Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan

Şenbe 27 Maý 2017

Kalendar
Ýanwar Fewral Mart Aprel Maý Iýun Iýul Awgust Sentýabr Oktýabr Noýabr Dekabr
Atly ýörişe gatnaşyjylar

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde iýun aýynda geçiriljek çäreler barada habar berildi.

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde ýurtda tomsuň jokrama yssys günleri, iýun aýynda geçiriljek dabaraly çäreler barada habar berildi.

TDH-nyň maglumatyna görä, iýun aýynda Aşgabatda we welaýatlarda Çagalary goramagyň halkara güni, Dokma senagaty işgärleriniň güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni, Ylymlar güni hem-de Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli dürli çäreler guralar.

Şeýle-de bu aýda “Talyp joşguny - 2017” döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçiriler, V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 100 günüň galmagy mynasybetli atly ýörişe gatnaşyjylar bilen duşuşyk, “Aziada dünýä metbugatynda” ady bilen halkara sport media-forumy guralar, Daşoguzda Türkmenistanyň ýygyndysy bilen Bahreýn Patyşalygynyň futbolçylary duşuşar diýip, habarda aýdylýar.

Şeýle-de iýun aýynda “Türkmen dokmasy - 2017”, “Beýik Ýüpek ýoly - dostlugyň we doganlygyň ýoly” atly halkara sergiler, “Söwda we hyzmatlar - 2017” sergi-ýarmarkasy geçiriler; “Ruhubelentler” atly opera oýnunyň ilkinji görkezilişi bolar; paýtagtda we welaýat merkezlerinde “Gahryman Arkadag-halkyň buýsanjy!” şygary astynda giň möçberli dabaralar geçiriler.

Iýunda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýa” atly halkara maslahaty hem planlaşdyrylýar diýip, TDH ýazýar.

Emma resmi habarda bu çäreleriň döwlet býujetine näçä düşýändigi, olaryň näçe adamyň iş, okuw we dynç alyş wagtyny aljakdygy aýdylmaýar.

Berdimuhamedow 15-nji maýda täze medeniýet ministri Gülşat Orazmuhamedowany bu wezipä bellenenine üç aý hem bolmanka işden boşatdy.

Ol häzirki wise-premýer Annageldi Garajaýewiň ornuna bellenipdi. A.Garajaýewden öň ýurtdaky medeni çäreler baradaky hasabaty Maýsa Ýazmuhammedowa, Gülşat Mämmedowa dagy taýýarlaýardy. Emma prezident olaryň 'gazanylan üstünlikleri' beýan edişinden o diýen kanagatlanmady.

TDH-nyň habaryna görä, prezident Berdimuhamedow täze wise-premýeriň çäreler baradaky hasabatyny diňläp, medeniýet ulgamynyň edaralarynda durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny ýene bir gezek nygtapdyr. Emma habarda çäreleri mundan aňryk nähili işjeňleşdirmelidigi anyklaşdyrylmaýar.

Azatlyk radiosynyň çeşmeleri ýurtda uly dabara bilen geçirilýän tutumly köpçülik çäreleriniň, mejbury zähmetiň bir bölegi bolmak bilen, okuwçy ýaşlaryň okuwyna, magaryf, saglyk işgärleriniň işine we ilatyň gündelik durmuşyna ýaramaz täsir ýetirýändigini öňe sürýärler.

Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy, Türkmenistanda korrupsiýa garşy göreş kampaniýasy, ýolagçylaryň kynçylyklary baradaky söhbetlerimizi diňlemäge çagyrýarys.

Günorta Koreýanyň assosiasiýasy Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlaryna gatnaşmaýar

“Aýlyklaryň berilmezligi tomusky dynç alşymyzy bökdeýär”

Ýene-de ýükle

XS
SM
MD
LG