Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl-Palestin meselesindäki öňegidişlik


Birleşen Ştatlaryň Orta Gündogar wekili Jorj Mitçel Ysraýylyň premýer ministri Benýamin Netenýahu bilen Ysraýyl-Palsetin konflikti barada geçiren gepleşiklerinde “gowy öňgidişlik” gazanylandgyny aýtdy.

Bu duşuşyk Ysraýylyň Palestinanyň basylyp alnan ýerlerinde gurýan obalary baradaky meseläni üns merkezine alypdy. Birleşen Ştatlar basylyp alnan ýerledäki gurluşyklaryň togtadylmagyny talap edýärdi. Emma Netenýahu bu talaba gulak asmaýardy. Bu ýagdaý iki ýaran ýurduň arasynda dartgynlyk döretdi.

Şeýle-de Mitçel özüniň bu sebite dört günlük saparynyň dowamynda Siriýa, Müsüre, Iordan derýasynyň Günbatar kenaryna bardy.
XS
SM
MD
LG