarpa ulanmak praktikasynyň netijesi bolan şor suwlary bir ýere toplamak ideýasynyň Garagumyň ekologiýasyna howp salmak bilen bir hatarda,Türkmenistanda asyrlap saklanan taryhy ýadygärliklere hem ýok bolmak wehimini salýandygyny aýdýarlar.

Stambul. Illýustrasiýa suraty

23-nji ýanwarda Türkiýede ýaşaýan türkmenistanly migrant, 32 ýaşly, Mary welaýatynda hemişelik ýazgyda duran Rüstem Ýusubow Stambulyň Migrasiýa edarasynda tussag edilýär.

Öz sözlerine görä, Ýusubow Türkmenistandaky maşgala dawalary bilen bagly ýagdaýlardan ugur alyp, 2016-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkiýedäki edarasyndan bosgunlyk statusyny soraýar. Gurama oňa bu statusy berýär. 2019-njy ýylyň ýanwar aýynyň başynda Türkiýäniň Konstitusion sudy Ýusubowyň bosgunlyk statusyny ýatyrýar. Häzirki wagtda türk häkimiýetleri onuň yzyna, Türkmenistana deportasiýa edilmek ýagdaýyny seljerýär.

Köp sanly türkmenistanly migrant iş gözleginde Türkiýäni saýlap alýar. Türkiýe türkmenistanlylardan 30 gün möhlet üçin wiza talap etmeýär.

Ýusubowyň soňky duçar bolan ýagdaýy türkmenistanly migrantlaryň Türkiýedäki ýaşaýyş-durmuş şertleri baradaky soraglary ýene-de bir gezek gün tertibine getirdi.

Deportdan gorkýan türkmenistanlynyň aladasy Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň umumy ýagdaýyna ünsi çekdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

31-nji ýanwarda Azatlyk Radiosy Türkiýedäki türkmenistanly işçi migrantlaryň durmuş şertleri, olaryň hukuklarynyň kanun taýdan goraglylygy we beýleki meseleler barada düýbi Stambulda ýerleşýän “Türkpermit” atly hukuk geňeşdarlyk firmasynyň ýuristi Murat Erşahin hem-de Türkiýedäki türkmenistanly migrantlaryň hataryndan aktiwist Rozubaý bilen söhbetdeş boldy.

Erşahin söhbetdeşligiň başynda Türkiýede bosgunlyga ýüz tutmagyň şertlerini gürrüň berdi:

“Türkiýede ýaşaýan islendik daşary ýurtly, mysal üçin dogduk ýurdunda özüne abanýan ölüm howpuna esaslanyp, ýa-da öz ýurdunda etniki genosid, etnik uruş barýan bolsa, ýa-da zulum bar bolsa bosgunlyga ýüz tutup biler. Maddy sebäplere esaslanyp bosgunlyga ýüz tutup bolmaýar. Bosgunlyga ýüz tutýanlaryň arzalary hökman kabul edilýär. Şondan soň, türk resmileri we BMG-niň wekilleri bosgunlyga ýüz tutýan adama öz ýurdunda ölüm howpunyň abanýandygyny ýa-da däldigini öwrenýär” diýip, Erşahin gürrüň berdi.

Ýuristiň sözlerine görä, Türkiýäniň Migrasiýa edarasy we BMG-niň wekilleri bosgunlyk statusy bilen baglylykda oňa ýüz tutýan adamyň dokumentlerini ilik-düme seljerýär. Zerur dokumentler hödürlenilmedik ýagdaýynda bu ret edilýär. Erşahin Rüstem Ýusubowyň bu mesele bilen bagly duçar bolan päsgelçiligine ünsi çekýär:

“Rüstem öz ýagdaýyny doly suratlandyryp, düşündirip bilmedi. Ol özüni doly düşündirip bilmänsoň, Türkiýäniň Migrasiýa edarasy Türkmenistanda urşuň ýokdugyny, oňa ölüm howpunyň abanmaýandygyny, şol sebäpden onuň bosgunlyk statusyny özleriniň ykrar etmeýändigini, onuň bu statusa eýe däldigini aýdyp, ondan 1 aýyň içinde Türkiýäniň çägini terk etmegi soraýar” diýip, Erşahin aýtdy.

Ýuristiň sözlerine görä, BMG-nyň Bosgunlyk boýunça Türkiýedäki edarasynyň adwokatlary Rüstem Ýusubowyň ýagdaýy sebäpli Türkiýäniň Migrasiýa edarasyny suda berýär. Ýöne olaryň arzasy netijesiz bolýar. Türkmenistanda oňa ölüm howpunyň abanmaýandygyny aýdyp, Migrasiýa edarasy Rüstemiň Türkiýäniň çägini terk etmegini soraýar. Rüstem hem wagtynda ýurdy terk etmänsoň, ony deportasiýa etmek barada höküm çykarylýar.

Bu wakadan soň, ýuristiň sözlerine görä, Rüstem ýagdaýdan çykalga gözlemek üçin, kanundaky mümkinçiliklerden peýdalanyp, başga bir etrabyň, ýagny Düzje etrabynyň Migrasiýa edarasyna ýüz tutmaga barýar. Ýöne Düzjede ony tussag edýärler hem-de Kojaeli etrabynda ýerleşýän Yzyna gaýtarmak merkezine ugradylýar we şol ýerdäki deslapky tussaghanada saklanylýar.

“Deportasiýa etmek prosesi häzirki wagtda ýerine ýetirilmeýär, bu proses doňduryldy” diýip, Türkpermit hukuk geňeşdarlyk firmasynyň ýolbaşçysy hem-de ýuristi Murat Erşahin aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Türkiýede ýaşaýan türkmenistanly migrantlar ýurtda hereket edýän kanuna laýyklykda ýaşaýyş rugsadyny almak üçin hem-de Türkiýede kanuny esasda ýaşamak üçin aýratyn köp tagalla edýär.

“Türkpermide ýüz tutýan müşderileriň tas 80 %-i diýen ýaly Türkmenistanyň raýatlary diýip aýdyp bilerin. Biz bir zada şaýat bolýarys, ýagny Türkmenistanyň raýatlary ýaşaýyş rugsadyny almak üçin, Türkiýede kanuny esasda ýaşamak üçin has hem erjel hereket edýärler. Olar bu ýerde kanuny esasda ýaşamak isleýär. Olar muňa çäre gözleýär. Türkmenistanyň raýatlary bu meselede örän duýgur” diýip, Erşahin aýtdy.

Olar Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar boýunça Türkiýedäki edarasyna ýüz tutýan türkmenistanlylar barada gürrüňe dowam edip, olaryň arzalarynyň agramly böleginiň ret edilýändigini aýtdy.

“Men 13 ýyldan bäri bu iş bilen meşgullanýaryn. Aýdyşym ýaly bize ýüz tutýan müşderileriň 80 % Türkmenistanyň raýatlary. Şolardan şu wagta çenli BMG-a bosgunluga ýüz tutanlaryň arasynda diňe iki adama bosgunlyk statusynyň berlendigine şaýat boldum. Ýüz tutan beýleki adamlaryň tas 99 %-niň arzalary ret edilýär” diýip, Erşahin aýtdy.

Azatlyk Radiosy Türkiýede ýaşaýan türkmenistanly migrantlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri, olaryň umumy duçar bolýan ýagdaýlary barada häzirki wagtda Stambulda ýaşaýan türkmenistanly aktiwist migrant Rozubaý bilen gürrüňdeş boldy.

Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklar türkmenistanlylary iş gözleginde Türkiýä barmaga iterýär. Ol özüniň duşan adamlaryny göz öňünde tutup, Türkiýä iş gözleginde gelýän türkmenistanlylaryň arasynda ozal döwlet edaralarynda işlän adamlara indi ýygy-ýygydan duş gelse bolýandygyny aýtdy.

Gepleşigiň doly mazmunyny onuň gapdaldaky ses ýazgysyndan diňläp bilersiňiz!

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG