Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Aşgabat. Köçedäki çörek bazary

5-nji iýunda Türkmenistanyň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda bugdaý oragy başlandy, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa orak 12-nji iýunda başlanar.

Türkmen telewideniýesi orak dabaralarynyň bu ýyl hem uludan tutulandygyny, ýene daýhanlaryň ýurtdaky oba hojalyk syýasatyndan razydygyny görkezdi. Munuň öň ýanyndan prezident Berdimuhamedow Türkmenistanyň bugdaý eksport edýän ýurda öwrülendigini aýtdy, emma delil getirmedi.

Şu aralykda, regionlarda un ýetmezçiligi, dükanlarda 50 kg un aldym diýen dilhaty ýazdyryp, 25 kg un satylýandygy hakynda maglumatlar gelýär.Azatlyk radiosy bu ýagdaý barada pikirlerini paýlaşmagyny sorap, Wenada ýaşaýan türkmen aktiwisti, ozalky suw gurluşykçysy we Türkmenistanyň Türkiýädäki we Ysraýyldaky ozalky ilçisi Nurmuhammet Hanamow bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk: Siziňçe Türkmenistanda bugdaý, ilaty çörek bilen üpjün etmek meselesinde nähili ilerlemer ýa-da problemalar bar?

Nurmuhammet Hanamow: Türkmen döwletiniň [bu] alyp barýan syýasaty bilen, pagta programmasy bolsun, däne programmasy bolsun, oba hojalygyna şu günki berýän ünsi boýunça hiç bir [gowy] netijä gelip bilmezler. Muny esasy düýpden üýtgetmek gerek, umumy sistemany. Näme üçin diýseňiz, döwletiň özi muny başarmaýar. Bu pudagy hususy ele bermeli. Ýöne hususy ele berip, bu işi başdansowma etmeli däl. Olara suw meselesi boýunça, ýaplary, zeýkeşleri arassalamakda kömek etmeli.

Hökümet bu hili uly, köp harajat we güýç talap edýän işleri öz eline almaly. Döwlet dökün üpjünçiligini hem öz üstüne almaly we hususy kärhanalaryň elini boş saklamaly, [olary daňmaly däl]. Ine, mysal üçin, dünýäde gaty gowy tejribeler bar. Bu meselede özüňden bir zat tapjak bolup, näme etsemkäm diýip oturasy iş ýok. Daş-töweregiňe seredip, kimiň nähili netijeleri gazanýandygyny görüp, şolaryň tejribesini ulanmaly.

Azatlyk: Siz mundan öňki söhbetlerde hem şunuň ýaly pikirleri aýtdyňyz. Eger bu siziň aýdyşyňyz ýaly aňsat bolsa, türkmen hökümeti näme üçin bu maslahaty almaýar, näme üçin Türkmenistanyň oba hojalygynda şol bir ýagdaý saklanyp galýar? Şol bir käýinçler, wezipeden boşatmalar, şol bir tabşyryklar gaýtalanýar we gytçylyk güýçlenýär? Türkmen hökümetiniň daşyndan şeýle aňsat görünýän işi etmezliginiň sebäbi nämede?

N.Hanamow: Meniň pikirimçe, türkmen hökümetiniň, hususan-da prezidentiň gorkusy bar. [Ozalky prezident Saparmyrat] Nyýazow döwründe, men döwlet üpjünçilik edarasynyň başlygy bolup işleýärkäm, bu zatlara onuň özi gözegçilik edýärdi.Şonda hepdede bir gezek baryp, täzelikler, umumy ýagdaýlar boýunça hasabat berýärdim. Şonda ol maňa serişdeleri, resurslary hususy edaralara kän bermezligi tabşyrýardy. [Nyýazow] “Olar baýar, adam baýasa, onda ol hökümete bagly bolman, özbaşdak bolar. Onsoň olary elden gidereris, hemme zat bir elde bolmaly” diýerdi. Onda şeýle pikir, şeýle syýasat bardy.

Azatlyk: Onda, siziň pikiriňizçe,Nyýazowyň şol emelleri, şol syýasaty ýa-da şol pikir-düşünjesi şu günki günde hem dowam edýärmi?

N.Hanamow: Berdimuhamedow başda [häkimiýete gelende] Nyýazowyň ýoluny dowam etdirjekdigini aýtdy, [ol] doly şonuň [ Nyýazowyň] edýän hereketlerini dowam edýär. Bu-da şol halky ýarym aç saklap, öz islän zadyny edip, halk sesini çykaryp bilmez ýaly, diňe bar aladasy, küýi nähili çörek gazanyp bilerkäm, nädip maşgalamy ekläp bilerkäm diýen pikirden başga pikir etmez ýaly etjek bolýar.

Azatlyk: Soňky döwürde, resmi maglumatlara görä,Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalaryna köp ýer berilýär, köp mümkinçilik döredilýär, ýeňillikli kredit, tehnika almaga şert döredilýär. Şeýle-de, ýurtda importy azaldyp, eksportyň ornuny tutýan, daşary ýurtlara eksport edip boljak önümleriň köp öndürilmegi göz öňünde tutulýar. Bu tagallalar oba hojalyk işgärleriniň gowurak gazanç etmegine alyp gelmezmi?

N.Hanamow: Hakykatdanam bu diýilýänler gowy zatlar. Ýöne biz görüp ýörüs ahyryn, 1991-nji ýyldan bäri, 28 ýyl diýeli-dä indi, 28 ýyl bäri şu gürrüňler bar-da, edilýän gürrüňler bilen edilýän hereketler deň gelmeýär. Bu [aýdylýan] sözleriň soňunda durmaýarlar.

Ynha, Berdimuhamedow importy azaltmaly, eksporty köpeltmeli diýýär. Ýöne [onuň] etjek diýýän kömekleriniň soňy ýok.Meselem, oba hojalykçylara, meniň aýdyşym ýaly, suw problemalaryny çözüp berseler, tehnika meselesini çözüp berseler, hususy traktorlar, maşynlar berilse...

Men ýaňy hem dünýä tejribelerini ulanmak barada aýtjak bolýardym.Hytaýy alyp göreli. Hytaýda dünýäniň [ilatynyň] altydan bir bölegi ýaşaýar. Şolar öz-özlerini hem ekleýär, eksport hem edýärler. Özem, görýärsiňizmi, ykdysadyýeti şu günki günde nähili ýokary derejede? Iň bir baý ýurtlaryň biri. Inwestisiýalary, ynha, Türkmenistanda hem gezip ýör, Orsýetde hem gezip ýör, başga döwletlerde hem gezip ýör. Inwestisiýa etmek üçin aslynda öz maliýe ýagdaýyň gowy bolmaly.

Şu sebäpden, meniňçe, Hytaýyň oba hojalyk tejribelerini ulansalar [gowy bolar], olarda ýerler doly hususy kärhanalara berildi. Ýöne olarda şeýle programma bar. Meselem, ynha, ýer seniňki, onuň üçden bir bölegine bugdaý ekýärsiň, üçden bir bölegine pagta ekýärsiň, galan üçden bir bölegi özüňki, näme ekseň, şony ek, nirede satsaň, şonda sat, seniň bugdaýyňy, pagtaňy men [satyn] aljak, gektardan pylança gazanyp tabşyrsaň, şu bahadan, ondan ýokary bolsa, bazar bahasyndan, islän bahaňdan satyp bilýärsiň.

Ine, hususy kärhanalara şolar ýaly ýagdaý döredilse, şonda bugdaýyňam bolar, pagtaňam, diňe pylança tonna [pagta] ýygmaly, pylança tonna galla almaly diýilýän boş sözler boş bolup galar, unuňam bolmaz, bugdaýyňam.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Aşgabat şäheri boýunça bölüminiň edara jaýy. Arhiwden alnan surat.

Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň nobatdaky sany türkmenistanlylaryň täze emigrasiýa tolkunlary baradaky söhbetlere bagyşlanýar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji iýunda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde Döwlet migrasiýa gullugynyň işinde “täzeçil usullaryň” hem-de “dünýä tejribeleriniň” ulanylmalydygyny aýtdy.

Prezidentiň bu çykyşy Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki ynamdar çeşmeleriniň Döwlet statistika komitetinde geçirilen ýapyk barlaglara salgylanyp, soňky 10 ýylyň dowamynda 1.9 milliona golaý adamyň ýurdy terk edendigi barada beren habarynyň yzýanyna gabat geldi.

Eýsem, migrasiýa işinde türkmen prezidentiniň hödürleýän “täzeçil usullary” ilatyň köpçülikleýin daşary ýurda çykmak meýillerine nähili täsir eder? Täzeçil usullar ýurda gelýän syýahatçylaryň berk wiza tabynlygyna täsir edermi? Daşary ýurtlara göçýän türkmenistanlylara nähili synaglar garaşýar?

Täze maglumatlaryň fonunda, Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sany hem türkmenistanlylaryň täze emigrasiýa tolkunlary baradaky gürrüňdeşliklere gönükdirilýär.

  • Pragadan telefon arkaly gepleşigimize gatnaşan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally türkmenistanlylaryň täze emigrasiýa tolkunlarynyň aňyrsynda ýatan mümkin bolan sebäpler hem-de migrasiýa bilen ýurduň ykdysadyýetiniň arasyndaky aragatnaşyk barada gürrüň berdi.
  • Gepleşigimize Russiýadan gatnaşan türkmenistanly migrant Ahmet ýurduň içinde adamlary daşary ýurtlara çykmaga iterýän ýagdaýlar boýunça öz başdan geçirmelerini hem-de migrantlaryň daşary ýurtlardaky, hususan-da Russiýadaky iş mümkinçilikleri barada gürrüň berdi.
Türkmenistanlylaryň täze emigrasiýa tolkunlary (2-nji bölüm)
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:01 0:00

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG