Sepleriň elýeterliligi

Karzai ilkinji tapgyrda saýlawlary gazanyp bilmez


Amala aşyrlan täze bir pikir soralşygyň netijesine görä, Owganystanda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynda ýurduň häzirki ýolbaşçysy Hamid Karzai beýleki kandidatlardan köpräk ses gazanar.

Birleşen Ştatlaryň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilen we düýbi Waşingtonda ýerleşýän Glevum Associates atly gurama tarapyndan geçirilen bu pikir soralşygyň netijesine görä, Karzai saylawlaryň ilkinji tapgyrynda berilen sesleriň 45 prosenti töweregini gazanar.

Owganystanyň esasy kanunyna görä, eger saylawlaryň ilkinji tapgyrynda kandidatlardan hiç biri berilen sesleriň 50 prosentinden gowragyny gazanmagy başarmasa, onda şol ses berişlikde iň köp ses alan iki kandidatyň gatnaşmagynda saylawlaryň ikinji tapgyry geçirilmeli.
XS
SM
MD
LG