Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Mary welaýaty. Ýolda balyk satýan oglanlar. Arhiw suraty

Türkmenistanda häkimiýetleriň aw tüpeňlerine berk gözegçiligi ýola goýmagy, olaryň ilatdan yzygiderli konfiskasiýa edilmegi we ok-däri söwdasyna girizilen berk çäklendirmeler netijesinde, ýerli awçylar, şol sanda köllerde balyk tutýanlar üçin girizilen gadagançylyklar hem dowam edýär.

Bir ýarym ýyl çemesi öň hukuk goraýjy guramalar ilatdaky aw tüpeňleriniň ählisinihasaba almak bahanasy bilen ýygnap aldylar we olary yzyna gaýtaryp bermegi gijikdirip gelýärler” diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy bilen anonimlik şerinde gürleşen lebaply awçy gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, häkimiýetler “tüpeňlerimizi haçan yzyna gaýtaryp berýärsiňiz?” diýlen soraga gysgaça “soň bereris” diýip jogap berýärler.

“Ýöne bu örän uzaga çekýär. Aw möwsümi gelende, awçylaryň käbiri hem öz maşgalasy, hem polisiýa işgärleri üçin guş awlajak bolup, öz tüpeňlerini häkimiýet wekillerinden iki-üç günlük satyn alýar, soň olar ýaraglaryny indiki möwsüme çenli yzyna tabşyrýar” diýip, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan awçy aýtdy.

Öňki ýyllarda awçylar Azatlyk bilen söhbetdeşlikde awçylar üçin ok-däri satýan dükanlaryň boşap galandygyny, şol bir wagtda-da özleriniň awçy hökmünde agzalyk töleglerini tölemäge mejbur bolýandyklaryny we her ýyly ok-däri hantamaçylygynda geçirýändiklerini habar beripdiler.

Ýerli awçylaryň garşysyna girizilen gadagançylyklar diňe olaryň tüpeňleriniň konfiskasiýa edilmegi, ok-däriniň emeli gytçylygynyň döredilmegi bilen hem çäklenmeýär. Bu çäklendirmeler başda ýurduň emeli we tebigy suw howdanlarynda balyklaryň tebigy ýagdaýda köpelmegi üçin şert döretmek bilen düşündirildi.

Bu çäräniň çäginde käbir emeli we tebigy suw howdanlarda balyk tutmaga bäş ýyllyk gadaganlyk girizildi. Azatlygyň 2013-nji ýylyň aprel aýynda habar berşi ýaly, Lebap welaýatynyň Galkynyş (ozalky Dänew) etrabynda ýerleşýän Ketdeşor, Ýerajy, Rahmanköl atly köllerde balyk tutmaga bäş ýyl gadaganlyk girizildi.

Şol bir wagtda, Azatlygyň Lebapdaky habarçysynyň öňki ýyllarda beren maglumatlaryna görä, bazarlarda balyk bolçulygyny döretmek üçin suw howdanlarynda balyk ýetişdirmek isleýän hususyýetçilere hem ygtyýarnama, bank karzlary berildi.

Emma indi, habarçymyzyň maglumatyna görä, suw howdanlaryndaky balykçylyk “ýokarda arkasy bar” diýip biliýän aýry-aýry adamlaryň ygtyýaryna geçýär.

Mysal üçin, Gazojak suw howdanyndan Garagum kanalyna çenli aralykdaky balykly ýerleriň ählisiniň “arkaly adamlaryň” kontrollygyna geçendigi habar berilýär.

Gazojakda adamlar balygyň hasabyna ýaşaýardylar. Emma indi olaryň gaýyklary, torlary ellerinden alyndy. Ol ýerde indi aňsat balyk tutmaga gidip bolanok... Ýollar goralýar. Ýogsa balykçylaryň köpüsi çeňňekli, emma şol çeňňek we balyk bilen tutulsaň hem, çeňňegiňi we balyklaryňy eliňden alyp, jerime salýarlar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran balykçy radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Aýdylmagyna görä, ýerli ilat balygyň tagamyny ýatdan çykaryp barýar.

