Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen-Eýran ýolbaşçylary energiýa hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy


Türkmen Döwlet Habarlar gullugynyň çap eden maglumatyna görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad düýn telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Habarlardan mälim bolşuna görä, Berdimuhamedow Ahmedinejady ýurduň baştutanlygyna gaýtadan saylanmagy bilen gutlap, bu iki ýurduň dostlukly aragatnaşygynyň mundan beýläk hem dowam etjekdigine ynam bildirdi.

Şol gepleşikleriň dowamynda aýratynam bu iki ýurduň arasynda bileleşip amala aşyrylýan uly proýektleriň ähmiýeti barada hem durlup geçildi.

Prezident Berdimuhamedow şeýle proýektler barada gürrüň etmek bilen Türkmenistandan Eýrana gaz akdyrjak Döwletabad-Sarahs-Hangyran proýektiniň gurluşuguny muňa mysal hökmünde görkezdi.

Şol bir wagtyň özünde türkmen prezidenti bu gurluşuk bilen bagly dekabaryň ortalarynda geçirilmegi planlaşdyrylýan dabara Ahmedinejady gatnaşmaga çagyrypdyr. Eýran ýolbaşçysynyň bu çakylygy kabul edendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG