Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bileleşik yglan edilýär emma ara açylýar


Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimow (çepde) we Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew.
Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimow (çepde) we Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew.

Kollektiwleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmakdaky şowsuzlyk Merkezi Aziýany daşarky oýunçylara garşy güýçden gaçyrdy.

Merkezi Aziýanyň bäş döwleti özleriniň regional bileleşik boýunça tagalla edýändiklerini görkezmäge synanyşýarlar. Emma şol bir wagtyň özünde olaryň her biri öz ýolundan ýöremäge ýykgyn edýär. Bu bolsa, olaryň geljeginiň bilelelikde kesgitlenmegine päsgelçilik döredýär.

Merkezi Aziýa döwletleriniň umumy Sowet miraslary geçmişe siňip barýar. Daşarky oýunçylar bolsa, olaryň bäşisiniň bir ýere jemlenmek ugrundaky tagallalaryň şowsuzlyk bilen tamamlanýandygyna göz ýetirdiler.

Londonda ýerleşýän Uruş we Parahatçylyk Maglumatlary institutynyň Merkezi Aziýa programmasynyň ýerine ýetiriji direktory Jon Makloud Merkezi Aziýa
Her döwlet karar kabul etmeli bolanda diňe öz bähbidini göz öňünde tutdy.
döwletleriniň garaşsyzlyga eýe bolanlaryndan soňky 18 ýylyň içindäki özara gatnaşyklarynyň şowsuzlygyny olaryň yglan eden syýasatlary bilen baglanyşdyrýar.

Makloudyň aýtmagyna görä, şol täze döwletler tizlik bilen milli syýasatlaryny yglan etdiler. “Şol syýasatlar biri-birinden tapawutlydy. Güýçli awtoritar liderler bolan öňki kommunistler bu ýurtlara ýolbaşçylyk edip gelýärler. Olar milletçi häsiýetli syýasaty ýöredýärler.”

Regional raýdaşlygy uzak wagtdan bäri kyn ýagdaýda goýup gelýän regional päsgelçilikleri Makloud bir mysal bilen düşündirýär. Onuň bellemegine görä, her döwlet karar kabul etmeli bolanda, regional bähbitleri däl-de, eýse diňe öz bähbidini göz öňünde tutdy. “Munuň iň gowy mysaly bolsa, Merkezi Aziýanyň iň uly iki derýasynyň suwlarynyň bölünişigi boýunça düşünişmezlikler hem-de nebit, gaz we kömür ýaly baýlyklaryň paýlaşylmagyndaky kynçylyklardyr.”

Howpsuzlyk boýunça ‘ýok hyzmatdaşlyk’

10 ýyl mundan öň Özbegistanyň Yslamçy Hereketi ady bilen ýerli terrorçylyk topary dörände, olar Gyrgyzystandaky, Täjigistandaky we Özbegistandaky durnuklylygy howp astynda goýdular. Emma umumy howp ýüze çykyp başlanda, oňa garşy bilelikde hereket etmegiň ýerine bu üç döwlet birek-biregi günäkärläp başladylar.

Täjik-özbek serhediniň kartasy.
1990-njy ýyllaryň ahyryna talyplar Merkezi Aziýanyň serhetlerine aralaşyp başlanlarynda-da, şuňa meňzeş ýagdaý döredi.

Bitaraplyk statusy BMG tarapyndan ykrar edilen Türkmenistan öz paýtagty Aşgabatda ‘talyplaryň’ diplomatik missiýasynyň açylmagyna rugsat berdi. Özbegistan öz serhetlerine gözegçiligi güýçlendirdi we regional hüşgärlik jaňyny kakdy. Emma bu netijesiz boldy.

Tajigistan özüçe seresap ýoly saýlap aldy, ýagny owgan bosgunlaryny kabul etmekden, olary ýurda goýbermekden saklandy we talyplar meselesinde aladasyny gizlemedi.

Merkezi Aziýa döwletleriniň özara dostlugy wada bermeklerine garamazdan, olar köplenç döwletara gatnaşyklarynyň sowuklygy bilen tanalyp geldiler. Munuň bilen birlikde bu ýurtlaryň Türkmenistandan galanlary Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň agzasy bolup durýarlar.

Makloudyň aýtmagyna görä, Merkezi Aziýaly hökümetler özbaşdak hereket etmäge örän ýykgyn edýärler. “Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan başga ol ýerde hiç hili regional bileleşik ýok. Möhüm ugurlar boýunça ädim ätmeli bolanlarynda, her döwlet diňe öz bähbidine görä we özbaşyna hereket edýär.”

Her kimiň dilini tapmaly

2009-njy ýylyň başynda, ABŞ-nyň Merkezi Komandowaniýesiniň generaly Deýwid Petreus Merkezi Aziýa aýlandy we bäş döwletiň arasynda regional hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça gepleşikler geçirdi. Emma Petreusyň hem belläp geçişi ýaly, koalisiýa güýçleriniň Ýewropadan Owganystana tarap tranzit ýollaryny goldamaklary boýunça Waşington Merkezi Aziýa döwletleriniň her biri bilen iki taraplaýyn formatda ylalaşyk gazanmaga ýykgyn etdi.

Ýewropa Bileleşigi hem Merkezi Aziýa ýurtlaryny biri-birine ýakynlaşdyrmak üçin şuňa meňzeş strategiýany işläp taýýarlady. Emma şol döwletleriň ýokary derejeli resmileri bilen birnäçe gezek geçirilen duşuşyklara garamazdan, ÝB hem bu region babatda umumy syýasaty ýola goýmakda kynçylyk çekdi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.
Russiýa Federasiýasy hem Merkezi Aziýa döwletleriniň bäşisiniň özüniň howpsuzlyk saýawanynyň aşagyna girmegini isleýär. Emma Türkmenistanyň Moskwanyň baştutanlygyndaky Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasyna goşulmazlyk islegini Russiýa wagtyň geçmegi bilen kabul etdi.

Türkmenistan BMG tarapyndan ykrar edilen bitaraplyk döwlet statusyny 1995-nji ýylda öňki prezident Saparmyrat Nyýazow döwründe aldy we bu statusy regional bileleşikleriň döredilmegi boýunça synanşyklardan daşda durmak üçin ulandy. Ýurduň häzirki prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow Merkezi Aziýa döwletleri bilen özara gatnaşyklary ösdürdi, emma soňabaka has giň regional hyzmatdaşlyk boýunça çagyryş etmekden saklandy.

Elbetde, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilelikde hereket etmekleri netijesinde döräp biljek potensial bähbitler hem bar. Muňa mysal edip, 2008-nji ýylda Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň birleşip, Moskwadan öz tebigy gaz eksportlary üçin has ýokary baha talap etmeklerini görkezip bolar.

Regional bileleşik ýola goýlan ýagdaýynda bu regionda Russiýanyň täsiriniň azaljakdygyna ynanylýar.
XS
SM
MD
LG