Ozallar balyk tutmaga gitmek dynç almagyň bir görnüşidi, indi balyk tutmaga gitjek bolsaň, jenaýata baş goşýan ýaly bolýarsyň” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
'Türkmenator': Berdimuhamedow ýene harby ukyplaryny görkezdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:02 0:00

Habar serişdeleri Türkmenistanyň prezidentiniň welosiped sürüp barşyna sapançadan nyşana ok atyp, “ýaş esgerleri ruhlandyryşy” hakynda habar berýärler.

TDH-nyň maglumatyna görä, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 13-nji iýunda birden ýurduň ýaragly güýçleriniň söweşjeň ukybyny barlamak kararyna geldi we gije ýarymdan agandan soň degişli düzümleri söweşjeň taýýarlyk ýagdaýyna getirmek barada buýruk berdi.

Türkmen telewideniýesi bu habaryň çäginde Berdimuhamedowyň dürli ýaraglardan nyşana ok atyp, nyşanalardan, şol sanda welosiped sürüp barşyna hem, hatasyz urşuny görkezdi.

Adatça bolşy ýaly, türkmen telewideniýesiniň prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ol ýa-da beýleki ugurdan gazanan üstünliklerini görkezmek üçin taýýarlan wideosy bu gezegem daşary ýurt habar serişdelerinde kinaýaly habarlaryň taýýarlanmagyna sebäp boldy.

Mysal üçin, Angliýanyň “The Sunday Times” neşiri bu waka bagyşlan makalasynda “Türkmenistanyň prezidentiniň hatda iki çarhyň üstünden hem hatasyz atyp” bilýändigini nygtaýar.

Habarda Berdimuhamedowyň mundan öň DJ, çapyksuwar, ýaryş maşynyny sürüji, serkerde, tigir sürüji, gitaraçy we atlar hakynda joşýan liriki şahyr hökmünde öz talantlaryny görkezendigi hem bellenip geçilýär.

"The Sun" neşiri bu täzelik baradaky habaryny “Dälibaş prezident “ýurduň ýaş esgerlerini ruhlandyrmak” üçin özüniň welosiped üstünden ok atyşyny görkezýän Putin äheňli wideosyny çap etdi” diýip atlandyrýar.

Şeýle-de neşir türkmen lideriniň geň-enaýy hereketleriniň köplenç döwlet eýeçiligindäki telewideniýede uly çynlakaýlyk we dabara bilen görkezilýändigini belleýär.

Öňki SSSR-iň çägine girýän ýurtlaryň rus we iňlis dilli neşirleri hem soňky döwürde türkmen prezidenti hakynda daşary ýurt habar serişdelerinde çykýan täsin maglumatlary duşdan geçirmeýärler.

Mysal üçin, AKIpress bu täzelik baradaky habaryny “Prezident Berdimuhamedow tigir sürüp barýarka ok atmak ussatlygyny görkezýär” diýip atlandyrsa, "Russia Today" neşiri “Türkmenistanyň prezidenti tigir üstünden atyş taktikalary bilen sürüş praktikasyny geçýär, sebäbi... neme üçin bolmasyn?” diýip atlandyrypdyr.

Habar serişdeleri türkmen lideriniň ok atan nyşanalaryndan hatasyz urandygyny we oňa tomaşa edýän harbylaryň bu üstünlige çynlary bilen begenip, dyngysyz el çarpandyklaryny hem belleýärler.

Türkmenistanyň prezidentiniň welosiped üstünden ok atmak ussatlygyny görkezýän wideonyň iňlis dilli neşirlerde hem çap edilen wagty Aziýa liderleriniň 27 agzaly regional toparynyň Duşenbede sammite toplanan wagtyna gabat geldi, Berdimuhamedow bu möhüm maslahata gatnaşmady.

Berdimuhamedow 2018-nji ýylda özi gatnaşman, merkezi aziýa liderleriniň Astanada geçen sammitine ogly Serdar Berdimuhamedowy iberdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG