Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şazada Uiliýam Ketrin Midlton bilen nikadan geçdi


Londonda Westminster kelisesinde şazada Uiliýam bilen Ketrin Midltonyň nikadan geçiş dabaralary tamamlandy.

Bu dabara çagyrlan 2,000 töweregi myhmanyň arasynda 50-ä golaý döwlet baştutanlary hem bar.

Nika dabarasyny synlamak üçin dünýäniň ähli künjeklerinden 600,000 töweregi adam kelisäniň golaýynda ýygnandy.

28 ýaşly şazada Uiliýam britan tagtynyň mirasdüşeri Çarleziň we merhum şazada Diananyň ogludyr.

29 ýaşyndaky Ketrin Middlton indi Kemridj gersoginiýasy diýlip tanalar.
XS
SM
MD
LG