Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Türkmen döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, 17-nji iýunda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ogly Serdar Berdimuhamedowy Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine belledi.

Bu habaryň döwlet metbugatynda çap edilmeginden birnäçe sagat ozal, Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 17-nji iýunda geçiren hökümet mejlisinde Serdar Berdimuhamedowy Ahal welaýatynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji wezipesine belländigini habar beripdi.

Berdimuhamedow ogluny Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine belledi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:42 0:00

Ýöne aradan az salym geçenden soň, degişli maglumat döwlet metbugatynda peýda boldy we 37 ýaşly Serdaryň Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine bellenendigi aýdyldy.

Prezidentiň 17-nji iýunda gol çeken permany bilen Ahal welaýatynyň öňki häkimi Şöhrat Amangeldiýew wezipesinden boşadyldy. Ol Ministrler Kabinetiniň oba hojalyk pudaklary bölüminiň müdiri wezipesine bellenildi.

Mundan birnäçe aý ozal, Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri prezident Berdimuhamedowyň ogly Serdary Lebap welaýatynyň häkimi wezipesine bellemegi göz öňünde tutýandygyny habar beripdi, ýöne näbelli sebäplere görä, bu plan goýbolsun edildi.

Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 2-nji ýanwarynda ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşadylyp, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenipdi.

18-nji iýunda Azatlyk Radiosyna Wenadan beren telefon interwýusynda Türkmenistanyň Türkiýedäki we Ysraýyldaky öňki ilçisi Nurmuhammet Hanamow prezidentiň öz ogluny ýurduň iri we merkezi welaýatynyň häkimi wezipesine bellemeginiň garaşylan waka bolandygyny aýtdy.

“Bu waka, hakykatdan-da Türkmenistanyň umumy ýagdaýyny analiz etseň, Berdimuhamedowyň öz ýagdaýyny analiz etseň, bu garaşylýan waka. Näme üçin diýseňiz, [Berdimuhamedowyň] 1-2 ýyl bäri öz ogluny öz ýerine taýynlaýandygy aç-açan görnüp duran zat” diýip, Hanamow aýtdy.

Berdimuhamedowyň ogly - Serdar mirasdüşermi?
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:24 0:00

Prezidentiň ýeke-täk ogly Serdar Berdimuhamedow 2016-njy ýylyň noýabr aýynda ilki parlament deputatlygyna, 2017-nji ýylyň martynda bolsa Mejlisiň kanunçylyk komitetiniň başlyklygyna saýlandy. Ol şondan bäri ýurduň syýasy sahnasynda wajyp rol oýnap gelýär.

“Bu zatlaryň hemmesi, hemme etapy geçip, syýasat, kanun organynyň işleri bilen tanyş bolmak, hojalyk işi bilen tanyş bolmak, şu zatlaryň hemmesini öwrense, ynha ‘hakykatdan-da gelejekde meniň ýerime arkaýyn geçip bilýär, hemme taraplaýyn tanyş, taýyn kadr’ diýip, [prezidentiň] edýän işi” diýip, Hanamow belledi.

Soňky deputatlyk saýlawlarynyň öňýany döwlet eýeçiligindäki “Neýtralnyý Türkmenistan” gazeti Serdaryň resmi terjimehalyny çap etdi.

Ondaky maglumatlara görä, 1981-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda doglan 37 ýaşly Serdaryň, kakasy prezidentlik wezipesine girişýänçä dowam eden, birsydyrgyn bilimi we karýerasy ünsi çekýär. Emma kakasy döwlet baştutany wezipesine girişenden soň, Serdar Berdimuhamedow 2008 – 2011-nji ýyllar aralygynda Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň binýadyndaky Diplomatiki Akademiýasynda halkara gatnaşyklary ugry boýunça bilim aldy, onuň yzýany 2011 – 2013-nji ýyllarda bolsa Ženewada halkara howpsuzlyk ugrundan okady.

Nurmuhammet Hanamow gysga wagtyň içinde dürli ýokary wezipelere bellenen Serdar Berdimuhamedowy wezipä bellemekde prezidentiň welaýat häkimligi bilen çäklenmejekdigini çaklamaga esas bardygyny gürrüň berdi.

“Bu Ahal welaýatynyň häkimi bolup hem kän işlemez, meniň pikirim boýunça, ertesi ýa mejlise başlyk eder, ýa ýene şoňa meňzeş bir zat eder – kanun boýunça özi aýrylan ýagdaýynda ýerine geçjek adam ogly bolar ýaly edip goýar, göreris ynha” diýip, Hanamow belledi.

Soňky wagtlarda Merkezi Aziýa ýurltarynyň käbirlerinde hökümet başyndaky liderleriň çagalary ýokary wezipelere bellenildi.

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon 2017-nji ýylyň ýanwarynda ogly Rustam Emomalini Täjigistanyň paýtagty Duşenbäniň häkimi wezipesine belledi.

2019-njy ýylyň martynda Gazagystanyň ilkinji prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň gyzy Dariga Nazarbaýewa ýurduň Senatynyň ýolbaşçylygyna bellenildi.

2019-njy ýylyň aprelinde Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň uly gyzy Saida Mirziýoýewa ýurduň Metbugat we maglumat agentliginiň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.

17-nji iýunda Türkmenistanyň prezidenti hem ogly Serdary Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine belledi.

Synçylar bu wakanyň aýyň 17-sinde amala aşyrylmagyny prezidentiň 7-lik sanyna aýratyn çemeleşigi bilen düşündirýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Türkmenistandaky yzarlamalar tatu ussalaryny ýurtdan gitmäge mejbur edýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:47 0:00

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG