Sepleriň elýeterliligi

Bagdatda azyndan 7 adam heläk boldy


Şu gün paýtagt Bagdatyň günorta-günbatarynda awtobus duralgasynda bomba partlanda 7 adam ölüp, 26-sy ýaralandy. Ölenlerden 5-si polisýa, 2-si bolsa parahat ilatdan. Bomba şu gün irden şaýylaryň Baýa raýonunda partladylypdyr. Ýoluň gyrasynda ýerleşdirilen bomba partlanda 9 sany amerikan esgeri ýaralandy. Düýn şaýylaryň Slum raýonundaky partlamada azyndan 62 adam heläk bolup, 150-si ýaralanypdy.
XS
SM
MD
LG