Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Illýustrasiýa suraty

Daşoguz welaýatyndaky edara-kärhanalaryň işgärlerinden, şol sanda mekdep mugallymlaryndan öňümizdäki aýlarda sarp ediljek hojalyk hyzmatlary üçin öňünden pul ýygnalýar.

Bu barada habar berýän Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky habarçylarynyň biriniň tassyklamagyna görä, býujet işgärlerinden ilki geçen aý sarp edilen elektrik energiýasy, suw we gaz üçin tölegleri töländigi baradaky resminamany tabşyrmak talap edilýär.

Şondan soňra-da, edara-kärhanalaryň, şol sanda mekdepleriň ýolbaşçylary olardan öňümizdäki aýda sarp etjek hojalyk hyzmatlary, hususan-da tebigy gaz üçin öňünden pul getirmegi soraýarlar.

“Her bir edarada işgärlerden dürli möçberdäki pul ýygnalýar. Meselem, mekdep mugallymlary 100 manatdan 300 manada çenli tabşyrmaga mejbur bolýarlar. Zähmet dynç alşyndaky mugallymlary çagyrypdyrlar. Kompressor stansiýanyň işgärlerinden bolsa, 600 manat getirmegi talap edipdirler. Edara ýolbaşçylary işgärlere näçe möçberde pul tabşyran bolsa, şoňa görä töleg kwitansiýasyny hem ýazyp berýärler” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde maglumat beren habarçy 1-nji awgustda gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynda bu pul serişdesiniň haýsy mekdepleriň we edara-kärhanalaryň işgärlerinden talap edilýändigi barada doly maglumatyň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Habarçy bu pul serişdesini bermek islemeýän işgärlere wezipesinden boşadyljakdygy barada haýbat atylýandygyny, ýöne “öňümizdäki aýlarda sarp ediljek hojalyk hyzmatlary üçin” diýlip, öňünden ýygnalýan bu töleg görnüşiniň takyk nähili boljakdygy barada hiç zat aýdylmaýandygyny hem belledi.

“Işgärler ýolbaşçylardan ‘öňümizdäki aýda elektrik togy, gaz we suw üçin tölegleri tölemeli bolanymyzda, degişli edaralara şu kwitansiýany görkezsek, ýagny şunça puly öňünden töländigimiziň delili hökmünde şuny görkezsek bolarmy?’ diýip soraýarlar. Ýolbaşçylar entek belli bir zadyň ýokdugyny aýdyp, ‘munuň nähili boljakdygyny öňümizdäki aýlarda görübereris’ diýýärler” diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosy ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar barada Daşoguz welaýat häkimligi hem-de Daşoguz şäheriniň 5-nji, 10-njy, 13-nji we 18-nji mekdepleri, şeýle-de welaýatyň kompressor stansiýasy bilen habarlaşanda, kommentariý alyp bilmedi.

Türkmen hökümeti 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ondan ozal ilata mugt we ýeňillikli bahadan berlen gazy, togy, suwy we beýleki hyzmatlary tölegli etdi.

Şondan soňra Türkmenistanyň edara-kärhanalarynyň işgärlerinden gaz, suw ýa-da elektrik togy üçin tölegleri öz wagtynda töländikleri barada resminamalar we kwitansiýalar talap edilip başlanan bolsa-da, ýurtda býujet işgärlerinden öňümizdäki aýlarda sarp ediljek hojalyk hyzmatlary üçin öňünden pul ýygnalmagy bilen bagly ýagdaý barada ilkinji gezek habar berilýär.

17-nji iýulda Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçysy döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleriniň öz öýlerinde gaz, tok we suw üçin tölegleri töländigi hakynda kwitansiýalary getirmäge borçly edilendigini habar berdi. Habarçynyň sözlerine görä, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary munuň prokuratura tabşyrmak üçin gerekdigini mälim edipdirler.

25-nji iýulda“Türkmen.news” neşiri Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki jemgyýetçilik transportlarynda bildirişleriň asylandygyny we olarda sarp edilen elektrik energiýasynyň tölegini aýma-aý tölemedik ýaşaýjylaryň togunyň kesiljekdigi hem-de işiň kazyýete geçiriljekdigi barada duýdurylýandygyny habar berdi.

Mundan ozal, ýurduň gazetlerinde elektrik energiýasy üçin tölegleri öz wagtynda tölemedik ýaşaýjylaryň togunyň kesiljekdigi baradaky bildirişler hem wagtal-wagtal çap edilipdi.

Türkmenistanda ilata çärýek asyrlap mugt berlen hyzmatlaryň ýatyrylmagy, ýurtda indi iki ýyla golaý wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, şol sanda günübirin ulanylýan azyk önümleriniň gytçylygynyň we gymmatçylygynyň dowam edýän, şeýle-de bankomatlarda nagt puluň köplenç tapdyrmaýan mahalynda amala aşdy.

Aziýanyň ösüş bankynyň 2019-njy ýyl üçin yklymyň ösüş çaklamalary boýunça çap eden soňky hasabatynda türkmen ykdysadyýetiniň kynçylykly şertleri ykrar edilýär. Şeýle-de, hasabatda hökümetiň amala aşyrýan ýeňillik reformalaryny, olaryň sosial täsirini hasaba goşup, durmuşa geçirmegiň zerurdygy bellenilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, döwlet telwideniýesinden alnan pursat, 24-nji iýul, 2019

Türkmenistanyň prezidentiniň uzak wagtlap jemgyýetde görünmezligi we munuň bilen bagly dörän soraglar saklanyp galýar.

