Sepleriň elýeterliligi

Gizlinlik düzgünleri

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiýosy (RFE/RL) internet ulanyjylaryň şahsy gizlinligine we internete gözegçiliksiz girmäge we öz isleglerine görä ulanamaga hak-hukuklarynyň bardygyna ynanýar. Biz diňleýijilerimize internet habaralaryny päsgelçiliksiz ýagdaýda ýetirmek üçin iki görnüşdäki maglumaty özümize alýarys: RFE/RL-de çap bolýan makalalary e-mail arkaly ýetirmek üçin e-mail adreslerini soraýarys, şeýle hem sahypamyzyň ulanylyşy barada umumy statistiki maglumaty ulanýarys.

E-mail Adresler

RFE/RL-yň internet neşirlerine abuna bolmak isleýänler öz islegleri boýunça meýletin ýagdaýda e-mail adreslerini bize ýazýarlar. RFE/RL şeýle maksat üçin ýazylan e-mail adresleri üçünji tarapa hiç hili ýagdaýda mälim etmeýär. Şeýle hem abunalaryň sanawy internet neşirlerini ýaýratmak maksadyndan başga hiç zat üçin ulanylmaýar. Abunaçylar islendik wagt islendik neşirýatlara web sahypamyzda we neşirleriň özünde gorkezilen usulda abuna bolmakdan ýüzöwrüp bilerler. Eger abunaçylykdan ýüzöwurmek islän wagtlary kýnçylyk çýkan ýagdaýynda, biziň işgärimiz bilen neşirlerde görkezilen e-mail adres arkaly ýa-da biziň Internet Bölumimiz (hat@azatradio.org) e-mail adresi arkaly habarlaşyp bilerler.

Statistiki Maglumat

Beýleki websaýtlaryň neşirýatçylarynyň aglabasy bilen bir hatarda ulanyjylar RFE/RL-yň web sahypasyna girenlerindäki maglumatlary RFE/RL özünde jemleýär. Şeýle edilmeginiň maksady bolsa web sahypa girenleriň umumy sanyny, haýsy ýurtlardan girilýändigini, we haýsy sahypalara has kop gyzyklanma görkezilýändigini bilmekdir. Şeýle maglumat toplamak RFE/RL-e siziň, ýagny sahypany ulanyjylaryň, kimdigi barada maglumaty bermeýär, dine belli bir nomerli kompýuteriň RFE/RL-yň web serwerine girendigi barada habar almak bilen çäklenýär. Şeýle maglumatlardan düzülýän raportlary almak üçin saytyň haýsy sahypalaryna girilendigi barada maglumat berýän standart web brauzeryň ‘cookie’ atly häsiýeti ulanylýar. Şol ‘cookie’ atlandyrylýan funkisýa web sahypa her gezek girilen wagtyndaky sessiýada öz-özünden başlanýar we saytdan çykylan wagty öz-özunden bozulýar. Şeýle maglumatlar arkaly düzülen raportlar diňe RFE/RL –yň öz içinde we web sahypanyň işleýişini ulanyjylaryň talaplaryna laýyk işlemsesini üpjün etmek üçin ulanylýar. Sorag we komentariýalaryňyzy (hat@azatradio.org) adresine ýazyň.

XS
SM
MD
LG