Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kosowada jenayatçy diýlip şübhe edilen adam tussag edildi


Kosowanyň howpsuzlyk güýçleriniň aýtmagyna görä olar 1998-nji we 1999- njy ýyllarda Kosowada bolan uruşda etniki Albanlary öldürenlikde şübhe edilýän bir Serp asylly adamy tussag edipdirler.

Kosowanyň polisýa departamentiniň metbugat wekili Arber Bekanyň aýtmagyna görä, 33 ýaşyndaky bu şübheli, Ýewropa Bileleşiginiň prokurorlary bilen guramaçylykly ýagdayda amala aşyrlan çärede sişenbe güni ela salnypdyr.

Şol adamyň Prizren etrapynyň töwereginde uruş jenaýatyna gatnaşanlygy güman edilýär. 1990-njy ýyllaryň aýagynda Serbiýanyň harby güýçleri Kosowa çozanda 10 müň töweregi seperatist Albanlaryň ölenligi çak edilýär.

Şol waka bilen bagly dereksiz ýitirim bolan 1 900 töweregi adamdan heniz hem habar ýok.
XS
SM
MD
LG