Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde tanymal aktiwist öldürildi


Orsýetli hukuk goraýjy gurama, tanymal aktiwistiňi alnyp gaçylyp, soňra öldürilmeginde Çeçenistanyň prezidentininiň rolunyň bardygyny aýtdy.

Çeçenistanda howpsuzlyk güýçleriniň kanun bozmalaryny dokumentleşdirmek bilen meşgullanýan Nataliýa Estermirowa, çarşenbe güni paýtagt Groznydan alnyp gaçylypdyr.

Hukuk goraýjy gurama, memoriýalyň işgäri bolan Nataliýanyň jesedi soňra Inguştystanda tapylypdyr. Memorialyň ýolbaşçysy Oleg Orlow bu wakada Çeçenistanyň prezidenti Ramazan Kadyrowy aýyplady.

Memorialyň web sahypasynda çap edilen beýanatda, Orlow Kadyrowyň Nataliýa mundan öň hem haýbat atanlygyny we ony öziniň şahsy duşmany diýip hasap edýändigi aýdylýar.

Kadyrow bu wakanyň jogapkärleriniň jezalandyrylajakdygyny mälim etdi. Mundan öň Kreml tarapyndan ýayradylan beýanatda bolsa prezident Medwedewiň bu mesele boýunça lapynyň keç bolanlygy we bu barada derňewleriň geçirilmegine buýruk berendigi nygtaldy.

Ýewropa Birleşigine ýolbaşçylyk edýän Şwesiýanyň Daşary işler ministri Karl Bilt bu wakany ýazgardy. ABŞ bolsa, bu ölümden gaty gamgyn bolanlygyny mälim etdi.

Estermirowa 2006-njy ýylda Maskowadaky öýünde öldürilen žurnalist we hukuk goraýjy aktiwist Anna Politkowskaýanyň ýakyn dosty eken.
XS
SM
MD
LG