Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeşmeler

Karikatura.

Konsultant

Ýazyjy Hojanepes Meläýew iş sapary bilen Moskwa baranda SSSR Ýazyjylar birleşiginde türkmen edebiýaty boýunça edebi konsultant (maslahatçy) bolup işleýän Atajan Taganyň öýüne gije ýary jaň edip “Atajan, şu gün köçede bir gelin bilen tanyşdym. Ýaňy oň öýüne jaň etdim. “Öýüme gel” diýdi. Nätsemkäm, gitsemmikäm, gitmesemmikän?” diýýär. Atajan:

“Häzir gije sagat on iki. Metro ýene bir sagat işlär. Ýagdaýyňa seret” diýip, telefon trubkasyny goýýar. Aradan bir sagat geçýär. Hojanepes ýene-de Atajana jaň edip, öňki sowalyny gaýtalaýar. Atajan “Häzir sagat ikiden işleýär. Maňa azar berme” diýip, trubkany goýýar. Aradan bir sagat geçýär. Hojanepes Atajana jaň edip öňki sowalyny gaýtalaýar. Gazaba münen Atajan:

-Hojanepes, ynsap et, häzir gije sagat üç. Üçünji gezek ukudan oýarýaň. Berk belle, men ýeňles gelinler boýunça konsultant däl, edebi konsultant -diýip, onuň üstüne heňkiripdir.

Jaý paýlaşygy

1963-nji ýylda Aşgabadyň Gogol köçesiniň ugrunda SSSR Ýazyjylar birleşiginiň serişdesiniň hasabyna türkmen ýazyjylaryna niýetlenip salynan 16 kwartira-kotdež taýýar bolýar (olary 2012-de ýykdylar). Şol döwrüň ýaş şahyry Ýylgaý Durdyýew Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginiň başlygy Beki Seýtäkowyň ýanyna baryp, “Obadaky gelnim bilen ayrylşanyma üç ýyl boldy. Şäherli gyza öýlenjek bolýan. Ol “Ilki jaý edin, soňra saňa bararyn” diýýär. Gaýrat ediň, kotdežleriň birini maňa beriň!” diýýär. Kotdežleri paýlamak bilen bagly gohdan, arz-şikýatdan iýni bez-bez bolan Beki aga:

-Inim, özüň-ä belent ýigitsiň! Öýlenmek hyýalyňdan el çek, näme, azatlykdan, erkinlikden irdiňmi?! Jaý, aýal mydam tapylar, erkinlik tapylmaz -diýip, ony hoşamatlap ýanyndan ugradypdyr.

Otuz ýaş

Bir körzehin ussat şahyr Mämmet Seýide “Döredijilik hupbatly iş. Ýaňy otuz ýaşadym. Ýöne ýüzüme eýýäm ilkinji ýygyrt düşüpdir. Ony şu gün irden gördüm” diýipdir. Ussat:

-Ýaşulular soweti (ähli adama ýüzlenşi), şu gün irden beýniň ilkinji öýjügi işläp başlandyr. Şol öýjük ýigrimi ýaşyňda işlän bolsa, seň ýüzüňe-de, edebiýatyň ýüzüne-de ýygyrt düşmezdi -diýipdir.

Anyk jogap

Bir kelpeň özüne “Salyhatly ýigit” diýdirjek bolup “Pyhy aga, ýaş ýigit bolmak kyn” diýýärler. Şu söz dogrymy?” diýip, goja şahyr Pyhy Tagana sowal beripdir. Pyhy aga:

-Şu sowaly maňa berdiň, sen ýaş ýigit ekeniň. Özüňe beren bolsaň, ýagşy ýigit bolardyň -diýipdir.

Şamçyrag

Bir gezek ýaşuly şahyr Ata Atajanowdan “Ýaşlyk ýanar ot, gojalyk şamçyrag” diýilýäni rastmy?” diýip soradym. Ata Hajyýewiç hezil edip güldi. Soňra-da:

-Inim, ýanar ot bolup ýola çykaweri! Şamçyragdygyma ynam ýokdur, garaňkyda büdrärsiň -diýdi.

Toplan Amanmyrat BUGAÝEW.

Willi Leman, kän wagt ýitirmän, SSSR-iň içalysy bolmaga razylyk bildirdi. Nämäniň, Gitleriň häkimiýetine garşy ýigrenjiniňmi ýa-da maddy bähbitleriň ony şeýle işe iterendigini takyk aýtmak gaty kyn.

Willi Leman
Willi Leman

Gitler gyssagly ýagdaýda gizlin aňtaw polis guramasy bolan Gestapony döredipdir. Willi Lemanyň ýolbaşçylyk edýän garşylyklaýyn içalyçylyk (kontraňtaw) edarasy durşy bilen Gestaponyň garamagyna berlipdir. Şol bir wagtyň özünde-de ol sowet wekilleriniň maslahaty bilen milletparaz partiýa agza bolupdyr.

Tatýana Lioznowanyň meşhur köp bölümli "Baharyň on ýedi pursaty" atly kinofilmine tomaşa etmedik we onuň baş gahrymanyny tanamaýan adama duş gelmek gaty kyn bolsa gerek.

Kinofilmdöki Maks Otto fon Ştirlits (beýleki ady Maksim Maksimowiç Isaýew) SS-iň ştandartenfýureri, milletçi Germaniýada we käbir beýleki ýurtlarda SSSR-iň bähbidine işleýän sowet içalysy.

Ol sowet we postsowet medeniýetinde Günbataryň Jeýms Bondy bilen deňeşdirilip bilinjek derejedäki meşhur içalynyň obrazydyr.

Emma Ştirlitsiň hakyky durmuşdaky nusgalyk içalysyny, ýagny bu obrazyň prototipini tanaýan adamlar gaty az bolsa gerek. Onuň prototipleriniň biri, elbetde, Willi Lemandyr (Willy Lehmann).

Ol 1884-nji ýylyň 15-nji martynda Leýpsigde dünýä inipdir. Lemanyň ene-atasy arassa nemes bolupdyr. Onuň kakasy mugallym ekeni. Olaryň maşgalasy öňdebaryjy maşgalalaryň biri hasaplanypdyr.

Ýöne Willi gimnaziýany taşlap, ýaş başyndan işlemäge we özbaşdak ýaşamaga başlapdyr. Ol agaç ussaçylygy bilen meşgullanypdyr.

17 ýaşyny dolduryp, meýletinlikde harby gulluga gidipdir we harby-deňiz güýçleriniň hataryna goşulypdyr.

Gysga wagtyň içinde harby gullukda köpsanly üstünlikleri gazanmagy başarypdyr. Serkerdelik hem, onuň üstünliklerini we işeňňirligini göz öňünde tutup, gulluga hasam höweslendirmek maksady bilen ony birnäçe gezek sylaglapdyr.

Ol ýaş ýigit harby-deňiz goşunlarynyň hatarynda jemi 10 ýyl gulluk edip, ýönekeý esgerlikden unter-ofiser harby ýolbaşçylyk çinine çenli ösüpdir.

Leman harby gullugy tamamlap, ätiýaçdaky harby gullukçy ýagdaýyna geçenden soň Berliniň polis edarasynda işlemäge başlapdyr.

Willi täze işinde hem gysga wagtyň içinde öz başarjaňlygyny görkezip, edil Şerlok Holms ýaly, çylşyrymly jenaýatlaryň üstüni açyp, uly şöhrat gazanypdyr.

Gitleri halamandyr

Kansler Adolf Gitler Berlin Olimpiýadasynyň açylyş dabarasynda. 1-nji awgust, 1936 ý.
Kansler Adolf Gitler Berlin Olimpiýadasynyň açylyş dabarasynda. 1-nji awgust, 1936 ý.

Köp wagt geçmänkä Birinji jahan urşy turupdyr. Leman ol uruşda 3-nji derejeli polat haç nyşanyna mynasyp bolupdyr. Şeýlelik-de goşun baştutanlygy onuň daşary ýurt içalylarynyň aňtalyp tapylmagynda we tussag edilmeginde görkezen başarnykly hyzmatyna ýokary baha beripdir. Şol döwürde Leman eýýäm garşylyklaýyn içalylyk edarasy, ýagny kontraňtawda işlemäge başlan ekeni.

Uruşdan soň hem Leman kontraňtawdaky işini dowam edipdir. Kän wagt geçmänkä-de Germaniýada Lemanyň halamaýan adamsy bolan Gitleriň tarapdarlary öz täsirlerini has artdyrypdyrlar.

Onuň milletparazlygy halamaýandygyny diňe oňa gaty ýakyn adamlar, şol sanda owalky işdeşi we iň gowy dosty Ernst Kur bilýän ekeni.

Sowet içalylary diňe şol dostunyň üsti bilen Lemanda özlerine gyzyklanma döretmegi başarypdyrlar. Kur, kiçi içaly ýaly, Berlindäki ors içalylary bilen işleşýär ekeni.

Lemanyň iş hyzmatdaşlygyna höweslendirilmegi babatdaky ýörite tabşyrygy, ondan owal ençeme çylşyrymly tabşyryklary birkemsiz berjaý eden we galamynyň ötgürligi bilen tanalýan sowet içalysy Wasiliý Zarubin ýerine ýetiripdir.

A-201

Willi Leman, kän wagt ýitirmän, SSSR-iň peýdasyna içalyçylyk etmäge razylyk bildirýär. Gitleriň häkimiýetine garşy ýigrenjiniňmi ýa-da maddy bähbitleriniň ony şeýle işe iterendigini takyk aýtmak gaty kyn. Çünki Sowet Soýuzy öz içalylaryna gaty gowy pul töleýän ekeni. 1929-njy ýylda Moskwa Lemana A-201 içalylyk belligini we gizlin "Braýtenbaks" (Braytenbax) lakamyny beripdir.

Tihonow Ştirlitsiň rolunda
Tihonow Ştirlitsiň rolunda

Şol wagt Willi Leman nemes kontraňtawynda ýaňy işlemäge başlan ekeni. 1933-nji ýylda hökümet başyna milletçiler geçipdir we ýurt giň gerimli urşa taýýarlanmaga başlapdyr. Gitler gyssagly ýagdaýda gizlin aňtaw polis guramasy bolan Gestapony döredipdir. Willi Lemanyň ýolbaşçylyk edýän garşylyklaýyn içalylyk (kontrrazwedka ýa-da kontraňtaw) edarasy durşy bilen Gestaponyň garamagyna berlipdir. Şol bir wagtyň özünde-de ol sowet wekilleriniň maslahaty bilen milletçi partiýa agza bolupdyr. Köp wagt geçmänka Lemany SS-e kabul edip, onuň çinini beýgeldipdirler.

Sowet howpsuzlyk gullugy hem nemes içalylarynyň alýan töleglerini ýokarlandyrypdyr. Şeýlelikde onuň mundan beýläk berjek maglumaty hem gaty gymmatly bolupdyr. Leman SS-iň aňtaw işleri, geçirýän operasiýalary, gizlin belgileri we bellikleri, kodlary, gizlin ýazmaça maglumatlary ýaly ugurlarda maglumatlar beripdir.

Munyň bilen bir hatarda hem ol Germaniýada iş alyp barýan sowet içalylarynyň köpsanly operasiýalarynyň howpsuzlygyny üpjün edipdir. 1935-nji ýylda Leman Werner fon Braunyň ýadro ýangyçly uzak menzilli raketalar boýunça barlag işlerine girişendigini SSSR-e habar beripdir. Ol şeýlelikde sowet howpsuzlyk gullugyna Germaniýanyň raketa synaglary üçin ulanylýan bäş poligony, aýratyn gizlinlikde goralýan Demerits harby düşelgesi barada gyzyldan gymmatly maglumatlary ýetiripdir.

Gorkunç hem aýylganç hadysalar

Leman 1936-njy ýylda täze wezipä belleinipdir we ol harby senagatda kontraňtaw içalysy ýaly işlemäge başlapdyr. Onuň iberen maglumatlary uruş döwründe sowet harby tehnikasynyň ösüp, kämilleşmeginde gaty ullakan rol oýnapdyr. Mysal üçin, Leman Moskwa Germaniýada çykarylan täze ýarag görnüşleri - sowutly ulaglar we özbaşdak hereket edýän harby enjamlar, durşy bilen ýeňil metaldan ýasalan söweş uçarlary, adamyň aňyna täsir edýän zäherli maddalar ýaly möhüm zatlar hakda maglumat iberipdir. Eger-de şol döwürde SSSR-de başlanan gorkunç hem aýylganç tutda-baslyklar daşary ýurtlardaky içalylara-da öz täsirini ýetirmedik bolsa, onda Leman şeýle gymmatly, örän möhüm gizlin maglumatlary, belki, soňam ibermegini dowam ederdi..

1938-nji ýylda Sowet howpsuzlyk organynyň ýolbaşçysy Beriýa Leman bilen aragatnaşyk saklaýan Zarubin we beýleki içalylary yzyna çagyrypdyr. Aman galanam bolsa, Zarubin alyp barýan işinden daşlaşdyrylypdyr. Howpsuzlyk gullugynyň köpsanly beýleki işgärleriniň käbiri atuwa höküm edilipdir, käbirem tussag edilipdir. Netijede Germaniýadaky sowet içalyçylyk ulgamy dargapdyr we Leman bilen hem aragatnaşyk ünsden düşüpdir. Onuň özi bolsa şol döwürde SS-däki wezipesini dowam etdiripdir. Gitleriň hökümeti oňa aýratyn ähmiýet beripdir (ol özbaşdak gönümel Gestaponyň baştutany Genrih Müllere (Henrix Müller) tabyn edilipdir).

Gitleriň hökümetiniň ýokary ýolbaşçylary Lemana gaty uly ynam bildiripdirler we ol şeýlelikde milletçileriň ähli gizlin işlerinden habarly bolupdyr. Ýöne ol gizlin, aýratyn ähmiýete eýe maglumatlary Moskwa ýetirip bilmändir.

Hatarly töwekgelçilik

Bir gezek Leman öz janyny howp astyna salyp, sowet ilçihanasynyň poçta gutusyna bir hat oklap gaýdypdyr we özi bilen aragatnaşyga girişilmegini haýyş edipdir. Ol hat NKWD-ä iberilipdir we 1940-njy ýylyň awgust aýynda Leman bilen aragatnaşyga girişmek üçin sowet içalysy Aleksandr Korotkow Berline iberilipdir.

Duşuşyk mahalynda Leman Korotkowa bir topar möhüm materiallary beripdir we ol hem şeýle maglumatlar bilen bilelikde Moskwa gaýdypdyr. Ondan soň Leman bilen içaly Boris Žurawlýow aragatnaşyk gurupdyr. Leman yzygiderli ýagdaýda oňa gizlin maglumatlary iberip durupdyr. 1941-nji ýylda ol SSSR-e garşy gurnaljak urşa taýýarlyk, munyň bilen baglanşykly Sowet Soýuzy bilen goňşy ýurtlaryň serhedine goşunlaryň ýerleşdirilmegi babatda möhüm habarlary beripdir. Ýöne Merkez onuň şol maglumatlaryna ynanmandyr we gaýta Leman ikitaraplaýyn içalylyk edýän adam hasaplanypdyr.

Sowet Soýuzyna hüjüm edilmezden üç gün owal Žurawlýow Leman bilen täzeden duşuşypdyr. Leman şonda nemes goşunlarynyň SSSR-e hüjüm etjek wagtyny hem "1941-nji ýylyň 22-nji iýunynda daňdan sagat 3-de" diýip, anyk habar beripdir. Ol şol mahal Berlindäki sowet ilçihanasynyň hem eýelenjekdigini duýdurypdyr. Žurawlýow onuň beren möhüm maglumatlaryny Merkeze gyssagly ýetiripdir. Alnan maglumat dessine Staline gowşurylypdyr. Ýöne ýene-de ol içalynyň beren maglumatyna ynamsyzlyk bilen garapdyrlar we möhüm maglumaty ünsden düşüripdirler.

Lemanyň bar aýdanlarynyň hakykatdygy haçan-da bu aýdylanlar durmuşa geçip başlan mahaly doly subut bolupdyr. Ýöne hakykata göz ýetirmek meselesinde gaty gijä galynypdyr. Uruş başlansoň Leman bilen bolan aragatnaşyk hemişelik kesilipdir.

Pajygaly soň

Şeýle ähmiýetli içaly bilen täzeden aragatnaşygy dikelmeklik üçin edilen synanyşyklaryň hemmesi pajygaly ýagdaýda puja çykypdyr. 1942-nji ýylda Germaniýanyň çäklerinde asly nemes bolan iki sany sowet içalysy R. Bart we W. Hessler paraşýut bilen oklanypdyr. Olara, Berline baryp, hut SS-de işläp ýören Lemany tapmak tabşyrygy berlipdir.

Ýöne olar Germaniýanyň paýtagtyna baran badyna, Gestaponyň kontraňtaw edarasynyň adamlary olary tutupdyrlar. Olar elhenç gynamalardan soň näme üçin gelendiklerini bialaç boýun alypdyrlar we netijede Lemany paş edipdirler.

Willi Lemany ahyrky gezek 1942-nji ýylda, öýünden çykyp, işe gidip barýarka görüpdirler. Şondan soň ol gaýdyp öýüne dolanmandyr. Onsoň Lemanyň hem ady dereksiz ýitenleriň sanawyna girizilipdir. Onuň tussag edilişi, ylaýta-da içalylyk işleri hakda hiç hili habar-hatyr bolmandyr. Şeýlelik-de Lemandan hiç hili yz, nam-nyşan galmandyr...

Haçan-da uruşdan soň sowet içalylary faşistik arhiwleri barlanlarynda, SS-iň gauptşturmfýureri Willi Lemanyň dokumentini tapypdyrlar. Ol dokumentde diňe Lemanyň tussag edilişi we şol döwrüň iň aýylganç tussaghanasy hasaplanýan "Plettsenzee" zyndanyna iberilişi barada maglumatlar ýazylan ekeni.

Çaklamalara görä, Leman ol aýylganç tussaghanada uzak soraga çekilip, dowamly gynalyp ýörmän, meger, SSSR bilen hyzmatdaşlyk eden SS-iň ýokary çinli harby işgäri hakynda artykmaç gürrüň ýaýramazlygy üçin, derrew atuwa höküm edilipdir.

Ýene-de ýükle

XS
SM
MD
LG