Döwlet telewideniýesi prezidentiň dynç alyşa çykandygyny habar berip, ony 15-nji iýulda görkezmeginden soň Gurbanguly Berdimuhamedowy ýene diňe bir gezek, ýagny 24-nji iýulda görkezdi. Bu Türkmenistanyň prezidentiniň aradan çykandygy baradaky tassyklanmadyk maglumatlaryň we olaryň yzýany ret edilmeginiň yzýanyna gabat gelipdi.

Türkmen prezidentiniň şeýle uzak wagtlap telewideniýede we köpçülikde görünmezligi onuň häkimiýet başyndaky 12 ýylynyň dowamynda öň hiç wagtda bolmandy. 2006-njy ýylda öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň ýogalmagyndan soň döwlet başyna geçen Gurbanguly Berdimuhamedow ýyllarboýy ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynyň we milli habar beriş serişdeleriniň berýän habarlarynyň esasy şahsyýeti bolup durýar.

Prezidentiň "ýitirim" bolmagynyň sebäpleri we onuň nirededigi köpleri gyzyklandyrýarka, synçylar we bilermenler türkmen telewideniýesiniň 24-nji iýulda prezidenti köşkde görkezen wideosynyň we onuň alnan wagtynyň soraglydygyny aýdýarlar.

"Nastoýaşeýe Wremýa" proýektiniň digital bölüminiň baş redaktory Tolkun Umaraliýewiň sözlerine görä, Türkmenistanyň döwlet telewideniýesiniň 24-nji iýulda prezidenti köşkde görkezen kadrlary ençeme alamatlar boýunça "Altyn Asyr" telegepleşiginiň 10-njy maýda görkezilen programmasyndaky kadrlara gabat gelýär we şol wideolaryň bir günde alnandygyny çaklamaga esas berýär.

- Bu iki wideoda ol, birinjiden birmeňzeş geýnen we bu Türkmenistanyň prezidenti üçin täsin ýagdaý, sebäbi bilşimiz ýaly ol öz imijine örän uly üns bilen çemeleşýär, meniň özüm we kärdeşlerim onuň şol bir geýimde iki gezek köpçülikde görünmegini hiç wagtda görmändik. Üstesine, şeýle bir göze ilýän geýimde. Ine biz açyk reňkli kostýumy, çal reňkli galstugy görýäris, bu ýatdan galýar. Ony bolsa şeýle görnüşde iki gezek maýda we iýulda görkezýärler. Bu öz-özünden örän täsin. Hem birinji, hem-de ikinji gezek ony ýakyndan görkezýärler. Bu ýerde, galstugyň we köýnegiň epilen ýerleriniň doly birmeňzeşdigi hem geň ýagdaý. Saçy hemişekisi ýaly birmeňzeş, çal. Wedonyň alnan wagty hem göze ilýär. Wideolaryň ikisinde-de, prezident jaýa günüň şol bir wagtynda girýär, kölege w gün birmeňzeş düşýär. Muny nygtap bolmaz, emma olaryň şol bir gün alnan bolmagy we munuň, keminden şu ýylyň maý aýynda bolan bolmagy mümkin.

Tolkun Umaraliýewiň sözlerine görä, döwlet baştutanlarynyň öňünden wideo düşürmek tejribesi beýleki ýurtlarda, şol sanda Orsýetde we Özbegistanda bolupdyr.

15-nji iýulda Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi prezidentiň dynç alyşa çykandygyny habar berip, ony iki gyz agtygy bilen görkezipdi. Ondan ozal prezident 5-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi.

Emma "Türkmenistanyň Hronikasy" neşri prezidentiň geçen ýylky tomus dynç alyşynyň, şu ýyldan tapawutlylykda, nädip geçirýändigini jikme-jik habar berendigini belleýär.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylky dynç alyşy döwlet telewideniýesinde görkezilipdi. ​

Berdimuhamedow 'ajaýyp aýdymy' sowgat taýýarlaýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:53 0:00

Türkmenistanyň prezidentiniň ölendigi barada 21-nji iýulda türkmen sosial mediada soňra käbir rus dilli metbugat serişdelerinde habar berildi. Şol günüň özünde bu habary Türkmenistanyň Moskwadaky hem-de Bişkekdäki ilçihanalarynyň wekilleri inkär etdi.

Habarlaryň online giňişlikde Türkmenistanyň içine aralaşmagy bilen sosial ulgamlarynda türkmen sahnasynyň wekilleriniň birnäçesiniň wideoçykyşlary ýerleşdirildi. 26-njy iýulda Instagramda peýda bolan bu çykyşlarda "prezidentiň ýagdaýy" barada "ýalan habarlara" ynanmazlyga çagyryş edildi.

Mundan soň sosial mediada "adaty raýatlaryň" ýüzlenmeleri çap edilip, olarda Türkmenistanyň prezidentiniň ölümi barada habar beren çeşmeleriň adyna tankyt we nägilelikler öňe sürüldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG