Sepleriň elýeterliligi

Lukaşenko amerikan ýuristini bagyşlady


Belarus prezidentiniň sözçüsi, Aleksandr Lukaşenkonyň senagat içalyçylygynda ýazgarylan amerikan ýuristi Emanuel Zeltseriň günäsini geçmek baradaky karara gol çekendigini aýtdy. Zeltser düýn giçlik türme hassahanasyndan azat edildi. Bu habar Lukaşenko Birleşen Ştatlaryň kongresiniň delegasiýasyna Minsk bilen Waşingtonyň diplomatiki gatnaşyklary doly dikeltmegine wagt ýetdi diýeninden soň ýaýrady. ABŞ-niň Döwlet deparatamentiniň sözçüsi Ian Kelli bu ädimi Waşingtondan gutlady we belarus hökümeti dostlukly gatnaşyklaryň hözirini görmek üçin has kän iş etmeli diýdi.
XS
SM
MD
LG