Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG we Aşgabat Araly maslahatlaşýar


Şu gün Aşgabatda ýerleşýan Birleşen Milletler Guramasynyň öňüni alyş diplomatiýa merkezinde Aral deňziniň problemalaryna bagyşlanyp tegelek stol söhbetdeşligi geçirlýär.

Bu çäre “Regional hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen Araly halas etmek boýunça halkara fonduny gurnaýjy ýurtlaryň liderleriniň sammitiniň netijeleri boýunça geçirilýar”, diýip Trend news habar gullugy BMG-niň ýaýradan metbugat beýanatyna salgylanyp habar berýar.

Bu maslahata, Araly halas etmek boýunça halkara fonduny gurnaýjy ýurtlaryň liderlerinden başga, agzalan fonduň ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçylary, BMG-niň regional bölümleriniň ýokary derejeli wekilleri, hem-de regional we halkara guramalaryň wekilleri gatnaşypdyr.
XS
SM
MD
LG