Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Orta Gündogar wekili Müsüre geldi


Birleşen Ştatlaryň Orta Gündogar boýunça wekili Jorj Mitçel Müsüriň prezidenti Hosni Mübärek bilen parahatçylyk prosessi barada gepleşmek üçin Kaire geldi. Mitçel Damaskda Siriýany Orta Gündogarda durnukly parahatçylygy ornaşdyrmaga synanmakda doly hyzmatdaşlyga çagyrdy.

Amerikan wekili Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad bilen gepleşiklerden soň Siriýa bilen Ysraýylyň arasynda parahatçylyk gepleşiklerini gaýtadan başlamak golaý möhletli maksat boldy diýdi.

Mitçel biraz soň Tel Awiwde Ysraýylyň Goranmak ministri Ýehud Barak bilen duşuşdy.

XS
SM
MD
LG