Sepleriň elýeterliligi

Hawiýer Solana şu gün Yslamabada barýar


Ýewropa Birleşiginiň daşary syýasat boýunça baş wekili Hawiýer Solana, şu gün Yslamabada barýar. Ol prezident Zardari bilen gepleşikler geçirer.

Hawiýer Solananyň edarasynyň maglumatyna görä, ol 2 günlik saparynda howpsuzlyk we kanunyň dabaralanmagy üçin Pakistanyň edyän aladalaryny Ýewropa Birleleşiginiň berk goldaýandygyny aýdar.

Geçen aý Ýewropa Birleşigi hökümetiň Talyplara garşy söweşi netijesinde Pakistandaky ýüz müňlerçe öýsüz-öwzarsyz galan ilata kömegi söz berdi.

Ýewropa Birleşigi ekstremizmiň öňüni almaga yardam bermegi wada berdi. Şonuň ýalyda, gurama Pakistan bilen söwdany ösdürmegiň ýollaryny öwrenmegi söz berdi.
XS
SM
MD
LG