Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Türkmenistan boýunça nähili çemeleşmeli?


ABŞ – Döwlet Departamentiniň baş binasy, 2008ý.

ABŞ – Döwlet Departamentiniň baş binasy, 2008ý.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, 22-nji iýunda Waşingtona bardy. Synçylaryň aýtmagyna görä, bu saparyň, Orsyýet bilen Türkmenistanyň arasynda dowam edýän gaz boýunça dartgynlygyň yz ýanyna gabat gelmegi, bu saparyň ähmiýetini has hem artdyrýar.

Aýdylşyna görä, amerikaly ýolbaşçylar bilen geçirjek duşuşyklarynda, Meredow esasan hem türkmen gazyny günbatara akdyrmak barada gürrüň eden bolmaly. Bu ugurda haýsydyr bir ösüş gazanyldymy diýlen soraga, häzirlikçe anyk jogap bermek kyn. Emma käbir amerikaly synçylaryň aýtmagyna görä, Waşingtonyň bu ýurt bilen bagly alyp barýan syýasatyny üýtgetmegine wagt geldi. Bu hili pikiri öňe sürýän synçylardan biri hem, ABŞ-niň daşary syýasaty boýunça milli komitetiniň synçysy, Piter Sinnotdur. Onuň bilen bu barada Azatlyk radiosyndan Muhammad Tahir söhbetdeş boldy.

Azatlyk radiosy: Jenap Sinnot. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Waşingtonda amerikaly ýolbaşçylar bilen geçirýän gepleşikleri we bu saparyň ähmiýeti barada öz pikiriňizi aýdaýsaňyz?

Piter Sinnot: Birleşen Şatlaryň Merkezi Aziýa boýunça daşary syýasatyndaky kynçylyk, munuň gaty çäkli bir pudaga gönükdürilen bolmagydyr. Amerikanyň Türkmenistan bilen aragatnaşygy barada gürrüň etsek, bu diňe energiýa hyzmatdaşlygyny artdyrmak we Aşgabada energiýa eksporty boýunça özbaşdaklyk gazandyrmaga synanşmakdan ybaratdyr. Biz öz maýa goýumlarymyzda bu ýurduň ykdysadyýetiniň diňe gaz we nebit pudagyna üns berip, bar aladamyzy Türkmenistandan daşary ýurtlara gaz akdyrmak meselesine sarp etdik.

Azatlyk radiosy: Onda siz energiýa pudagynyň bu saparyň dowamynda-da gürrüňi ediljek esasy tema bolmagyna garaşýarsyňyz, şeýlemi?

Piter Sinnot: Hawa, men şeýle bolar diýip pikir edýärin. Mundan öň Türkmenistanyň we onuň ilatynyň halkara meselelere has giň möçberde aralaşmagy barada tagallalar edildi, emma bu synanşyklar başa barmandy. Munuň sebäbi hem Türkmenistan garaşsyzlygyna gowuşandan bäri, berk üzňelik syýasatyny alyp bardy. Şonuň üçin men bu gepleşiklerde energiýadan başga, beýleki meselelere-de üns berilmeginiň peýdaly boljakdygyny pikir edýärin.

Mysal hökmünde aýtsam, biz bu ýurt bilen bilim pudagy boýunça aragatnaşygymyzy nähili artdyryp bileris, şeýle-de ABŞ-da okaýan türkmen studentleriniň sanyny nähili artdyryp bolar diýlen meselä köpräk üns berilse, gaty peýdaly bolardy. Şeýle-de türkmen wekili bilen geçirilýän söhbetdeşlikde, men oba hojalyk pudagyna has düýpli üns berilmeginiň tarapdary, men munuň tutuş region üçin, şeýle-de Türkmenistan üçin gaty möhüm bir pudakdygyny pikir edýärin. Türkmenistanyň esasy problemasy diňe energiýä däl, belki suw meselesidir. Bu pudak bilen bagly esasy mesele bolsa, Türkmenistanyň demirgazygyndaky Özbegistandan akýan suwa mätäç bolmaklygydyr. Mälim bolşuna görä, Özbegistaniň özi hem, suw meselesinde Gyrgyzystana we Täjigistana garaşly bolup durýar. Suw serişdesi Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynyň ösmeginde esasy rola eýedir. Şunlukda men bu gepleşiklerde oba hojalyk pudagy, şeýle hem tehnologiýa alyş-çalyşygy meselesine has düýpli ähmiýet berilse, munuň gowy netije berjekdigini pikir edýärin.

Elbetde, men şol bir wagtyň özünde, ýurtda adam hukuklary we syýasy azatlyklar meselesinde-de, ösüşleriň bolmagyna umyt baglaýaryn. Bu ugurda Berdimuhamedow uly wadalar berdi, ýöne henize çenli o diýen ösüş bolmady. Şeýle-de men bu ýurt bilen pikir alyşmagyň jemgyýet derejesinde ýola goyulmagynyň tarapdary, bu şol ýurtda adam hukuklaryna we syýasy azatlyklara sarpa goýulmagyna, hem-de ilatyň hak-hukugynyň goralmagy boýunça kanuny esaslaryň döredilmegine ýardam eder.

