Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

RFE/RL-iň prezidenti Jeffri Gedmin bilen söhbetdeşlik


Gedmin:"Hormata eýe bolan islendik döwlet, habarly edilen jemgyýetine daýanýar."
Gedmin:"Hormata eýe bolan islendik döwlet, habarly edilen jemgyýetine daýanýar."

20 döwletde 28 dilde habarlary efire berýän Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy (RFE/RL), 400-den gowrak žurnalisti we 750-ä golaý ştatdan daşary habarçysy bilen dünýäniň iň uly habar operasiýalarynyň biri hasaplanýar. Bu medianyň prinispleri we Türkmenistandaky ýagdaýlar barada Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň prezidenti Jeffri Gedmin bilen Türkmen gullugyndan Myrat Nurgeldi söhbetdeş boldy.

Azatlyk radiosy: Jenap Gedmin, Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy, erkin maglumat çeşmesi hökmünde Türkmenistanyň raýatlaryna ençeme ýyl bäri hyzmat edip gelýär. Nyýazowyň ýolbaşçylygyndaky öňki režimde, Azatlyk radiosy bilen hyzmatdaşlyk edýän žurnalistlere we synçylara agyr basyşlar edildi. Häzirki ýolbaşçylar şol hereketlerden belli bir derejede daşda dursa-da, Azatlyk radiosynyň habarçylarynyň halkara telefon aragatnaşyklary 7 aýdan gowrak wagt bäri ýapyk bolmagynda galýar. Açyk metbugatyň ýurduň döwlet howsuzlygyna we ýurtdaky durnuklylyga zeper ýetirmeýändigine düşünmeklerine, häzirki türkmen häkimiýetlerine näme kömek edip biler?

Jeffri Gedmin: Meniň pikirimçe türkmen hökümeti bilen dialogy dowam etdirmek we bu meselede olaryň hem gatnaşygyny ýola goýmak üçin elimizde baryny etmeli. Şol dialoglar medeni hukuklara we özara hormata esaslanmaly. Şeýle hem erkin maglumat we pikir alyş-çalyşygynyň, ähliumumy adam hukuklaryna degişlidigini ýatlatmaly. Bu Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň ýa-da meniň öňe sürýän pikirim däl. Bu BMG-niň aýdýan zady. Islendik ýurduň raýatlary, şol sanda Türkmenistanyň ýaşaýjylary hem, ellerinde dogry maglumatlar bar bolsa, institutlary, raýat jemgyýetçiligini, adam hukuklaryna hormaty, kanunçylyga baglylygy has akylly-başly ýola goýarlar.

Meniň aýtmak isleýan zadym, hormata eýe bolan islendik döwlet, habarly edilen jemgyýetine daýanýar. Men, türkmen hökümetiniň öz raýatlarynyň habarly edilmegini isleýändigine ynanýaryn. Ine, jogapkärçilik şu ýerde ýatyr. Dowamly dialog - dowamly gatnaşyklar diýmekdir. Şeýle hem biziň belli bir prinsiplere daýanýandygymyzy ýatlatmaly we şol prinsipleri olar biz bilen paýlaşmaly. Sebäbi şol prinispler ähliumumy we BMG tarapyndan ykrar edildi.

Azatlyk radiosy: Soňky aýlaryň dowamynda, Türkmenistanyň günbatarly ýurtlar bilen, şol sanda ABŞ bilen gatnaşyklary berkitmäge ýykgyn edýändigini görýäris. Ýakynda, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bolan sapary, Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça pozisiýana nähili hem bolsa gowy täsir eder diýen umytlary döretdi. Şu ýagdaýda biz bu ýurtda nähili üýteşikliklere garaşmaly?

Jeffri Gedmin: Muny çak etmek örän kyn. Meniň pikirimçe bu türkmen häkimiýetlerine we ýurduň raýatlaryna, we belli bir derejede Ýewropa Birleşigine we Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bagly. Meniň umyt edýän zadym, köprüler ýola goýlup, gepleşikler çuňlaşdyryldygyça günbatarly döwletler we şol sanda meniň hökümetim bolan ABŞ, energiýa, howpsuzlyk, söwda gatnaşyklary boýunça hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini dowamly aýan eder. Emma şol gepleşikleriň esasyny düzýän zat adam hukuklary bolmaly.

Adam hukuklarynyň ýerini energiýa dolduryp bilmez, howpsuzlyk meselesi adam hukuklaryny gözden salyp bilmez. Bularyň hemmesi birlikde bir temanyň mazmunyny düzýär. Eger türkmen resmileri açyk we diňlemäge höwesli bolsa, günbatarly döwletler şol prinisplere bagly bolup galsa we muny öz atlaryndan açyk we dogumly aýtsa, biz käbir özgerişleri görüp bileris. Men munuň gijäniň yaryndan soň amala aşyrylmagyna we aňsatlyk bilen bolmagyna garaşmaýaryn. Ýöne käbir öňe gidişlikleri görmegimiz mümkin.

Azatlyk radiosy: Käbir ekspertleriň aýtmagyna görä, Günbatar döwletleri Türkmenistan bilen gatnaşyklarynda adam hukuklary meselesini esasy orunda goýmakdan daşda durýarlar. Emma kabir synçylar, ilki bilen umumy gatnaşyklaryň ýola goýulmalydygyny aýdyp, adam hukularynyň ilki başda öňe sürülmegi Türkmenistanyň Günbatardan ýüzüni öwürmegine eltip biler diýip belleýärlar. Şu döwürde günbatarly döwletler öz gatnaşyklarynda şu meseleler boýunça deňagramlylygy nähili saklap bilerler?

Jeffri Gedmin: Bu ýerde “deňagramlylyk” sözüni ulandyňyz we meniň pikirmçe bu dogry söz. Awtoritar döwletler adam hukuklary boýunça gepleşikleri halamaýarlar. Pinoçetiň Çilisinde-de, Markonuň Filippininde-de, öňki awtoritar Sowet döwletlerinde-de bu halanmaýardy. Olar ýurdy ylalaşyk bilen dolandyrmadylar, syýasy pluralizmi halamaýardylar. Demokratiki döwletler muny halaýar we awtoritar döwletler halanok.

RFE/RL-iň prezidenti Jeffri Gedmin bilen ABŞ-niň Döwlet sekretary Hillari Klinton, Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynda, Aprel 2009.
Aýdyşym ýaly, biz türkmen hökümetine gatnaşyklary ýola goýmak isleýändigimizi hem-de energiýa, howpsuzlyk, söwda gatnaşyklary boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýändigimizi aýtmaly. Emma diňe bu ugurlar däl, aýratyn möhüm meseleler diňe bular däl. Türkmenistanda käbir resmileriň, “Ýok, biz adam hukuklary boýunça gepleşikleri islämizok, biziň energiýa barada gürrüň edesimiz gelýär” diýmekleri tebigy zat. Biziň diýmeli zadymyz “ Ýok, bu makul däl.” Bu nämäni aňladýar? Bu ýollaryň agyrdygyny, bu meseläniň kyn boljakdygyny aňladýar. Hytaý we rus häkimiýetleri türkmen ýolbaşçylaryna, “Geliň biz bilen işleşiň. Biz energiýa barada gürrüň ederis, adam hukuklary bilen gyzyklanamyzok” diýmekleri mümkin. Emma munuň makul däldigini aýtmak biziň borjumyz.

Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýynyň gowulanmagy uzak wagta çekjek proses. Biz bu barada açyk bolmaly. Emma bu ABŞ-niň daşary syýasatynyň hem möhüm ugry bolmaly. Bu mesele, Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň prinsipleriniň merkezinde durýar. Bu dogry maglumatlara esaslanýan, senzura edilmeýän jurnalistika. Emma bu diňe bir tebigy ýagdaý hem däl. Biz bu ýurduň hökümetinde bolan ýa-da bolmaýan käbir adamlar bilen raýdaşlyk isleýäris. Belläp geçen zatlarym bilen ylalaşýan türkmenistanly kärdeşlerimiz we dostlarymyz bilen raýdaşlyk isleýäris. Ýagny bular, pluralizm, sabyrlylyk we dürli pikirlilige hormat.

Azatlyk radiosy: Geçen hepde, Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugy, özüniň internet habar saýtyny ýola goýdy. Bu saýta, ýerli we halkara habarlary türkmen dilinde berýän ilkinji saýt hökmünde baha berýärler. Siz bu saýtyň Türkmenistanyň raýatlary, esasan hem türkmen ýaşlary üçin peýdalaryny we oňaýly taraplaryny nähili düşündirersiňiz?

Jeffri Gedmin: Meniň pikirimçe bu örän möhüm waka we sizi şol saýtyň ýola goýulmagy bilen gutlaýaryn. Men entek Türkmenistanda bolup görmedim, emma ol ýere barmakçy. Bu ýurduň ýaşaýjylarynyň arasynda, esasan hem ýaşlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy, dialogy, moral raýdaşlygy isleýänleriň bardygyna şübhelenmeýärin. Olar gürrüňdeşlik isleýärler, olar diskusiýalary isleýärler. Olar öz sesleri üçin ýer isleýärler. Olar ýurduň içindäki we daşyndaky adamlar bilen gatnaşykalary ýola goýup bilerler. Men muňa hiç-hili şübhelenmeýärin. Men Türkmenistan barada kärdeşlerimizden köp zat öwrendim.

Bu internet sahypasy bolsa, aragatnaşyk guralydyr. Bir mahallar diňe telefon bardy, indi internet hem bar. Meniň pikirmçe adamlar munuň gymmatlyklaryna hormat goýarlar we bu web sahypasy mundan beýläk hem özgerer. Men indiki bäş ýylyň içinde has köp diňleýjileriňiziň we okyjylaryňyzyň boljakdygyna ynanýaryn. Tehnologiýanyň bu görnüşi bolsa, bu ugurda örän möhüm orny eýeleýär.
XS
SM
MD
LG