Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Arçman. Türkmen esgerleri. Arhiw suraty

Türkmenistan garaşsyz ýurt bolup, milli türkmen goşuny döredilen wagtyndan bäri geçen otuz ýyla golaý wagt içinde goşundaky kemsitmeler, esgerleriň we olaryň komandirleriniň arasyndaky 'eziş ýa agalyk medeniýeti' diýilýän 'açyk syra' öwrüldi. Bu ýagdaý goşunda gulluk etmegiň il arasynda käte iki ýyl türmede bolmak bilen deňelmegine alyp geldi.

Golaýda ozalky esgeriň Azatlygyň "Hormatly Arkadag" rubrikasyna hat ýazyp, öz tejribelerini we pikirlerini paýlaşmagy bu meseläniň nähili ýiti durandygyna ýene bir gezek ünsi çekdi. Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda gulluk edendigini aýdýan esger "2 yylyň içinde özüni asmaga synanyşan, iňňe ýuwudan, özüni pyçaklan, gaçmaga synanyşan esger gördüm" diýip ýazýar.

Azatlyk radiosy türkmen goşunynda emele gelendigi aýdylýan ýagdaýlar barada hukuk goraýjy Farid Tuhbatullin bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk radiosy: Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ölüminden soň türkmen goşunynda käbir reformalaryň geçirilendigi habar berildi, emma gelýän habarlar esgerleri ezmegiň saklanyp galandygyny tassyklaýar. Siziňçe, munuň sebäbi nämede?

Farid Tuhbatullin: Meniň garaýşymça, Goranmak ministrliginiň ýolbaşçylary, şol sanda tutuş hökümet ýolbaşçylary häzirki zaman tejribelerini,beýleki ýurtlaryň tejribelerini kabul etmän, sowet döwründen galan tejribeleri ulanmaklaryny dowam etdirýärler. Olar muňa düşünmeýärler ýa-da düşünmek islemeýärler, sowet goşuny diňe ýaraglanyşy bilen däl, eýsem sany boýunça hem kuwwatlydy.

Hemmeleri bir uçdan goşun gullugyna almak we çem gelen ýerinde, çem gelen ugurdan gulluk etdirmek sowet döwründäki goşundan galan miras we däp bolup durýar. Ýöne bu hakykatda ýurduň goranyş kuwwatyny ösdürmäge örän uly zyýan berýär. Häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak üçin goşuny mobil ýagdaýa getirmek gerek.

Ýewropanyň uly bolmadyk ýurtlarynda bolşy ýaly, Türkmenistana o diýen uly bolmadyk, emma mobil we söweşe ukyply goşun gerek. Ýöne Ýewropada beýleki bir topar ýagdaýlar bilen bir hatarda, hemmeler öz öýleriniň golaýynda gulluk edýärler. Meniň pikirimçe, türkmen goşunynda dedowşinanyň ýüze çykmagynyň bir sebäbi hem şu ýerden gelip çykýar – sebäbi biziň oglanlarymyzy, mysal üçin, Marydan Daşoguza, Daşoguzdan Aşgabada, Aşgabatdan Çärjewe (Türkmenabada) harby gulluga ugradýarlar, ýagny olary öýlerinden mümkin boldugyça daşraga ibermäge çalyşýarlar.

Meniň öz şahsy ynanjyma görä, eger-de oglanlar öz öýleriniň golaýynda gulluk etseler, bu problema azrak bolardy. Şunuň ýaly üns berilmeli inçe meseleler başga-da kän we biziň generallarymyz bu ugurda uly rowaçlyk gazanan ýurtlaryň tejribelerini öwrenmäge we olary öz şertlerinde, ilatyň we esgerleriň sanynyň örän azbolan ýurdunda ulanmaga ukyply bolup görünmeýär.

Azatlyk: Türkmen goşunynyň ofiserleriniň esgerlerden, olaryň ene-atalarynda para alýandygy barada hem maglumatlar gelip gowuşýar. Bu olaryň aýlyklarynyň azlygy sebäpli bolýan zatmy ýa bu ýerde başga-da sebäpler barmy?

F. Tuhbatullin: ​Korrupsiýa ýurtda ähli pudaga ýaýran wagtynda ondan gyrada galyp biljek ugur bolar öýtmeýärin. Men bilýärin, ofiserler para alýarlar, bize hem bu meselede ýeterlik derejede kän maglumat gelip gowuşýar; olar ene-atalardan hem alyp bilenini alýarlar, harby gulluga gelen oglanlardan hem. Ýöne olar alan paralarynyň uly bölegini ýokaryk, öz ýolbaşçylaryna geçirmäge mejbur bolýarlar. Soň ol paralaryň ýene bir bölegi ýokaryk we ýokaryk geçirilýär. Ýagny olar ähli alan paralaryny diňe özleri üçin almaýarlar.

Onsoň şeýle ýagdaýda, eger esgeri urýan bolsalar, ene-atalaryň özleri hem ofisere, bölüm komandirine sowgat getirmäge taýýar bolýar. Sebäbi olar öz ogullarynyň nähilem bolsa bir goragynyň bolmagyny, gowurak şertde saklanmagyny isleýärler.Elbetde, bu hili ýagdaýda zat bermäge ýagdaýy bolan ene-atalar zat berýär, emma zat bermäge ýagdaýy bolmadyk ene-atalaryň çagalary has kän ejir çekýär.

Azatlyk: Ozalky esgerleriň birnäçesiniň tassyklamagyna görä, goşunda gulluk eden ýaşlaryň köpüsi ol ýerde ozalky bolan watançylyk duýgularyny ýitirýär, olaryň döwlete, ýolbaşçylara ynamy azalýar. Türkmenistan goňşy ýurtlar bilen araçäkden abanýan käbir howp-hatarlara garşy durmaga taýýar bolmaly ýagdaýynda bu aýdylýan zatlar türkmen goşunynyň goranyş ukybyna nähili täsir ýetirip biler?

F. Tuhbatullin: ​ Men meseläniň şeýle goýulmagy bilen doly ylalaşýaryn. Sebäbi goşun gullugyna alnyp, harby gullukdan geçýänleriň aglaba köplügi hakykatda öz öýlerini goramaga taýýar däl, olar gowy bolanda öz janlaryny halas etmek üçin gaçarlar. Sebäbi olara gorara hiç zat we hiç kim ýok. Ýurtda kadaly durmuş ýok, kadaly iş ýok. Olaryň ene-atalary hem juda agyr şertlerde, garyplykda ýaşaýarlar. Onsoň bu ýagdaýda olar nämäni gorap biler, nämäniň hatyrasyna söweşip we baş goýup biler? Özem bu ýagdaý umuman bilinýän zat.

Ýadyňyzda bolsa, Ikinji jahan urşy ýyllarynda Stalin öň hatardan gaçýan esgerleri saklamak üçin ýeňseki otrýadlary döretmeli boldy. Sebäbi şol wagt hem esgerlerde nämäni goramaly diýen sorag döräpdi, sebäbi kommunistler olaryň aglaba köplüginiň barja bolanemlägini alypdy. Şuňa meňzeş ýagdaýlar we garaýyşlar biziň goşunymyzda hem bar. Ýaş nesilde öz ýurduny goramaga bolan gyzyklanma düýpden ýok. Biziň görşümiz ýaly, olaryň köpüsi harby gullukdan geçýänçä garaşýar we soň derrew ýurtdan çykyp, bir ýerlere,Türkiýä, Birleşen Arap Emirliklerine ýa başga bir ýurda gitmäge, öz ýurdunda uzak galmazlyga çalyşýar.

Azatlyk: Ýerli synçylaryň käbiri türkmen goşunynyň kontrakt esasyndaky harby gulluga geçmelidigini, professional goşun bolmalydygyny, şondan esgerleri ezmegiň, harby gullukdaky korrupsiýanyň az boljagyny aýdýarlar. Siz bu pikire nähili gaýarsyňyz?

F. Tuhbatullin: Men muny ideal çykalga hasaplamaýaryn, şol bir wagtda men bu ugurdan hünärli adam hem däl. Emma häzirki wagtda professional goşun ileri tutulýar. Muny post-sowet giňişliginde we goňşy ýurtlarda bolýan konfliktler bilen baglylykda hem görse bolýar. Regulýar goşun eline gyssagara ýarag tutdurylan çem gelen hünärdäki adamlardan däl-de, diňe professionallardan düzülen halatynda üstünlikli söweşip biler. Şu sebäpden, belki, bu Türkmenistan üçin iň optimal çykalga bolup biler. Ýöne örän akylly kelleler gerek, maliýe serişdeleri gerek, şertnama, ýagny kontrakt goşunyna geçmek üçin örän jikme-jik we anyk plan düzülmegi gerek. Meniň pikirimçe, bu örän uzak wagt alar.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG