Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda giňeldilen hökümet maslahaty geçirildi


Düýn Aşgabatda Türkmenistanyň döwlet «Saglyk» programmasynyň kabul edilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanylyp, giňeldilen hökümet maslahaty geçirildi.

Maslahata hökümet agzalary we Mejlisiň deputatlary bilen birlikde pudaklaýyn edaralaryň, ýokary okuw jaýlarynyň, umumymilli «Galkynyş» hereketiniň düzümine girýän guramalaryň, köpçülikleýin habar serişdeleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem ylym we medisina edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylaryň hatarynda käbir daşary ýurtly alymlardyr lukmanlar hem boldy.

Hökümet maslahatynda eden çykyşynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow garaşsyzlyk ýyllarynda ýurduň medisina pudagynda uly üstünlikleriň gazanylandygyny belledi. Mundan daşary ol bu maslahatda mundan beýläk her ýylyň 21-nji iýulyny Türkmenistanyň saglygy saklaýyş we medişina senagaty işgärleriniň güni hökmünde bellenilip geçilmelidigi barada ýörite karara hem gol çekdi.

Döwlet lideri bu hökümet maslahatynda Aşgabatda göz kesellerini bejerýän merkezi we trawmatologiýa merkezini gurmak ýaly birnäçe kararlara-da gol çekdi.

Soňra ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Saparlyýew çykyş edip, prezident Berdimuhamedowy onuň täze çapdan çykan «Türkmenistanyň derman otlary» diýen kitaby bilen gutlap, döwlet liderine kitabyň täze çapdan çykan nusgasyny gowşurdy.

Maslahatda çykyş eden türkmenistanly resmiler bilen birlikde daşary ýurtly myhmanlar hem prezident Berdimuhamedowyň saglygy saklaýyş ugrundaky syýasatyny goldap, öwgüli sözleri aýtdylar.

Moskwanyň döwlet medisina-stomatologiýa uniwersitetiniň prorektory Ýuriý Wasýuk bolsa bu uniwersitetiň Alymlar Geňeşiniň adyndan prezident Berdimuhamedowa uniwersitetiň hormatly professory diýen adyň berilýändigini yglan etdi. Bular barada Türkmen Döwlet Habarlar gullugy öz maglumatynda ýazýar.
XS
SM
MD
LG