Sepleriň elýeterliligi

Pakistan talybançy ruhanyny tussag etdi


Pakistanyň Swat jülgesindäki parahatçylyk ylalaşygyna araçylyk eden radikal ruhany Peşawar şäherinde tussag edildi.

Hökümet resmileri Sufi Mohammediň anyklaşdyrylmadyk aýyplamalar esasynda tutulandygyyn, emma täsirli ruhanynyň pozisiýasynyň terrorizme we zorluga itergi berendigini aýtdylar.

Ol ruhanynyň fewral' aýynda geçiren parahatçylyk gepleşikleri Talybanyň jülgäni öz kontroluna geçirmegine getiripdi. Bu ylalaşyk talyban söweşijileri goňşy etraplara girenden soň bozuldy.
XS
SM
MD
LG