Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Tussaglykda saklanylýan aktiwist Gaspar Matalaýew

Zähmet hukuklarynyň goralmagy ugrunda işleýän halkara guramalarynyň koalisiýasy Türkmenistanyň prezidentine Gaspar Matalaýewi – ýurtda pagta ýygymy mahalynda mejbury zähmetiň ulanylmagy boýunça monitoring geçirmek bilen meşgullanan raýat aktiwistini türmeden boşatmak haýyşy bilen ýüzlendi.

Bu ýüzlenme her ýyl 3-nji maýda bellenilýän Bütindünýä metbugat azatlygy güni mynasybetli edildi.

Hukuk goraýjylar öz hatlarynda türkmen aktiwistiniň türmeden boşadylmagy baradaky hata bütin dünýäde biparh däl adamlaryň tas 100 müňe golaýynyň gol çekendigini bellediler.

Gaspar Matalaýewiň işi Türkmenistanda pagta önümçiligi prosesinde halkara we türkmen kanunlarynyň bozulýandygyna ünsi çekmäge kömek etdi – diýip, ýüzlenmede aýdylýar. – Biz sizi jenap Matalaýewi azat etmäge hem-de onuň ýüze çykaran bidüzgünçiliklerini derňemäge çagyrýarys”.

Aktiwisti 2016-njy ýylyň oktýabrynda, 4-inden 5-ine geçilýän gije, Türkmenabatdaky öýünde tussag etdiler.

G.Matalaýew adamlaryň toplanýan ýerlerine we pagta meýdanlaryna ençeme gezek baryp, işden kowulmak howpy astynda pagta ýygmaga mejbur edilýän saglyk işgärlerinden, mugallymlardan, beýleki döwlet gullukçylaryndan näme üçin olaryň öz iş ýerlerinde, mekdep klaslarynda ýa lukmanyň iş otagynda bolman, gowaça meýdanlaryna gidýändiklerini sorady. Gaspar öz ene-atalarynyň deregine ýa-da hakyna tutulyp, okuwyny taşlap, pagta ýygmaga gidýän mekdep okuwçylary bilen hem gürleşdi.

“Türkmenistanyň alternatiw habarlary” (turkmen.news neşiriniň ozalky ady) neşiri tussag edilmezinden iki gün öň G.Matalaýewiň Farap etrabyndan taýýarlan fototeportažyny çap etdi.

Aktiwisti tussag edilen wagtynda elektrik togy bilen gynadylar we ony etmedik jenaýatyny öz üstüne almaga mejbur etdiler. Netijede, 2016-njy ýylyň noýabrynda sud G.Matalaýewe, hamala, kezzaplyk edendigi we para bermek synanyşygy üçin üç ýyl azatlykdan mahrum edilmek hökümini çykardy.

Prezidentiň günä geçiş aktlarynyň ählisi aktiwistden sowa geçdi, ýogsa onuň saklanylýan LB-K/12 türmesinden hem, Türkmenistandaky beýleki jeza öýlerinden hem Matalaýewe iş kesilen madda bilen türmä basylan beýleki tussaglar azat edildi.

BMG-niň eden-etdilikli tussag etmeler boýunça iş topary 2018-nji ýylyň aprelinde, G.Matalaýewiň garaşsyz we bitarap sud edilmek hukugyndan mahrum edilendigine, öz pikir aýtmak azatlygyny parahatçylykly ýagdaýda ulanmak hukugy üçin jezlandyrylandygyna salgylanyp, aktiwistiň tussag edilmegi we türmä basylmagy eden-etdilikli, ýagny bikanun diýen karara geldi.

Iş topary Türkmenistanyň häkimiýetlerine G.Matalaýewi azatlyga çykarmagy we onuň kompensasiýa hukugyny üpjün etmegi maslahat berdi.

Türkmenistan 2019-njy ýylda halkara “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň dünýäde metbugat azatlygy boýunça taýýarlan ýyllyk reýtinginde iň soňky, 180-nji orny aldy.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG