Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Aşgabat. Mekdepdäki dabara. Arhiw suraty.

Ýurtda berilýän bilimiň hiliniň ýyl-ýyldan peselýändigi baradaky aladalaryň arasynda Türkmenistanyň orta mekdeplerinde 25-nji maýda "soňky jaň" dabaralary geçirilýär.

“Türkmenistan: Altyn asyr” saýty bu dabara gabat prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlagyny çap etdi. Neşiriň maglumatyna görä, ýurtda “bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk gelmegini üpjün etmek maksady bilen, sanly bilim ulgamy ösdürilýär”.

Emma ýerli synçylar, “Azatlyk” bilen anonimlik şertinde gürleşýän ene-atalar türkmen mekdeplerine berilýän bilimiň mazmunynyň we hiliniň ýyl-ýyldan pese gaçýandygyny, ýagdaýy bolan adamlaryň öz çagalaryny başga mekdeplerde okatmaga çalyşýandygyny gürrüň berýärler. Olaryň sözlerine görä, garaşsyzlyk ýyllarynda mekdeplerde berilmeli bilim köplenç halatda “ideologiýa gurban edilýär, çagalaryň wagty hiç zada ýaramaýan we ýalan şowhuna ýugrulan dabaraly çärelere sarp edilýär”.

Häzir Türkmenistandan daşarda ýaşaýan we Orsýet, Ukrina, Belarus ÝOJ-laryna okamaga gelýän türkmen studentleri bilen köp iş salşan türkmen pedagogynyň “Azatlyk” bilen söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, Türkmenistanyň mekdeplerinde “baha ýokarlandyrmak meselesi bireýýäm kontrollykdan çykdy”.

Studentleriň gürrüň bermegine görä, mugallymlaryň käbiri bermelijesini berseň, islendik bahany goýýar, sebäbi olarda kontrollyk ýok, barlag ýok diýen düşünje bar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran türkmen pedagogy aýtdy.

Onuň pikirçe, türkmen mediasynda mekdepdäki problemalar, hususan-da pul alyp, okuwça ýokary baha goýýan mugallymlar, olara görlen çäreler barada gürrüň edilmeýär.

Türkmen mekdeplerindäki problemalar, şol sanda çagalara berilýän bilimiň mazmunyny, hilini ýokarlandyrmak barada metbugatda pikirlerini aýtmak synanyşygyny eden ýerli pedagoglaryň biri (ady redaksiýada bar) “Mugallymlar gazetinden” özüne bu pikirleriňizi Bilim ministrligine iberiň diýen jogabyň gelendigini gürrüň berdi.

Orsýetde ýaşaýan türkmen pedagogynyň pikiriçe, bu hili problemalar beýleki post-sowet ýurtlarynda hem bar. Ýöne Türkmenistanda diňe mugallyma pul beren okuwça däl, tas ähli okuwça ösdürilen baha goýulýar, hakykatda bolsa bilimiň derejesi ýyl-ýyldan aşak gaçýar, mekdebi gutaryp, başga dilde däl, ene dilinde ýönekeý habar sözlemini hem dogry ýazyp bilmeýän türkmenistanly soňky 30 ýylda juda köpeldi.

Bu mesele Orsýetde düýpden ýok diýsek, ýalan sözledigimiz bolar. Emma bu ýerde Türkmenistandaky ýaly çakdanaşa gözçykgynçlyk edilmeýär. Tanyş-bilşi bolan okuwça belli bir derejede kömek edýän mugallymlar tapylýar. Ýöne hemme okuwçynyň bahasyny galdyrmaly diýen düşünje bärde ýok” diýip, radionyň söhbetdeşi aýtdy.

Şol bir wagtda, statistiki maglumatlar, açyk derňew geçirmek mümkinçiligi bolmansoň, mekdeplerdäki baha galplygynyň derejesi barada anyk bir zat aýtmak kyn. Orsýetde ýaşaýan türkmen pedagogynyň öz hasaplamalaryna görä, “eger-de galplyk Türkmenistanda 70% bolsa, Orsýetde 10-20% çemesinde diýip bolar”.

Golaýda Orsýetde ýokary okuw jaýyna girmäge gelen we bahalarynyň ählisiniň bäşlikdigini aýdan türkmenistanly student (redaksiýada ady bar) “Azatlygyň” habarçysynyň “Rusçaň hem gowşagrak eken, bu bahalary nädip aldyň?” diýen soragyna “Türkmenistanda häzir baha almak problema däl” diýip jogap berdi.

Moskwada okaýan, “Azatlyk” bilen anonimlik şertinde gürleşen türkmen studenti (ady redaksiýada bar) Orsýetdäki, Ukrainadaky we Belarusdaky okuw jaýlarynda diňe pul berip baha alýan türkmenistanlynyň kändigini, bu hili studentleriň okuw ýyllaryny okuwdan başga islendik zada zarp etmäge “ýaltanmaýandygyny” aýdýar.

“Öz şaýat bolan zadym: rus professory synag mahalynda bir soraga hem jogap berip bilmedik türkmen studentine gülüp: “Ak mermerli Aşgabadyňa gidersiň-dä, o ýerde saňa iş bererler” diýdi.

Ol öz bilýän rus professorlarynyň ýerli studentlere hiç wagt beýle eglişik etmeýändigini hem sözüne goşdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Rus dilinde hem okaň

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG