Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝDÖB-niň delegasiýasy Türkmenistanda saparda boldy


Täze hökümetiň häkimiýet başyna geçmegi bilen Ýewropada Dikeldiş we Ösuş Banky Türkmenistana gaýtadan üns berip başlady.
Täze hökümetiň häkimiýet başyna geçmegi bilen Ýewropada Dikeldiş we Ösuş Banky Türkmenistana gaýtadan üns berip başlady.

Geçen hepdäniň aýagynda, Ýewropada Dikeldiş we Ösuş Bankynyň ýokary derejeli ýolbaşçylary Türkmenistanda boldular.

Bu saparynyň dowamynda ol delegasiýa diňe hökümet wekilleri bilen däl-de, eýsem ýurtdaky kiçi göwrümde iş alyp barýan telekeçiler bilen hem duşuşdy.

Ady agzalýan bankyň TAM-BAS atly programmasynyň ýolbaşçysy Hanym Şarlot Salford bu delegasiýa ýolbaşçylyk etdi. Ol bu saparynyň dowamynda ady agzalýan programmanyň Aşgabatda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasyna hem gatnaşypdyr.

Hanym Salford Aşgabatda mahaly, Azatlyk radiosynyň Türkmen gullugyndan Muhammad Tahir onuň bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Azatlyk radiosy: Hanym Selford, ilki bilen Ýewropada Dikeldiş we Ösüş Bankynyň Türkmenistanda alyp barýan işleri barada gysgaça maglumat beräýseňiz?

Şarlot Salford: Siziň hem bilşiňiz ýaly, men bu bankyň TAM-BAS atly programmasynyň ýolbaşçysy. Bu kiçi biznes pudagy boýunça ýolbaşçylyk meselesinde türgenleşik işlerini alyp barýan hem-de bu ugurda maslahatlar berýän edaradyr. Biz Türkmenistanda bu programmanyň tanyşdyrylyş dabarasyna hem gatnaşdyk.

Bu programanyň çäginde biz Türkmenistanda alty sany şirket bilen işleşip gelýäris. Olar kagyz öndürýän, gurluşuk bilen meşgullanýan we tekstil ýaly dürli ugurlar boýunça iş alyp barýan şirketlerdir.

Bu programmalarymyzyň TAM atly bölegi ýolbaşçylyk we biznes pudagynda maslahat bermek ýaly işler bilen meşgullanýar. Bu çäreler umuman ýerli hem-de hususy kompaniýalara gönükdirilendir. Munuň maksady iş merkezlerini döretmäge telekeçilere ýardam bermekdir.

Bu programanyň BAS atly bölegi bolsa, ýerli kadrlara bazar yktysadyýetini döretmek meselesinde türgenleşik bermegi maksat edinýär.

Azatlyk radiosy: Türkmenistanda bu ugur bilen gyzyklanmagyňyza näme sebäp boldy?

Şarlot Salford: Biz bu programa boýunça köpden bäri 21 ýurtda iş alyp barýarys. Bu baradaky aladamyz mundan 20 ýyl ozal başlanypdy. Türkmenistanda bu mesele boýunça işe başlamagymyzyň sebäbi, bu ugurdaky talaplaryň ösmegidir.

Bu ýurtda, kiçi biznes bilen meşgullanýan adamlaryň kompaniýasyny dolandyrmak meselesinde, ýolbaşçylyk ukybynda, iş mümkinçiliklerini döretmek we bu ýurtda bazar yktysadyýetini ýola goýmak ugrunda ýörite türgenleşige we ýardama zeruryýetiň bardygyna göz ýetirdik.

Azatlyk radiosy: Şol ugurlar boýunça, siz täze usullary hödürläniňizde we täze pikirler bilen çykyş edeniňizde, olar siziň teklipleriňizi nähili kabul edýärler?

Şarlot Salford: Bu barada bize gaty gowy rekasiýa görkezdiler. Soňky bir näçe günüň dowamynda geçiren duşuşyklarymyzda ýerli telekeçiler we kiçi derejede iş alyp barýan kompaniýalaryň ýolbaşçylary bizi gaty gowy garşy aldylar. Olar öz işlerinde üstünlikli bolmak üçin bu hili tejribeler bilen örän içgin gyzyklanýarlar. Şeýle hem kadrlary türgenleşdirmek meselesinde hem işleşmäge olardan käbirleri razyçylyk bildirdiler. Şunlukda biz bu ýurtda öz edaramyzyň wekilhanasyny açmak isleýäris.

Azatlyk radiosy: TAM-BAS programmasynyň bu ýurtda bölümini açjakdygyňyzy aýtdyňyz. Munuň alyp barýan işleri hakda dolurak maglumat beräýseňiz?

Şarlot Salford: TAM atly programmamyzyň maksady kiçi göwrümde iş alyp barýan kompaniýalaryň ýolbaşçylaryna, biznes strukturasyny düzmekde, biznesi üstünlikli amala aşyrmakda we gazanç etmegiňi usullary hakda türgenlenşik bermekdir.

BAS atly programmamyzyň maksady bolsa, ýerli kompaniýalar bilen iş alyp barar ýaly ýerli kadrlary we ekspertleri türgenleşdirmekden we olaryň iş ukyplaryny giňeltmekden ybaratdyr.

Şeýle kadrlar, biznes strategiýasyny düzmek, reklama işlerini amala aşyrmak, dürli edaralardan maliýe ýardamyny almak we şuňa meňzeş meselelerde ýerli kompaniýalara kömek ederler. Bu iki programmanyň arasyndaky tapawut şulardan ybarat.

Azatlyk radiosy: Siz häzirki döwürde Türkmenistanda bu programmalaryňyzyň diňe TAM bölegi boýunça iş alyp barýarsyňyz, şeýlemi?

Şarlot Salford: Biz şu hepde Aşgabatda geçiren türgenleşigimiz arkaly BAS programmamyzy hem bu ýurtda başladyk. Bu aladamyzyň çäginde bu ýurtda gaty ukyply adamlara duş geldik. Olar bu ýurtda kiçi biznes meselesinde maslahat berýän gullugyň döredilmeginde esas bolup bilerler.

Bu ugurda häzirki döwürde ýetmezçilik edýän zat, maliýe serişdesidir. Yagny, bu işi amala aşyrmak üçin bize her ýyl 500 müň ýewro maliýe serişdesine zeruryýetimiz bar. Şeýle bolan ýagdaýynda, bu edaramyzda dört adam işlär we 50 proýekt boýunça iş alyp bararys.

Şunlukda bu ýurtda kiçi we orta göwrümli kompaniýalar bilen iş alyp barmak üçin ýüzlerçe kadr ýetişdireris.

Azatlyk radiosy: Kiçiräk biznesi bolan ýönekeý türkmenistanly telekeçä, siziň bu proýektleriňiziň berjek peýdasy nämelerden ybarat?

Şarlot Salford: Biz olara öz programmalarymyzyň sanawany goşarys. Býudžeti we biznes strukturasyny düzmäge ýardam ederis. Bu meselede 50 ýyldan köpräk iş tejribesine eýe bolan we olarda ýetmezçilik edýän ukyplar boýunça şol telekeçilere türgenleşik bereris.

Biz täze proýektleri işläp düzmekde, haysydyr bir kompaniýanyň strukturasyny ýola goýmakda, olaryň önümlerini eksport etmekde, aýtjak bolýan zadym, bir kompaniýa gerek bolan islendik meselede biz olara ýardam bereris. Sebäbi bu, kompanyalary ösdürmäge ýardam bermek üçin döredilen programmadyr.

Azatlyk radiosy: Türkmenistanda mundan beýläk amala aşyrjak işleriňiz barada maglumat beräýseňiz?

Şarlot Salford: Biz häzirki döwürde bu ýurtda 6 proýekt boýunça ýerli kompaniýalar bilen iş alyp barýarys we olara ýardam berýäris. Biz Aşgabatda BAS programmamyzyň ofisini açanymyzdan soň, ýurduň dürli regionlarynda hem işe başlarys.

Biziň telekeçilik bilen meşgullanýan zenanlar boýunça programmamyz hem bar. Şeýle hem öz biznesini gurmak isleýän ýaşlara gönükdirilen proýektimiz bar. Bu ugurda olara plan düzmäge ýardam bereris. Türkmenistanda geljek ýyllaryň dowamynda amala aşyrjak işlerimiz şulardan ybaratdyr.
XS
SM
MD
LG