Azatlyk radiosy: ABŞ bu işi nähili amala aşyryp biler?

Piter Sinnot: Eýsem Türkmenistan halkara jemgyýetçiliginiň agzasy bolmak isleýärmi? Esasy sorag şu bolup durýar. Şeýle-de üns berilmeli başga bir zat, muny hökümetiň öňünde aýratyn bir talap hökmünde goýman, onuň ýurt üçin nä derejede bähbitli boljakdygy görnüşde orta atylmaly. Bilşiňiz ýaly, bilim pudagy Türkmenbaşynyň döwründe dargadylypdy. Meniň pikirimçe Berdimuhamedow bu ugry gaýtadan dikeltmek isleýär. Bu iş, elbetde wagt hem maýa talap eder. Men şunlukda bilim pudagynyň bu ýurt bilen hakyky aragatnaşygy ýola goýmaga güýçli bir esas bolup biljekdigini çak edýärin.

Şol bir wagtyň özünde-de, biz Türkmenistanyň hem, Özbegistan, Täjigistan we Gyrgyzystan ýaly, oba hojalykly bir ýurtdugyny ýatdan çykarmaly däl. Bu ýurduň akar suwa daýanýan oba hojalyk pudagynyň döwre bap däldigi hem anykdyr. Şunlukda bu pudak hem bu ýurt bilen aragatnaşygy artyrmak üçin uly mümkinçilikler döredip biler. Her nähilem bolsa, oba hojalyk we bilim ýaly pudaklar arkaly bu ýurt bilen hakyky aragatnaşyk ýola goýulsa, beýleki özgerişlikler öz özünden amala aşyp başlar.

Azatlyk radiosy: Jenap Sinnot. Türkmenistan oba hojalygy ya-da bilim ýaly pudaklara maýa goýulmagyna o diýen garşy däl. Emma nähili-de bolsa syýasat ya-da adam hukuklary barada gürrüň edilende, ‘duraweri dostum’ diýýär. Şeýle ýagdaýda adam hukuklarynyň ya-da syýasy reformalaryň hem Amerika üçin möhümdigini aýdyp, bu ugurda Türkmenistany hereket etmäge razy etmek üçin Waşington nähili usuldan peýdalanmaly?

Piter Sinnot: Bu işi amala aşyrmagyň ilkinji usuly, ilki bilen türkmen ýolbaşçylarynyň graždan jemgyýetçiligini ösdürmek üçin nähili maksatlarynyň bardygyny, olardan eşitmekdir. Olar 5 ýa-da 10 ýyl soňra öz halkynyň nähili bolmagyny isleýär? Eýsem olar ýurdy açman, ýaşlaryna daşary ýurtlarda okamaga mümkinçilik bermän, interneti halk arasynda ornaşdyrman, hat-da sputnik antenalardan peýdalanmaga olara ýol bermän öz maksatlaryna ýetip bilermi? Olaryň öňünde bu meseläni şeýle esasda goýmaly.

Sputnik antenalar, hatda Eýranda hem giňden ulanylýar, häzirki döwürde Eýranda bolup duran wakalar hemmämize mälim, halk öz hak-hukuguny talap edýär. Eger Eýranyň, Owganystanyň we Päkistanyň ilaty köpüräk hukuk gazanmagy başarsa, Merkezi Aziýada ýaşaýan ilatyň hem bu ugurda hereket edip başlajakdygyna, şol regionuň ýolbaşçylary göz ýetirýärler.

Esasy mesele halk bu hili herekete baş goşmazdan öň, ýurt baştutanlary bu ugurda nähili ädimler ätmekçi? Bu hakda şol ýolbaşçylaryň planlary we maksatlary bilen tanyş bolmak gaty möhümdir. Eger olaryň bu ugurda göz öňünde tutýan haýsydyr bir maksady bar bolsa, bu maksatlaryna halky gatnaşdyrman ýetip bilmejekdigini olara düşündirmeli.

Azatlyk radiosy: Siz diňe syýasy we adam hukuklary boýunça reformalary birinji orundaky talap hökmünde goýman, oba hojalyk we bilim pudagyna-da ýeterlik üns berilmelidigini aýdýarsyňyz. Bilşiňiz ýaly bu pudaklar tutuşlygyna hökümetiň kontrollygynda saklanýar. Şunlukda bu pudaga maýa goýup, ýurtda gowulyga tarap özgerişlikleriň bolmagyna nähili garaşyp bolar?

Piter Sinnot: Munuň şeýleräk peýdasy bolar...Ilki bilen, Merkezi aziýaly ýolbaşçylaryň sowet soýuzyndaky düzgün ýaly, ýerleri hökümetiň kontrollugynda saklamak syýyasatyny alyp barmaga çemeleşýändigini aýdyp bolar. Olar bu işi, ýeriň halkyň eýyeçiliginde bolmadyk wagtynda, munuň şeýle bolmalydygyny aýdyp amala aşyrýarlar. Bu hili sistemanyň esasy özeni, kimiň nirede, näçe mukdarda we näme ekjekdiginiň hem hökümet tarapyndan kararlaşdyrylmagydyr.

Ýolbaşçylaryň arasynda, bu usul arkaly özleriniň hakykatdan hem ýurda hyzmat edýändigini oýlanýan adamlaryň hem bolmagy mümkin. Emma hakykatda olaryň peýdadan zyýany köp. Elbetde bu önümleri daşary ýurtlara eksport etmek arkaly hökümet gazanç edýär, emma bu usuluň ýurduň oba hojalyk pudagynyň ösmeginde hiç hili goşandy bolanok. Nähili hem bolsa ýeriň we suwuň gadyryny artdyrjak sistema ýola goýlanda, bu ýurtda käbir ösüşleri emele getirer. Emma hökümet ýolbaşçylary şu hili özgerişlikleriň bolmagyndan howatyr edýärler. Olar halka ynanmakdan gorkýarlar we näme ekiljekdigi baradaky karary, bazar ykdysadyýetiniň we halkyň özüniň kabul edip başlamagyndan alada edýärler. Sebäbi bu hili ýagdaý olaryň kontrolluk sistemasyna gabat gelmeýär.

Bu meselä başgaça nukdaý nazardan seretsek, Merkezi Aziýanyň ilaty, gün güzerany üçin umuman oba hojalygyna bil baglaýar. Şol bir wagtyň özünde iş başaraýjak ýaşdaky adamlaryň 20-25 prosent töweregi daşary ýurtlarda zähmet çekýärler. Adamlaryň köp mukdarda ýurduň daşynda bolanlygy, ýolbaşçylara halkyny öz kontrollugynda saklamaga ýagdaý döredýär.

Ýeriň ähmiýeti artan halatynda, bu eýyäm hak-hukuk meselesi barada hem halk arasynda pikirlenmäge şert döredýär. Mälim bolşuna görä, halkyň ykdysady ýagdaýynyň ösmegi, ýer eýeçiligi hem-de syýasy hukuk baradaky aň-düşünje, deň wagtda ösýän zatlardyr.

Şol bir wagtyň özünde, global ykdysady krizis zerärli daşary ýurtlarda işini ýitirip, öz ýurtlaryna dolanýan adamlar, Merkezi aziýaly ýolbaşçylar üçin hem täze problemalary döreder, muňa olaryň göz ýetirýän bolmagy mümkin. Munuň bilen bir hatarda, oba hojalygyna daýanýan ykdysady syýasat hem, häzirki şertlerde öňe gitmeýär. Eger şol liderler, ykdysady taýdan bähbitli bolaýjak bu pudaga ähmiýet berseler we bu ugurdaky problemalary çözmek isleseler, onda olar başgaça pikirleri diňlemäge taýýar bolmaly bolarlar. Eger bu ugurdaky problema çözülmese, onda ýene-de yza gaýdyşlygyň boljakdygy hemmelere mese mälimdir.

Azatlyk radiosy: Amerikaly wekilleriň bu ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen bolan duşuşyklarynda, oba hojalyk pudagyna köpräk üns berip adam hukuklary we syýasy azatlyklar ýaly meseleleriň birinji orunda goýulmaly däldigini aýtjak bolýarsyzyň, şeýlemi?

Piter Sinnot: Eger sen bu hili temalary ilkinji orunda goysaň, onda olar seniň bilen gepleşikler geçirmez. Meniň pikrimçe olara düşündürmeli zat, ýörgünli ykdysadyýet bilen, syýasy ýagdaýlar we adam hukuklarynyň deň derejede hereket edýändigi baradaky meseledir.

Meniň pikrimçe, türkmen wekiliniň Waşingtonda geçirýän gepleşiklerinde, ilkinji orunda goýmak isleýän zady, günbatara energiýa eksport etmek baradaky meseledir. Eger ABŞ gün tertibine ykdysadyýetiň beýleki ugurlaryny, şol sanda syýasy azatlyklar we adam hukuklary baradaky meseleleri hem goşmagy başarsa, bu gaty uly üstünlik bolar. Men munuň gaty aňsatlyk bilen amala aşyryljak işdigini göz öňüne getirip bilemok. Sebäbi, sowet sistemasynyň kölegesinde ulalan we hakyky ses berişlik esasynda saýlanmadyk ýolbaşçylaryň bu pikire çalt düşünmegi gaty kyn. Munuň bir sebäbi bolsa, bu liderleriň günbatara ýeterlik sapar etmänligi bilen baglydyr.

Meniň pikirimçe, bu sapar amerikaly wekiller üçin türkmenleri diňlemäge we olara özlerini diňletmäge mümkinçilik döreder. Türkmenler energiýa meselesi barada pikir alyşmak üçin geldi, emma olar başga zatlary hem diňlemeli bolarlar.
XS
SM
MD
LG