Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Türkmenistan. Western Union arkaly pul geçirjek adamlar atlaryny ýazdyrýarlar.

Türkmenistandaky maliýe kynçylyklary, hususan-da daşary ýurtlarda okaýan çagalaryna pul iberýän ene-atalaryň ýüzbe-ýüz bolýan çäklendirmeleri we emeli bökdençlikleri dowam edýär diýip, Azatlygyň ýerli habarçylary habar berýärler.

Bu maglumat Ahalda bahasy iki milliard dollara golaýlaýan täze zawodyň açylan wagtyna gabat geldi we synçylar Türkmenistanyň şübheli taslamalara däl-de, bilime maýa ýatyrmalydygyny ýatladýarlar.

25-nji iýunda Daşoguzda “Western Union” arkaly pul geçirýän ene-atalar üçin täze düzgün girizildi: olar indi, pul geçirjek bolsalar, daşary ýurt pasportynyň ähli 48 sahypasyny (!) öz içine alýan göçürme görkezmeli. Ozallar diňe esasy sahypalaryň we ýurtdan soňky girip-çykmalaryň bellenen sahypalarynyň göçürmesi talap edilerdi” diýip, Daşoguzdaky habarçymyz aýdýar.

Onuň sözlerine görä, ene-atalar talon boýunça aýda diňe bir günde pul geçirip bilýärler, eger-de şol bir günüň dowamynda ýetişmeseň, pul geçirip bolmaýar. Munuň üçin gyssagly ýagdaýda daşary ýurtda okaýan çagaň bilen habarlaşmaly, ol saňa imo arkaly pasportynyň ähli sahypasynyň suratyny ibermeli, soň ene-ata ol suratlary çykaryp alyp, banka görkezmeli. Özem pasportyň göçürmesini şeýle görnüşde, her aýda pul geçirjek bolaňda, täzeden getirmeli.

Bellemeli ýeri, Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen ene-atalar beýle düzgüniň häzirlikçe diňe Daşoguzda girizilendigini, beýleki regionlarda beýle talabyň ýokdugyny aýtdylar.

Daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentleriniň ýagdaýyny kynlaşdyrýan çäklendirmeler munuň bilen hem çäklenmeýär.

Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen ene-atalaryň sözlerine görä, 1-nji iýuldan başlap, taýýarlyk kurslarynda we magistraturada okaýan studentlere hemme ýerde “Western Union” we “Visa” kartlary esasynda walýuta geçirmek bes edilýär.

Daşoguzdaky Türkmenbaşy bankynda we Türkmen-türk bankynda häzir bu kategoriýadaky studentlere pul geçirmegi bes etdiler” diýip, habarçymyz aýtdy.

Türkmenistanyň mekdeplerinde berilýän bilim derejesiniň pesligi sebäpli, daşary ýurtlarda, hususan-da Orsýet Federasiýasynyň okuw jaýlarynda bilim alýan türkmen studentleri bir ýyllap taýýarlyk kursunda okamaly bolýarlar.

Bir ýyllap taýýarlyk kursunda okan student zerur bolan ballary toplasa, institutyň ýa-da başga 6 sany ýöriteleşdirilen ÝOJ-yň birinji kursuna (şeýle sapaklaryň geçilýän ýerine) synagsyz kabul edilýär.

Ýokary bilim almak isleýän türkmenistanly oglan-gyzlaryň köpüsi taýýarlyk kursundan geçýär. Şeýle-de, rus dilini gowy bilmeýänler hökman taýýarlyk kursunda okamaly bolýar” diýip, bu ýagdaýy içgin öwrenen habarçy ýazýar.

Onuň tassyklamagyna görä, türkmenistanly studentleriň aglabasy taýýarlyk kursunda okaman, birinji kursa geçip bilmeýär. Dogry, eger ene-atasynyň puly kän bolsa, başga gürrüň diýip, habarçy aýtdy.

Onuň anyklamagyna görä, taýýarlyk kursunda okaýanlara pul geçirmegi tutuş ýurt boýunça 20-nji iýunda bes edipdirler. Bu geljekki studentleriň eýýäm indiki aýdan has uly maliýe kynçylyklaryny çekjekdiklerini, belki-de okuwy taşlap, yzlaryna dolanmaly boljakdyklaryny görkezýär.

Türkmenistanda daşary ýurtlarda okaýan studentlere pul geçirmegiň nobatdaky çäklendirmesi Ahal welaýatynda umumy bahasy 1,7 mlrd dollara durýan täze zawodyň, tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän senagat toplumynyň açylan wagtyna gabat geldi.

Synçylar Türkmenistanyň bilime, ýaşlaryň öz ýurdunda we daşary ýurtlarda döwrebap bilim almagyna ýeterlik maýa ýatyrman, ykdysady manysy şübheli taslamalara milliardlap dollar harçlaýandygyny köp wagt bäri aýdyp gelýärler.

Sintetiki ýangyç öndürmek synanyşyklaryny ýakyndan öwrenen žurnalist Ruslan Tuhbatulliniň tassyklamagyna görä, tebigy gazdan benzin öndürmek ideýasy başga ýurtlarda synagdan geçmedi.

1985-nji ýylda ExxonMobil Täze Zelandiýada metanoldan ýangyç öndürmek boýunça synag zawodyny açdy, ýöne kompaniýa bu önümçiligi 1997-nji ýylda togtatmaly boldy; 1993-nji ýyldaShell Malaýziýada GTL zawodyny gurup, bazara sintetiki ýangyç-ýaglaýjy material çykarmaga synandy, emma bu önümçilik bäsleşige ukyply bolmady; 2012-nji ýylda Günorta Afrikanyň“Sasol” kompaniýasy ABŞ-nyň Luiziana ştatynda sintetiki ýangyç öndürmek üçin 15 mlrd dollarlyk zawodyň gurluşygyna başlady, emma bu taslama 2017-nji ýylda girdejisizlik zerarly ýapylmaly boldy” diýip, R.Tuhabtullin 16-njy ýanwarda çap edilen makalasynda ýazdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Owganystanyň Garkyn etrabynda ýaşaýan etniki türkmenler. Illýustrasiýa suraty

Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sany türkmen-owgan hyzmatdaşlygy we Türkmenistanyň häkimiýetleriniň owgan halkyna, şolaryň hatarynda Owganystanda ýaşaýan etniki türkmenlere berýän wadalaryna we iş ýüzünde amal edilýän işler baradaky söhbetlere gönükdirilýär.

22-nji iýunda Owganystanyň Milli howpsuzlyk meseleleri boýunça geňeşçisi Hamdullah Mohibiň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýeti Türkmenistana iş saparyny amala aşyrdy.

17-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredowyň baştutanlygyndaky türkmen wekiliýeti Owganystanyň Hyrat welaýatyna sapar etdi.

Ondan ozal, 8-nji iýunda Türkmenistanyň parlamenti Owganystan bilen strategiki hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamany tassyklady.

Bu maglumatlaryň fonunda Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sany türkmen häkimiýetleriniň goňşy Owganystan bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde owgan halkyna, şol sanda Owganystanda ýaşaýan etniki türkmenlere berýän ýardam wadalary we olaryň iş ýüzünde amal edilişi baradaky gürrüňlere bagyşlanýar.

Türkmen häkimiýetleriniň goňşy owgan halkyna, şol sanda etniki türkmenlere berýän ýardam wadalary we olaryň ýerine ýetirilişi
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG