Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Aşgabat, iýun, 2019 (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda prezidentiň doglan gününe taýýarlyk görülýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň berýän maglumatlarynda görä, prezidentiň barmagyna taýýarlyk çäreler bir wagtda ýurduň ençeme regionynda alnyp barylýar, emma onuň nirä barjakdygy mälim edilmeýär.

29-njy iýunda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 62 ýaşaýar.

"Oňa Türkmenbaşyda garaşdylar, soň Magtymguly Pyragynyň obasy Magtymgulyda, soň Daşogza barýan ýollary ýapdylar. Soňky üç günläp iki tarapa taksi hem ýöremedi, şonda doglan günüň şol ýerde bellenjegini aýtdylar. Düýn bolsa dabaralaryň Maryda boljagy barada habarlar peýda boldy" diýip, 28-nji maýda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýtdy.

Mundan öň Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary we çeşmeleri Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda toýa taýýarlyk görülýändigini habar beripdiler. Bu ýerde abadanlaşdyryş işleri bilen bilelikde raýatlaryň hereket azatlygy hem çäklendirilipdi.

Türkmenistanda prezidentiň doglan gününiň öňüsyrasynda dürli ýerlerde bir wagtda görülýän uly taýýarlyklaryň fonunda Azatlygyň çeşmeleri toýuň boljak ýeri baradaky gürrüňleriň ýörite ýaýradylýandygyny aýdýarlar.

“Häkimiýetler gürrüňleri ýörite, howpsuzlyk maksatly ýaýradýarlar, hiç kim onuň barjak ýerini öňünden bilmez ýaly” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.

Türkmenistanda ýurt baştutanynyň doglan gününiň bellenip-bellenmejegi barda resmi maglumatlar bolmandy. Emma Azatlygyň çeşmeleriniň sözlerine görä, türkmen häkimiýetleri şu ýyl 62 ýaşyny doldurýan Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaşyna aýratyn ähmiýet berýärler.

“Bu adaty bir doglan güni däl, prezident pygamber ýaşyna girýär. Şonuň üçin bar zada aşa uly ähmiýet beýärler” diýip, çeşmämiz belledi.

Prezidentiň doglan güni Türkmenistanda resmi sene hasaplanylmaýar, emma ozalky ýyllaryň tejribesine görä, köplenç bellenýär.

2017-nji ýylda ýurtda uly ähmiýet berilýän baýramçylyklarynyň biri Magtymgulynyň şygryýet günleriniň senesi Türkmenistanyň prezidentiniň doglan gününe gabatlanyp üýtgedilipdi. Onlarça ýyllap 18-nji maýda Konstitusiýa güni bilen bilelikde bellenen bu sene 27-nji iýuna geçirilipdi. Baýramçylyklar bir hepdeläp dowam edýär.

27-nji iýunda prezidentiň Bedimuhamedowyň özi bu senäni abraýly bellemegi tabşyryp, hökümet maslahatynda çykyş etdi.

Ozalky ýyllarda Türkmenistanyň prezidentiniň doglan gününe degişli köpçüligiň üns merkezine düşen baýramçylyklaryň biri 2013-nji ýylda bolupdy.

Şonda amerikaly meşhur aýdymçy Jenifer Lopez Berdimuhamedowy 56-njy ýaş toýy bilen gutlap eden çykyşy üçin 1,5 million dollar möçberde pul gazanypdy. Şondan üç aý geçip geçmän Lopez "şeýle gapma-garşylykly at-abraýly syýasatçy" üçin beren konsertiniň ýalňyşlyk bolandygyny boýun alyp, köpçüligiň öňünde ökünýändigini aýdypdy. Berdimuhamedowyň şol doglan gününde Awazada geçiren baýramaçylyk konsertine orsýet aýdymçylary, şol sanda Filip Kirkorow, türkiýeli Mustafa Sandal we liwanly Nansi Ajram ýaly aýdymcylar gatnaşdyrylypdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana 2006-njy ýylyň dekabr aýynda Saparmyrat Nyýazowyň ýogalmagyndan soň ýolbaşçylyk edýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Türkmenistan şu ýyl 15 müň tonna pomidoryň we hyýaryň eksport edilendigini aýdýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:00 0:00

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG