Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Tatarystan, Kazan, Sabantuýa gelen adamlar. 23-nji iýun, 2019.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 23-nji iýunda Tatarystana bir günlük iş saparyna geldi.

TDH ýurduň ýene 2000 KAMAZ awtomobilini satyn aljagyny habar berýär, Orsýetiň “Tatneft” kompaniýasy bolsa, Türkmenistan bilen nebit çykarmak hyzmatdaşlygyny giňeltmek barada ylalaşyga geldi. Bu barada “Interfaks” agentligi habar berýär.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tatarystana edýän iş saparynyň dowamynda “Türkmennebit” döwlet konserni bilen jemgyýetçilik aksioner jemgyýeti “Tatnebit” özara düşünişmek hakyndaky jarnama gol çekdi diýip, nebit kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berýär.

"Gol çekilen dokument kompaniýalaryň arasynda “Tatneftde” bolan netijeli tehnologiýalary we tejribeleri “Türkmennebitiň” ýataklarynda ulanmakda hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiliklerini berýär.

"Nebit we gaz guýularyny burawlamakda, gapdal sütünlerini kesmekde, maddy-tehniki serişdeler bilen üpjünçilikde, nebit çykarylyşyny ýygjamlaşdyrmakda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek planlaşdyrylýar” diýip, metbugat üçin beýanatda aýdylýar.

"Tatnebit” öz nebit çykarmak işlerini Türkmenistanda hem amala aşyrýar, eýýäm saldamly möçberde nebit çykaryldy. Bu biziň diňe nebit çykarmajakdygymyzy, eýsem geljekde “Tatnebit” bilen belki-de nebiti gaýtadan işlemek meselelerine hem seretjekdigimizi aňladýar” diýip, Berdimuhamedow ýekşenbe güni, Tatarystanyň prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşykdan soň žurnalistlere aýtdy.

Öz gezeginde “Tatneft” kompaniýasynyň başlygy Nail Maganow žurnalistlere kompaniýanyň Türkmenistanda gazyp alan nebitiniň möçberiniň 200 müň tonna golaý bolandygyny habar berdi.

"Gaýtadan işlemek –özümiz üçin oýlanylmaly täze wezipeler, islegler boldy, umuman, tekliplerimizi taýýarlarys” diýip, Maganow aýtdy.

"Tatneft” we “Türkmennebit” 2010-njy ýylyň awgustynda türkmen kompaniýasynyň Goturdepe nebit ýatagyny özleşdirmeginiň çäginde nebit çykarylyşyny ýokarlandyrmak bilen bagly hyzmatlar boýunça 7 ýyllyk şeretnama baglaşdy.

Mälim bolşy ýaly, “Tatneft” 2011-nji ýylyň fewralynda Türkmenistandaky filialyny hasaba aldyrdy.

“Tatnebit” şu ýyl Goturdepe ýatagyndaky nebit guýularyny diketltmek we burawlary bejermek boýunça işlerini gaýtadan başlandygyny habar berdi.

Şu aralykda, türkmen prezidentiniň Tatarystana saparynyň öňüsyrasynda geçirilen hökümet maslahatynda Aşgabadyň 2000 sany KAMAZ ulagyny satyn alýandygy habar berildi.

Transport boýunça wise-premýer Mämmethan Çakyýew bu ulaglaryň ministrlikleriň mady-tehniki bazasyny gowulandyrmak üçin alynýandygyny aýtdy.

Şu aralykda Tatarystanyň Biznes Online neşiri KAMAZ-yň Türkmenistana 250 samoswal ibermek tabşyrygyny alandygyny habar berdi.

Mundan başga, Aşgabatda we ýene dört welaýatda KAMAZ-yň okuw-hyzmat merkezlerini açmak baradaky ylalşyga gol çekildi.

Şu aralykda, Kazanda Tatarystanyň we Türkmenistanyň prezidentlerine garaşylýandygy sebäpli, polisiýanyň adamlary Sabantuý dabarlarynyň geçjek ýerine goýbermýändigi habar berildi.

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowyň Tatarystana geçen ýyl agtygy Kerimguly bilen bile eden sapary futbol boýunça dünýä çempionatynyň Kazanda geçirilen ýaryşyna gabat gelen bolsa, onuň bu ýyldaky sapary tatarlaryň milli baýramçylygyna - Sabantuý dabaralaryna gabat geldi.

Saglyk ministrligi adamlara çaýy prezidentiň kitabynda beýan edilişi ýaly demlemegi maslahat berýär.

Regionlaryň birindäki habarçymyz ýerli lukmanlaryň geçen ýylyň dekabrynda 1997-nji ýylda doglan raýatyň bagryndan dert tapandyklaryny, emma ony bejerjek bolup, has beter hala salandyklaryny habar berýär.

Azatlygyň redaksiýasynda wakanyň bolan ýeriniň anyk salgysy, näsagyň ady we familiýasy bar, emma biz olary ejir çekeniň ýagdaýyny çylşyrymlaşdyrmazlyk üçin aýtmazlyk kararyna geldik.

Berlen maglumata görä, welaýat merkeziniň lukmanlary näsag zenanyň bagryndan gurçuk tapylandygyny, onuň bagrynda gyssagly operasiýa edilmeginiň zerurdygyny aýdýarlar.

Ýöne bu operasiýanyň bahasy näsag we onuň maşgalasy üçin örän gymmat bolup çykýar, olardan welaýat merkezindäki hassahanada ediljek operasiýa üçin dört müň manat tölemegi soraýarlar.

Netijede, bu serişdäni tapyp bilmedik maşgala näsagyň bagryndaky operasiýany etrap hassahanasynda etdirmek kararyna gelýär, sebäbi ol ýerde bu operasiýa üçin 1200 manat soraýarlar.

Emma welaýat merkezinde edilmeli gymmat operasiýadan arzanrak düşen operasiýasy näsaga has gymmat düşene meňzeýär.

Operasiýadan soň gyzymyň gyzgyny galyp başlady we hatda 40 gradusa çenli baryp ýetdi, lukmanlar gyzgynyny peseltjek bolup, oňa her dürli gyzgyn peseldýän dermanlary sanjym etdiler” diýip, näsagyň ejesi Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýöne ol gyzyna edilen sanjym dermanlarynyň atlaryny bilmeýär.

Edilen sanjymlardan soň gyzym aýaklaryny duýman başlady we ýöremekden galdy. Lukmanlar “bu geçer” diýdiler. Ol hassahana düşeginde ýatan wagtynda hemişe hereketsiz boldy, arkasynda uzak ýatmakdan deriniň ölen ýerleri peýda boldy” diýip, näsagyň ejesi gürrüň berdi.

Şeýle-de ene gyzy hassahanadan çykarylanda, onuň jogapkärçiligini hiç kimiň öz üstüne almandygyny aýtdy.

Azatlygyň ýerli habarçysy bu waka barada ýerli ekspertiň hem pikirini sorady.

Anonimlik şertinde gürleşen saglyk eksperti, ozalky lukman, beýle ýagdaýyň döremegine operasiýa eden lukmanyň “gödek ýalňyşynyň” sebäp bolandygyny öňe sürdi. Ol bu "ýagdaýa” düşen näsaga soňra hem bolmalysy ýaly seredilmändigini, sebäbi türkmen lukmanlarynyň soňky döwürde köplenç näsagyň ýa onuň hossarlarynyň “eline seredýändigini” sözüne goşdy.

Eger ol näsagyň maşgalasynyň puly bolan bolsady, oňa aýratyn ýagdaýda serederdiler” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran saglyk eksperti aýtdy.

Azatlygyň habarçysynyň anyklamagyna görä, gürrüňi edilýän zenan adamsy bilen aýrylyşan we ýekelikde bir çagasyny terbiýeleýär. Ol bu wakadan soň dürli hasshanalarda bolýar, hatda Aşgabatda hem barlagdan geçýär, emma oňa her baran ýerinde başga-başga diagnozlary goýýarlar.

Näsagyň ejesi ugruna çykyp, gyzyna döwletden maddy kömek almagy başardy, oňa 1-nji topar maýyplyk derejesi berildi diýip, habarçy ýazýar. Ýöne onuň alýan kömegi ýeterlik däl, diňe geptaral dermanynyň özi dermanhanalarda 700 manatdan satylýar diýip, habarçy ýazýar.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen saglyk eksperti hem dermanlaryň maşgalalar üçin gymmat bolýandygyny, olaryň zerur dermanlary satyn alyp bilmeýän wagtynyň az däldigini gürrüň berdi.

Golaýda onuň ýene-de gyzgyny galdy, onsoň ýene lukmanlara ýüz tutdular, lukmanlar barladylar, gany az diýen netijä geldiler, ol ýene derman almaly, emma derman gymmat... Ýerli lukmanlar jogapkärçiligi öz üstlerine almak islemeýärler, Aşgabada iberýärler. Munuň üçinem pul gerek” diýip, Azatlygyň habarçysy regionlaryň birinde agyr ýagdaýa düşen näsag barada beren maglumatynda ýazýar.

Türkmen mediasy ýurtda döwrebap saglyk desgalarynyň yzygiderli gurulýandygyny, olaryň iň täze medisina enjamlary bilen abzallaşdyrylýandygyny habar berýär, emma saglygy saklaýyş pudagynda bar diýilýän problemalary agzamaýar.

Şu aralykda türkmenistanlylar, eger ýagdaýyny tapsalar, karz-kowala girip, dertlerini daşary ýurtlara gidip bejertmegi ileri tutýarlar. Olar munuň sebäbini ýerli lukmanlaryň hünär derejesiniň peselmegi bilen düşündirýärler.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG