Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

teswir-duzgunler

Forum düzgünleri

Biz sizden habar almak, öwrenmek isleýäris we biziň platformalarymyzdan peýdalanýan hemmeler bilen bir hatarda, siziň hem websaýtymyzda azat we açyk söhbetdeşlik geçirmegiňizi üpjün etmek isleýäris.

Biz öz içine alyjy we sylaşykly gurşawy döretmek üçin şu aşakdaky düzgünleri kesgitledik, bu ýerde ähli adamlar gelip çykyşyna garamazdan öz tejribelerini we garaýyşlaryny arkaýyn paýlaşyp, manyly söhbetdeşlikleri geçirip bilerler.

Açyk çekişme biz üçin, Azatlyk Radiosynyň žurnalistleri üçin aýratyn ähmiýetli bolup, okyjy teswirleri köplenç habarlarymyzy kämilleşdirmäge we habaryň yzyny yzlamaga, täze maglumatlaryň üstüni açmaga ýardam berýär. Bu söhbetdeşlige goşýan goşandyňyz üçin sag boluň!

Teswir ýazanda nämä üns bermeli

  • Teswir ýazmazdan ozal habary dolulygyna okamagyňyzy, diňlemegiňizi we görmegiňizi haýyş edýäris
  • Habarda aýdylýan adamlar, kommentatorlar we žurnalistler babatda ünsli we sylaşykly bolmagyňyzy haýyş edýäris
  • Biz ýigrenji öjükdiriji sözlere we ynsan mertebesini kemsidiji teswirlere, şeýle-de adamyň dinine, jynsyna, etniki we milli gelip çykyşyna, medeniýetine, jynsy ugruna, gender kimligine, maýyplygyna esaslanýan paýyş sözlere, ýa-da bir topary beýleki bir topara garşy küşgürmegi maksat edinýän göwne degiji sözleriň islendik görnüşine rugsat bermeýäris
  • Biz haýbat atylmagyna we zorluga çagyrylmagyna rugsat bermeýäris
  • Biz mahabata ýa-da täjirçilik işleriniň mahabatlandyrylmagyna rugsat bermeýäris
  • Biz başga biriniň keşbine girilmegine rugsat bermeýäris
  • Özüňiziň we beýlekileriň şahsy maglumatlaryny goramagyňyz üçin, biz sizden teswirlerde salgylaryňyzy, telefon belgileriňizi ýa-da elektron hat salgylaryňyzy paýlaşmazlygyňyzy haýyş edýäris
  • Paýlaşýan maglumatlaryňyzyň jemgyýetçilige açyk paýlaşylýandygyny we teswirleriň dürli ýurtlarda şahsy maglumatlaryň eldegirmesizligi we töhmet babatdaky kanunçylyga degişli bolup biljekdigini nazarda tutmagyňyzy haýyş edýäris
  • Biziň berýän habarymyzda nämedir bir zat aýdyň däl bolsa, muny teswir görnüşinde bize habar bermekden çekinmäň!
  • Bu düzgünleri yzygiderli bozýan teswirçiler hemişelik petiklener

Biz bilen nädip habarlaşmaly

Soraglar we teklipler boýunça yusupovf@rferl.org elektron salgysyna hat ýazyp bilersiňiz. Biz siden gelýän tekliplere çynlakaý çemeleşýäris we bize gelip gowuşýan her bir haty okaýarys.

Bize gelip gowuşýan hatlaryň uly göwrümi sebäpli, gynansak-da, biz ýazylan her bir hata jogap bermegi wada berip bilmeris.

XS
SM
MD
LG