Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Ýekşenbe 2 Iýun 2019

Kalendar
Ýanwar Fewral Mart Aprel Maý Iýun Iýul Awgust Sentýabr Oktýabr Noýabr Dekabr
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA ýurtlarynyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini alyp barýar. 31-nji maý, 2019.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA ýurtlaryny TOPH gaz geçiriji taslamasynyň amala aşyrylmagyna gatnaşmaga çagyrýar. Synçylar Aşgabadyň öz köp milliardlyk taslamalarynyň gümürtik netijeleri bilen ýüzbe-ýüz galandygyny belleýärler.

TOPH bilen bagly täze çagyryş 31-nji maýda, GDA ýurtlarynyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň Aşgabatda geçirilen mejlisinde, goňşy Owganystanda Ramadan aýynda hem zorlukly wakalaryň doly dowam edýän wagtynda edildi.

Türkmenistan TOPH taslamasynyň işine goşulmak ýa-da oňa maýa ýatyrmak tekliplerini mundan öň başga ýurtlara we kompaniýalara hem edipdi.

Geçirijiniň gurluşygynyň we işledilmeginiň 85% harajadyny özi çekmeli bolan türkmen hökümet, energiýa bahalarynyň global arzanlamagy, köp milliard dollarlyk taslamalara soňuny saýmazdan serişde ýatyrmagy netijesinde, ekspertleriň aýtmaklaryna görä,öz taryhynda iň agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýär.

Emma resmi Aşgabat, ýurduň ilatyna 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri berilýän durmuş ýeňilliklerini ýatyryp, ýangyç bahalaryny yzygiderli galdyrmak bilen, adamlaryň durmuş derejesiniň ýokarlanandygyny nygtap, “ykdysady krizis” barada aýdylýanlary ýylda milliardlarça dollara durýan desgalaryň gurulýandygy bilen “ýalana çykarýar”.

Syzyp çykan resmi maglumatlar bu ýadaýyň soňky on ýylda iki milliona golaý türkmen raýatynyň başga ýurtlara işlemäge hem-de ýaşamaga gitmegine sebäp bolandygyny çaklamaga esas berýär.

Ikinji tarapdan, 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri gürrüňi edilýän TOPH gaz geçirijisi taslamasynyň öňündeçynlakaý howpsuzlykmeseleleri hem bar, sebäbi goňşy Owganystandaky konflikt, parahatçylyk gepleşikleri barada edilýän tagallalara garamazdan, häzirlikçe güýçlense güýçlenýär, ýöne köşeşmeýär.

Berdimuhamedow GDA ýurtlarynyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde maliýe we gurluşyk meseleleri aýdyňlaşdyrylmaýan TOPH geçirijisiniň gurluşygynyň “eýýäm doly güýjünde barýandygyny” ynandyrmaga çalyşdy.

Onuň pikiriçe, “bu taslama oňa gyzyklanma bildirýän GDA döwletleriniň dürli görnüşde gatnaşmagy üçin geljegi açýar”.

Türkmen prezidenti bu meselede göni maýa ýatyrmak barada gürrüň etmän, “ugurdaş düzümleriň gurulmagy, hyzmatlar, taslamany amala aşyrmak üçin zerur enjamlary we tehnikalary ibermek barada gürrüň edip boljagyny” bellemek bilen çäkländi.

Ikinji tarapdan, Berdimuhamedow TOPH meselesinde GDA-dan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasydan we Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginden hem hyzmatdaşlyga garaşýana meňzeýär.

Arkalaşygyň kuwwatynyň häzir aragatnaşyk we kommunikasiýa ýaly geljegi uly ulgamda doly açylmandygyna ynanýaryn” diýip, ol bu ugurda ozalky edilen işler hökmünde Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoluny, Türkmenbaşy portuny, Türkmenistanyň bu ugurda Özbegistan, Azerbaýjan bilen amala aşyrmakçy bolýan taslamalaryny mysal getirdi.

Berdimuhamedow Täjigistan bilen aradaky sowaşmalara sebäp bolandygy aýdylýan TOT (Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan) demir ýoly taslamasyny agzamady.

Ekspertler Täjigistana barýan ýa-da bu ýurtdan gelen ýük ulaglarynyň türkmen serhetlerinde bökdelmeginiň sebäbini Duşenbäniň, Özbegistan bilen demirýol gatnaşygy gowulanandan soň, TOT gurluşygyna harajat çykarmaga howlukmazlygy bilen baglaýarlar. Emma resmi Aşgabat bu ýagdaý barada çykýan maglumatlara aýdyňlyk salmagy zerur hasaplamaýar.

Türkmenistan diňe entek doly gurulmadyk TOT meselesinde däl, eýsem 2014-nji ýylyň dekabrynda ulanmaga berlen GTE (Gazagystan-Türkmenistan- Eýran) demir ýoly babatda hem, ekspertleriň pikiriçe, utulana meňzeýär.

Her ýylda 10 -12 million tonna ýük daşamaga ukyply Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoly, gazak deputat Aýkyn Konurowyň 19-nji dekabrda gazak parlamentinde eden çykyşynda aýtmagyna görä,“häzirki wagtda özünden garaşylan tamalary ödäp bilmeýär”.

Biziň hasaplarymyza görä, şu ýylyň 10 aýynda GTE demir ýoly boýunça 1 million tonnadan sähel gowrak ýük daşaldy, tranzitiň göwrümi 2 ýüz müň tonna-da ýetmedi” diýip, gazak deputaty halkara ulag geçelgesi hökmünde görkezilýän demir ýoluň aslynda işlemeýändigini öňe sürdi.

Ekspertleriň pikirlerine görä, Türkmenistanyň milliarlarça dollar harçlan taslamalarynyň ýene biri bolan Türkmenbaşy portunyň hem biznes perspektiwalary gümürtik görünýär.

2015-nji ýylda gurlup başlanan we türkmen böleginiň eýýäm tamalanandygy aýdylýan TOPH göz öňünde tutulan wagtynda gurlup gutarylsa we işe girizilse, Türkmenistan bu geçiriji arkaly ýylda 33 milliard kub metr möçberinde gaz satmakçy bolýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Illýustrasiýa suraty

“Dünýä Türkmenleri” gepleşiginiň bu sany Türkmenistanyň raýatlarynyň köpçülikleýin emigrasiýasy bilen bagly meselelere gönükdirilýär.

29-njy maýda Azatlyk Radiosy soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistandan 1.9 milliona golaý adamyň ýurduň daşyna uzak möhletli emigrasiýa edendigi barada habar berdi.

  • Bu günki gepleşigiň dowamynda Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally ýurtda bolup geçýän häzirki göçhä-göçlügi garaşsyzlygyň ilkinji ýyllary bilen deňeşdirdi.
  • Stambuldan gepleşigimize gatnaşan türkmen migranty Jumasapar Dädebaýew Türkiýedäki türkmenistanlylaryň ýüzbe-ýüz bolýan ýaşaýyş-durmuş şertleri barada gürrüň berdi.
  • Moskwadan gepleşigimize gatnaşan türkmenistanly student Perman Türkmenistandaky häzirki ykdysady şertleriň oňaýsyzlygy sebäpli köp sanly türkmenistanly talyplaryň köplenç halatda Russiýada wagtlaýyn saklanmaga synanyşýandyklaryny gürrüň berdi.
Tükmenistanlylaryň täze emigrasiýa tolkunlary (1-nji bölüm)
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG