Sepleriň elýeterliligi

Hytaýyň altyn-walýuta rezerwleri 2 trillion dollar derejesinden aşdy


Hytaýyň rezerwleriniň 70%-niň dollardadygy çak edilýär.

Hytaýyň rezerwleriniň 70%-niň dollardadygy çak edilýär.

Hytaýyň altyn-walýuta rezerwleri eýýäm 2 trillion dollar derejesinden aşdy. Ýurduň aktiw söwda balansynyň 2006-njy ýydan bäri iki esse ýokarlanmagy muňa sebäp boldy.

Soňky aýlarda ýurduň söwda balansynyň derejesi çäklenen hem bolsa, diňe 3 aýyň dowamynda görkezijileriň çak edilşinden has ýokary bolup, çak bilen 180 milliarda ýetenligini görmek mümkin.

Bu ýagdaýy Londonda ýerleşýän ykdysady meseleler boýunça Capital Economics merkeziniň Hytaý boýunça ykdysadyýetçisi Mark Uilliams şeýle düşündirýär: “2007-2008-nji ýyllaryň dowamynda dogrudanam Hytaýyň altyn-walýuta rezerwleri köpeldi, emma bu ösüş geçen ýylyň aýagynda çürt-kesik togtapdy. Muňa iki zat sebäp boldy. Olaryň biri aktiw söwda balansynyň peselmegine, ikinjisi bolsa adamlaryň öz pullaryny Hytaýdan çekip başlamagyna bagly bolupdy. Emma şu günki görkezijiler maýa goýumlaryň Hytaýa dolanyp başlandygyny görkezdi. Bu bolsa Hytaýyň ykdysadyýetiniň tiz dikelýänliginiň alamaty.”

Hytaýyň altyn-walýuta rezerwleriniň 2 trillion dollar derejesinden aşmagy maýa goýujylaryň ýurda dolanyp başlamagyna we eksportyň importdan has artykmaçlygyna bagly bolmagy mümkin.

Şeýle çaklamalaryň hakykata nä derejede gabat gelýänligini Hytaýyň ýylyň ikinji çärýeginde umumy içerki önümçilik derejesi boýunça 16-njy iýulda çap ediljek sanlar görkezer.

“Bloomberg” agentligine görä, ykdysadyýetçiler 8 % töweregindäki ösüşe garaşýarlar. Hytaýyň şol rezerwler babatdaky planlary hem gyzyklanma döredýän meseleleriň biri bolup durýar. Onuň aglaba böleginiň ýagny 70%-niň dollardadygy çak edilýär. Bu bolsa Hytaýyň Waşingtonyň iň iri kreditorydygyny aňladýar.

Şu ýylyň maý aýynda preziden Barak Obama ABŞ-niň “Hytaýdan karz almak arkaly saklanyp bilmejekdigini”, şeýle-de esasy alyjylaryň ABŞ-niň bergilerini satyn almakdan belli bir derejede “ýadamagynyň” ähtimaldygyny aýdypdy.

Obamanyň hökümeti uzakmöhletleýin geljekde barha artýan defisiti gözegçilik astynda saklamak borjuny öz üstüne alypdy. Emma häzirki wagtda amerikan hökümeti gitdigiçe artýan bergilerini satmak arkaly, 1 trillion dollarlyk býudžet defisitine getiren çökgünlige garşy göreşini maliýe taýdan üpjün etmäge çalyşýar.

Soňky aýlarda Hytaý resmileri özleriniň ägirt uly maýa goýumlarynyň howpsuzlygyna aladalanýandyklaryny mälim etdiler.

Mark Uilliamsyň sözlerine görä, muňa garamazdan Hytaý ABŞ-däki daşarky bergilerini satyn almagyny dowam etdirýär we bu bolsa ABŞ üçin belli bir derejede gowy habar bolup durýar.
XS
SM
MD
LG