Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günä geçiş guramasy Eýrany sudlara synçylary goýbermäge çagyrýar


Halkara günä geçiş guramasy Eýrany saýlaw protestçileriniň suduna halkara synçylaryny goýbermäge çagyrdy.

Hukuk guramasynyň baş sekretary Irene Han Tähranda geçirilýän sud diňlenişikleri häkimiýetleriň köpçülikleýin protestleriň kanunylygyny gowşatmaga synanyşygy ýaly bolup göründi diýdi.

Eýranda iýunda bolan prezident saýlawlaryndan soň proteste çykan adamlar öz sesleriniň ogurlanandygyny aýdypdylar.

Halkara günä geçiş guramasy tussag edilen protestçileriň käbiriniň türmede gynanlandygy barada saldamly subutnamalar bar diýdi.
XS
SM
MD
LG