Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hamenei prezident Ahmedinejadyň 2-nji prezidentlik möhletini gollady


Eýranyň ruhany lideri Ayatolla Ali Hamenei prezident Ahmedinejadyň 2-nji 4 ýyllyk prezidentlik möhletine girişmegini resmi taýdan gollap çykyş etdi.

Prezident Ahmedinejadyň inagurasiýa dabarasy hepdäniň çarşenbe güni 5-nji awgustda geçirilmeli diýlip planlaşdyrylýar.

12-nji iýunda Eýranda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda, resmi maglumatlara görä, prezident Ahmedinejad ýeňiş gazandy. Emma oppozisiýa saýlawlarda galplyga ýol berilendigini aýdyp, ýurtda giň göwrümli demonstrasiýalary geçirdi. Şol demonstrasiýalarda ýüze çykan bidüzgünçiliklerde azyndan 30 adamyň heläk bolandygy habar berilýär.

2000-e golaý adam tussag edilip, geçen dynç alyş günleri olardan 110-syna garşy sud prosessi geçirildi. Konserwatorlar, reformaçylary mahmal rewolusiýasyny amala aşyryp, hökümeti dollandyrýan režimi dargatmaga synanyşanlykda aýypladylar.

Şu gün, Eýranyň öňki prezidentleri, reformaçylardan bolan Akbar Haşemi Rafsanjani hem Muhammad Hatamy Tähranda bolup geçen dabara gatnaşmadylar.

XS
SM
MD
LG