Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

G-8 klimatyň özgermegi boýunça ylalaşdy


Britaniýanyň premýer-ministri Gorden Braun klimatyň özgermegi bilen bagly mesele boýunça gelnen ylalaşygy «taryhy ylalaşyk» diýip häsiýetlendirdi.
Britaniýanyň premýer-ministri Gorden Braun klimatyň özgermegi bilen bagly mesele boýunça gelnen ylalaşygy «taryhy ylalaşyk» diýip häsiýetlendirdi.

Hepdäniň çarşenbe güni G-8 toparynyň liderleriniň öz arasynda geçirilen deslapky maslahatda taraplar klimatyň özgermeginiň öňüni almak boýunça görülmeli çäreler barada käbir ylalaşyklara geldiler.

Britaniýanyň premýer-ministri Gorden Braun klimatyň özgermegi bilen bagly mesele boýunça gelnen ylalaşygy «taryhy ylalaşyk» diýip häsiýetlendirdi.

‘Goýberilýän kömürturşy 80% azaldylmaly’

Hususan-da, bu ylalaşykda G-8 toparyna girýän döwletleriň liderleri şu 21-nji asyryň ortasyna çenli atmosfera goýberilýän kömürturşy gazynyň möçberini 80 prosent azaltmaklygy öz döwletleriniň öňünde maksat edip goýdular. Şeýle hem olaryň bu ylalaşygynda Ýer planetasyndaky global atmosferanyň temperaturasynyň 2 gradusdan ýokarlanmagyna ýol berilmeli däldigi hem nygtalýar.

Ýöne bu baradaky ylalaşyk diňe G-8 toparyna girýän döwletleriň, hususan-da, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Britaniýanyň, Kanadanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň we Orsýetiň gol çeken ylalaşygy bolmagynda galýar. Hut şoňa gorä-de, Britaniýanyň premýer-ministri Gorden Braun indi ykdysady taýdan ösüş ýolundaky beýleki ýurtlary-da bu ylalaşyga gol çekmäge yrmaklygyň esasy wezipelerden biri bolup durýandygyny aýtdy.

«Munuň özi G-8-e girýän ýurtlar tarapyndan uzak möhletleýin borçnamalaryň işlenilip düzülmegi hökmünde alamatlandy. Men hepdäniň dördünji güni beýleki ýurtlaryň wekilleri bilen duşuşanymyzda bu meselä ýene-de bir gezek üns berler diýip umyt edýärin. Munuň özi örän möhüm öňe gidişlik. Ol bu ugurdaky ilkinji gezek ädilen işdir» - diýip, Gorden Braun belledi.

Höwesek däl ýurtlar

Amerikan prezidenti Barak Obamanyň ýolbaşçylygynda geçirilýäk şu günki maslahata «Esasy ykdysady döwletleriň forumy» diýlip atlandyrylýan toparyň agzalary gatnaşarlar. Bu topara girýän 17 döwlet tutuş atmosfera goýberilýän kömürturşy gazynyň 80 prosentini döredýän ýurtlar hasaplanylýar. Bu ýurtlaryň toparynda bolsa Hytaý, Braziliýa we Hindistan ýaly örän uly ýurtlar hem bar. Ýöne sammitiň öz işine başlamazyndan öň bu ýurtlardan aglabasy G-8 topary tarapyndan öňe sürlen klimat baradaky ylalaşyga gol çekmäge şeýle bir höwesek däldiklerini görkezdiler.

Hepdäniň çarşenbe güni Hindistanyň ýörite wekili Şýam Şaran bu ugurdaky planlary kabul etmezden öň garyp ýurtlaryň özlerine baý ýurtlar tarapyndan pul görkezilmegine garaşýandyklaryny aýtdy. Hususan-da ol: «Bu meselede bize nähili goldawyň beriljekdigi barada hiç hili aýdyňlyk bolmazdan, Hindistandan ýa-da islendik bir beýleki ösüp gelýän ýurtlardan ylalaşyga gol çekmeklerini soramaklyk asla ýerlikli zat däl» - diýip, belledi.

9-njy iýulda Italiýada açylan sammitiň gün tertibinde klimatyň özgermegi bilen baglanyşykly meselelerden daşary, möhüm ykdysady meseleler hem bolar. Sammitiň çäklerinde G-8 toparyna girýän döwletleriň liderleri Hindistanyň, Hytaýyň, Braziliýanyň, Meksikanyň we Günorta Afrikanyň hökümet ýolbaşçylary bilen duşuşyklar hem geçirerler.

Amerikan dollary barada

Ara alnyp maslahatlaşyljak ykdysady meseleler amerikan dollarynyň roly baradaky meseläni hem öz içine almagy mümkin diýlip çaklanylýar. Hytaý, Hindistan, Braziliýa we Orsýet ýaly ýurtlar amerikan dollarynyň dünýä derejsinde ätiýaçlyk walýutasy hökmünde ulanylmagynyň mundan beýläk dowam etdirilmelimi ýa etdirilmeli däldigi baradaky meseläni sorag astynda goýýarlar. Bu mesele häzirki wagt halkara maliýe bazarlarynda örän ynjyk mesele bolup durýar.

Bu wakalaryň fonunda hepdäniň çarşenbe güni Halkara walýuta fondy dünýä ykdysadyýetiniň global maliýe krizisinden aýňalmaklyga tarap ýola düşendigini mälim etdi. Walýuta fondunyň bu baradaky beýanatynda krizisden aýňalmak prosesiniň heniz gowşakdygy, ýagny onuň ýakyn wagtlarda 1.4 prosent töweregi ösuşi görkezip, geljek ýylda onuň 2.5 prosent töweregi boljakdygy aýdylýar.

Habar agentlikleriniň maglumatlary esasynda taýýarlanan
XS
SM
MD
LG